Kebelekler Jülgesi

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1813430
Kebelekler Jülgesi

Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän Kebelekler jülgesinde 80-den gowrak kebelek görnüşiň ýaşaýandygyny bilýäňizmi?

Kebelekler jülgesi Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabynda, Ölideňiz etrapçasynyň çaginde ýerleşýän tebigy hazyna. 350 metre çenli baryp ýetýän dik gaýalyklar we deňiz bilen gurşalan jülge, hamala diýersiňiz dünýäden üzňeleşen ýaly… Gury ýerden aragatnaşygyň bolmazlygy we döwlet tarapyndan goraghana yglan edilmegi hem jülgäniň tebigy özbolyşlygyny gorap saklamagyny üpjün edipdir.

Ekologik hapalanmanyň ýaramaz täsirlerinden goralan zolak, bu özbolyşlygy bilen hamala diýersiňiz tebigy seýilgähi ýada salýar. Kebelekler jülgesiniň ady, ol ýerde ýaşaýan 80-den gowrak kebelek görnüşinden we esasanda Gaplaň  kebeleginden gelip çykýar. Gaplaň kebelekleri dünýäniň dürli sebitlerinde-de ýaşaýandygyna garamazdan diňe Kebelekler jülgesinde koloniýalar görnüşinde uçýarlar. Jülgäniň özüne mahsus geografik gurluşy, tebigaty öwreniji alymlaryň barlaglarynyň esasy temalaryndan biri. Jülge hem ýerli hem-de halkara daşky gurşawy öwreniji guramalaryň ünsüni çekýär.

Tebigy syýahatçylygyň Türkiýedäki we dünýädäki esasy merkezlerinden biri bolan Kebelekler jülgesinde tebigy durmuşy gorap saklamak we ony goldaýyjy taslamalary iş ýüzüne geçirmek üçin döredilen desga ýerleşýär. Şol desga syýahatçylara çadyr we agaç öýlerde düşlemäge şert döredýär. Jülgede ekologik ekerançylyk bilen meşgullanýan desgada şol bir wagtda-da arallaýyş, deňiziň goralmagy we sap energiýa ugurlary boýunça hem taslamalar durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 1-nji marty bilen 1-nji noýabrynyň aralygynda hyzmata açyk bolan desgadan habarsyz jülgeden düşlemek mümkin bolmaýar.


Etiketkalar: #goraghana , #jülge , #kebelek

Degişli Habarlar