Hüseýin Ýylmaz

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1798448
Hüseýin Ýylmaz

Öýjükli telefonlar bilen başlan ve övrülşik häsýetli sesli görkezme tehnologiýasyny türk alymynyn oýlap tapandygyny bilýäňizmi?

1926-njy ýylda Deňizli velaýatynyň obalaryndan birinde, garyp maşgalada dünýä inen Hüseýin Ýylmaz, çagalyk ýyllarynda ene-atasyny ýitirýär ve 12 ýaşyna çenli mekdebe barmarýar. Çopançylyk edýärkä oňa gabat gelen mugallymlar onuň mekdebe barmagyna şert döredýärler. Liseýde gazanan üstünligi ve zehini bilen Stambul Tehniki universitetiniň elektrik bölümine çagyrylýar ve ýokary bilimi şol ýerde alýar. Onuň üstünligi ve ylmy barlaglaryny goldaýan mugallymlarynyň tagallasy bilen ABŞ-da dünýäniň iň govy ýokary bilim ojaklaryndan biri bolan MİT-den çakylyk alýar. Ol ýerde professorlyk derejesine çenli ýeten Hüseýin Ýylmaz, Albert Aýnştaýnyň “funksiýa teoriýasynda” käbir kemçilikleriň bardygyny kesgitläp, meşhur alyma gat ugradýar. Emma Aýnştaýn hat özüne govuşmanka dünýeden ötýär. Ýylmaz şol ýalňyşlygy meşhur ylmy žurnallardan birinde neşir edýär ve Aýnştaýnyň teoriýasyna garşy “Ýylmaz massa çekiş teoriýasy” edebiýata goşulýar.

Professor Ýylmaz ýolbaşçy vezipeden işlän tehnologiýa firmasynda ses bilen gönükdirýän kompýuter dizaýn edip, ylym taryhyna geçýär. Şol işi häzirki dövürde öýjükli telefonlarda ulanylýan sesli görkezme ulgamynyň başlangyjydyr.

2013-nji ýylda dünýeden öten Professor Hüseýin Ýylmaz, ylymda emçeme üstünlik gazanyp, fizika ylmyna uly goşantlar goşupdyr.



Degişli Habarlar