Parahatçylyk Seýilgähi

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1773778
Parahatçylyk Seýilgähi

Atatürkiň aramgähi “Anytkabirde” 24 ýurtdan ugradylan nahallardan emele gelýän “Parahatçylyk seýilgähiniň” bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K.Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabir, 750,000 inedördül metrlik meýdana eýe we şol meýdanyň 630,000 inedördül metrlik bölegi “Parahatçylyk seýilgähinden” ybarat.

Anytkabiriň gurluşygy dowam edýärkä ýeriň süýşmeginiň öňüni, almak we daşynda ýaşyl zolak emele getirmek maksdy bilen 1946-njy ýylda agaçlandyryş işlerine başlanýar.

Atatürkiň “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” pähiminden ugur alyp, dürli daşary ýurtlardan we Türkiýäniň käbir sebitlerinden geljek nahallar bilen “Halkara Parahatçylyk Seýilgähiniň” gurulmagy meýilleşdirilýär. “Ýurtda parahatçylygyň” tymsaly hökmünde Stambulda, Ankarada, Eskişehirde we Samsunda ýetişdirilen onlarça müň nahal getirilýär. “Dünýäde parahatçylygyň” tymsaly hökmünde bolsa 24 ýurda çagyryş edilýär. ABŞ-dan, Germaniýanyň, Awstriýadan, Belgiýadan, Hytaýdan, Daniýadan, Finlandiýadan, Fransiýadan, Hindistandan, Yrakdan, Britaniýadan, Ispaniýadan, Ysraýyldan, Şwesiýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Owganystandan, Kanadadan, Kiprden, Müsürden, Norwegiýadan, Portugaliýadan, Ýugoslawiýadan we Gresiýadan dürli görnüşdäki agaçlar we nahallar getirilýär.

Şu günki günde Anytkabiriň daşyny gurşaýan “Parahatçylyk seýilgähinde” 104 görnüşli 50 müňe barabar bezeg agajy we bezeg ösümlikleri ösýär.

 



Degişli Habarlar