Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Azerbaýjana Sapary

Ýewraziýa Syn

1755717
Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Azerbaýjana Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Eýranyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýany kabul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklarň ösdürilmäge dowam edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Abdullahiýan Garabagyň halas edilmegi mybasybetli azerbaýjan halkyny gutlady. Abdullahiýan soň bolsa azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Ministrler özara duşuşandan soň metbugat ýygnagyny guradylar. Metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasynda dowam etdirilýän türkmen tebigy gazynyň Eýranyň üstaşyr Azerbaýjana akdyrylmagy, Hudaferin we Gyz Galasy gidroelektrik beketleriniň gurluşyklary, Astaraçaý köprüsiniň gurluşygy, Eýran-Azerýjan-Russiýa ulag geçelgesi, NEftçalada guruljak bilelikdäki awtoulag zawody we beýleki taslamalar hakynda maglumat berildi. Ministrler 3+3 Sebitleýin platforma berýän goldawaryny ýene-de bir gezek beýan etdiler. Abdullahiýan Garabagyň gaýtadan dikeldilmeginde Eýranyň firmalarynyň orun almaga taýardygyny, ýurdunyň iň ýakyn dostunyň Azerbaýjandygyny beýan etdi. Eýranyň Daşary işler mimistri sebitleýin meseleleriň sebit ýurtlary tarapyndan çözülmelidigini, şol çäkde Azerbaýjan, Eýran, Russiýa we Türkiýe dörttaraplaýyn hyzmatdaşlygyny goldajakdyklaryny beýan etdi. Abdullahiýan Bakuwda Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlygy Sahibe Gafarowa we Wise-premýer Şahin Mustafaýew bilen hem duşuşdy. Azerbaýjanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mustafaýew mundan ozal Eýranda iş saparynda bolupdy.

2021-nji ýylda Azerbaýjan-Eýran gatnaşyklary durnuksyz dowam etdi. Ýylyň başynda Eýranyň ozalky daşary işler ministri Jawat Zarif 3+3 Sebitleýin platformada adybir ýurtlara sapar gurapdy. Soň ulaglar we howpsuzlyk pudaklaryndaky Azerbaýjanyň başlangyçlaryna oňyn garamaýan resmi Tähran resmi Bakuwa abaý-syýasat edipdi. Şol sebäpli güýz aýlarynda özara gatnaşyklary dartdynlaşdy. Azerbaýjan bilen gatnaşyklary bozulan halatynda Günorta Kawkazda pozisiýasynyň ejizlejekdigine göz ýetiren Eýran, ýaňadandan diplomatik başlangyçlara üns bermäge başlady. Eýranyň Daşary işler ministri Azerbaýjana barmazdan ozal Russiýanyň, Ermenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçirilen sammitinde duşuşyp, käbir bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi boýunça ylalaşypdy. Mysal üçin türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana akdyrylmagy hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekişilip, işe girişildi. Dekabr aýynda SOKAR-yň dolandyrylar geňeşiniň wekiliýeti Tährana baryp, Eýranyň Nebit ministri Jawat Oji bilen duşuşdy.

Günorta Kawkazdaky güýç balansynyň Garabag söweşinden soň özgerendigine Eýran hem gowy göz ýetirýär. Eýran Zengezur ulag geçelgesi açylandan soň Ermenistan bilen arabaglanşygynyň kesilip biljekdigini, Gündogar-Günbatar geçelgesinde öz pozisiýasyny ýitirip biljekdigini pikir edýär. Şol sebäpli eýranly resmileri Gara deňizi Pars aýlagyna birikdirjek täze geçelgäni açmagy Ermenistana we Gruziýa teklip edýärler.

Sebitleýin meseleleriň sebit ýurtlary tarapyndan çözülmelidigini yzgiderli häsýetde beýan edýän Eýran, Türkiýäniň Günorta Kawkazdaky pozisiýasynyň güýçlenmeginden biynjalyk bolmaly däl. Kawkazda parahatçylyk we durnuklylyk Ankara-Moskwa-Tähran liniýasynda diplomatiýanyň üstün çykmagy bilen mümkin bolar. Jemläp aýdanymyzda Eýranyň daşary işler minsitriniň Bakuwa sapary özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegi taýdan ýerlikli boldy.



Degişli Habarlar