Karrikatura we Satira Muzeýi hem-de Kitaphanasy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1683352
Karrikatura we Satira Muzeýi hem-de Kitaphanasy

Stambulda karrikatura we satira muzeýiniň hem-de kitaphanasynyň bardygyny bilýäňizmi?

1975-nji ýylda Karrikaturaçylar jemgyýetiniň başlangyjy bilen Stambulyň şäher häkimligi tarapyndan açylýar, emma 1980-nji ýylda ýapylýar. 1989-njy ýylda açylan täze Karrikatura we Satira muzeýi Türkiýäniň jemgyýetçilik taryhyny delillendirýän medeni gazananlaryny ähli taraplaýyn biziň günlerimize ýetirýär. Aýratynam başga ýurtlardaky guramalar bilen aragatnaşyk edýän muzeýde şahsy ýa-da bilelikdäki sergiler blen dünýäniň karrikatura sungatynyň meşhurlaryny tanyşdyrýar. Muzeýde hünärmeniň ýolbeletlik etmeginde özboluşly neşirýat ussahanasynda işlemäge şert döredilýär.

Muzeýde türk karrikaturasynyň taryhy tapgyrlary nusgalar we deliller bilen beýan edilýär. Türk we dünýä karrikaturaçylarynyň eserleriniň sergilenýän bölüminde her aý azyndan bir sergi açylýar. Kitaphana bölüminde bolsa Türkiýede we dünýäde çap edilen karrikatura, satira we degişli mowzuklardaky neşirler bar. Kitaphananyň arhiw bölüminde Türkiýeden we dünýäden karrikaturaçylaryň eserleri bar.



Degişli Habarlar