Hulusi Akaryň Gyrgyzystana we Täjigistana Sapary

Ýewraziýa Syn

1674691
Hulusi Akaryň Gyrgyzystana we Täjigistana Sapary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýäniň Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Orta Aziýa döwletlerine guran saparyna ser salmakçy.

Türkiýäniň Milli goranmak ministri Hulusi Akar iýun aýynyň 28-i bilen iýul aýynyň 2-si aralygynda Gyrgyzystana we Täjigistana resmi sapar gurady. Ministr Akar 28-nji iýunda Gyrgyzystana bardy. Hulusi Akar Gyrgyzystanda kärdeşi Alaýbek Omuraliýew tarapyndan harby dabara bilen garşylandy. Milli goranmak ministri Akar Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow tarapyndan hem kabul edildi. Duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy. Mälim bolşy ýaly iki ýurduň arasynda goranyş pudagyndaky gatnaşyklar 1990-njy ýyllardan bäri dowam edýär. Milli goranmak ministri Akar Bişkekde Atabeýt ýadygärligine baryp, Çingiz Aýtmatowyň öý muzeýini gezip gördi. Muzeýiň ýatlama kitapçasyna ýadygärlik sözlerini ýazdy.

Milli goranmak ministri Akar 30-njy iýunda Täjigistana bardy. Akar Duşenbede kärdeşi Şerali Mirzo tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Özara we toparara gepleşikler geçirildi. Ministr Akar saparyň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar sapardan gaýdyşyn žurnalistlere beren beýannamasynda gyrgyz we täjik kärdeşlerini Türkiýede geçiriljek Goranyş senagaty forumyna çagyrandygyny, olaryň hem çakylygy kabul edendiklerini aýtdy. Türkiýäniň öndürýän goranyş senagaty önümlerine gyrgyz we täjik goşunlary gyzyklanma bildirýär. Esasanda Türkiýäniň öndürýän uçar raketalary, UHU we ÝUHU Orta Aziýa döwletlerine hem gerek bolan enjamlar.

Akar, aýratynam tälim, tejribe alyşmak, bilelikde türgenleşik geçirmek boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi. Harby tälim, maglumat alyşmak, goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, döwrebap ýaraglaryň üpjünçiligi, kiber howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe. Şeýlelikde bu ugurlardaky ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi ähli taraplar üçin bähbitli.

Türkiýäniň Orta Aziýa döwletleri bilen harby-tehniki gatnaşyklary ýokary derejede. Şol gatnaşyklaryň strategik derejä götermegiň wagty geldi.

Owganystanyň Orta Aziýa döwletleri bilen serhetlerinde ýüze çykan soňky wakalar, Owganystanyň howpsuzlyk şertleriniň gowy däldigini görkezýär. Owganystanda durnuklylyk bolmasa, Orta Aziýanyň ykdysady taýdan galkynmagy mümkin däldir. Sebitleýin howpsuzlygyň üpjün edilmegi taýdan Türkiýe Orta Aziýa döwletleriniň esasy sebitden daşary ýarany bolup biler. Owganystanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde Türkiýäniň pozisiýasyny dowam etdirmegi Orta Aziýa döwletleri üçin hem möhüm bolup durýar.

Milli goranmak ministri Akar geçen ýyl Gazagystana we Özbegistana sapar gurapdy. Edilen soňky saparlar Orta Aziýa ýurtlary bilen goranyş hyzmatdaşlygyny täze bir derejä götermek isleginiň açyk görkezijisidir. Resmi Ankaranyň Orta Aziýadaky pozisiýasynyň güýçlendirilmegi, ýaranlary bilen hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagy, doganlyk eliniň uzaldylmagy taýdan iňňän möhüm. Türk geňeşiniň çäginde Goranyş maslahatynyň döredilmegi şol jähtden iňňän ýerlikli bolar.



Degişli Habarlar