Ýunus Emre Ýyly

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1604839
Ýunus Emre Ýyly

ÝUNESOKO-nyň 2021-nji ýyly “Ýunus Emräniň Ýyly” diýip yglan edendigini bilýäňizmi?

ÝUNESKO, halkara parahatçylygyny, özara düşünmegi we jebisligi güýçlendirmek üçin agza ýurtlaryň ähliumumy ähmiýetli wekillerini ýa-da taryhy wakalaryny hatyralama we belläp geçmek maksady bilen meýilnamalar düzýär. ÝUNESKO şol özbolyşlygy sebäpli 2021-nji Hatyralama we gutlama ýubileýlerinde Ýunus Emräniň aradan çykan güniniň 700-nji ýylyna orun berdi we bütin dünýäde “Ýunus Emre Ýyly” yglan etdi. Ýunus Emräniň dünýä inen gününiň 750-nji ýyllygy hem 1991-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hatyralama meýilnamasyna goşulypdy.

Ýunus Emre şygyrlary bilen adama we tebigata bolan söýgüsi, hoş niýetlilik, doganlyk we parahatçylyk adalgalaryny sap türk dilinde beýan edip, dil, din, kowum tapawudyny goýmazdan bütin adamzada ýüzlenipdi. “Ýetmiş iki millede şol bir nukdaý nazardan seretmek” düşünjesine we ähliumumy adamzat gymmatlyklaryna esaslandyran pelsepesi bilen dünýä gumanizmine goşant goşup, adamlary umumy gymmatlyklarda birleşdiren öňden görüji şahyr bolupdyr.

Ençeme goşgularyna sazlar ýazylan Ýunus Emräniň şygyrlary daşary ýurtly aýdymçylaryň ünsüni elmydama çekipdir. “Hakdan gelen şerbedi” atly şygyryna Gremmi baýrakly Kristafor Tin tarapyndan 2013-nji ýylda saz ýazyldy we şol eser Prezidentiň ýanyndaky Simfoniýa orkestri bilen Amerikanyň Jonatan Griffit hory tarapyndan türk dilinde ýerine ýetirildi.



Degişli Habarlar