Dünýäniň Iň Howpsyz Şäherleri

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1587122
Dünýäniň Iň Howpsyz Şäherleri

 

Eskişehiriň dünýäniň in howpsyz şäherleriniň sanawynda 8-nji orny eýeleýandigini bilýäňizmi?

Dünýä meşhur ylmy barlag firmasy “Numbeo” her ýyl taýarlanýan dünýäniň iň howpsyz şäherleriniň sanawyny çap etdi. Sanawyň ilkinji 10 şäheriniň hatarynda Türkiýäniň Merkezi Anadoly sebitinde ýerleşýän Eskişehir hem bar.

“Numbeonyň” her ýyl taýarlaýan dünýäniň iň howpsyz şäherleriniň sanawy, ýurtlaryň howpsyzlyk gulluklaryndan alynan jenaýat görkezijilerine görä düzülýär. 431 şäheri seljeren toparyň habarnamasynda Türkiýeden Eskişehir soňky üç ýylda 41 basgançak ýokarlap, sekizinji orny eýeledi.

Sanawda 61-nji orunda Antalýa, 74-nji nobatda Bursa, 77-nji orunda Izmir, 183-nji orunda paýtagt Ankara we 263-nji orunda Stambul bar.


Etiketkalar: #şäher , #howpsyz , #Eskişehir

Degişli Habarlar