“Siýez” Bugdaýy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1582986
“Siýez” Bugdaýy

Häzirki bugdaýlaryň atasy hökmünde kabul edilýän “Siýez” bugdaýynyň 10 müň ýyl ozal Günorta Anadolyda ösdürlip ýetişdirlendigini bilýäňizmi?

Käbir çeşmeleriň ýazmagyna görä 12 müň, käbirlerine göra bolsa 10 müň ýyl ozal özleşdirilendigi beýan edilýän bugdaý görnüşi bolan “siýez” häzirki wagtda sarp edilýän döwrebap bugdaýyň atasy hökmünde kabul edilýär. Ilkiler Günorta-gündogar Anadolyda ösdürlip ýetişdirilen “siýez” şu günki günde Türkiýäniň Kastamony welaýatynda ýetişdirilýär.

Hattiler we Frigler tarapyndan ekilen “Siýez” bugdaýyna ilki hititçe “Ziz” diýlen bolsa, wagtyň geçmegi bilen şol söz “siýeze” öwrülýär. “Siýezi” bugdaýyň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýan esasy özboluşlygy genetiki gurluşynyň 10 ýylyň dowamynda özgermän gelmegi.

Glýuten mukdary pes bolan “siýez” bugdaýynyň düzüminde, döwrebap bugdaýa görä A witamini, demir, foli aşgary we sink mukdar taýdan has ýokary. Siňdirilmegi ýeňil bolan “siýeziň” saglyk taýdan hem peýdalydygyny görkezýän barlaglar bar.


Etiketkalar: #mukdar , #Anadoly , #bugdaý

Degişli Habarlar