Türkistan

Ýewraziýa Syn

1544783
Türkistan

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanyň Türkistan şäheriniň eýe bolan strategik ähmiýeti barasynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Gazagystanyn Türkistan şäherinde ýerleşýän Halkara Türkistan howa menzili dabara bilen açyldy. Jemi 905 gekdar meýdanda ýerleşýän howa menzili Gazagystanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan iň täze howa menzili. Howa menziliniň uçar gonalgasyna şol bir wagtda 9 uçar gonup bilýär. Täze howa menzili ýylda 3 million ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen. Türk işlewürleri tarapndan gurlan howa menziliniň arhitekturasy Hoja Ahmet Ýasawynyň türbediniň binagärlik usulyny ýaňzydýar.

Ilbaşy Nursoltan Nazarbaýew 2018-nji ýylda Günorta Gazagystan welaýatynyň adyny Türkistan hökmünde özgertmek hakynda karar kabul edipdi. Welaýatyň adynyň özgerdilmeginden soň welaýat merkezi Çimkentden Türkistan şäherine göçürildi. İki ýyldan bäri Türkistan şäheri tas gaýtadan dikeldilýär. Ähi gurluşyklar tamamlanandan soň 150 müň ilatly Türkistan şäheri sebitiň esasy merkezlerinden birine öwrüler. Wagtyň geçmegi bilen ilatynyň 1 milliondan aşjakdygy çaklanylýar.

Soňky 200 ýyllyk taryhdan bilşimiz ýaly ruslar bütin sebitiň ady bolan Türkistanyň ygtybaryna zarba urmak üçin ilki Guberniýa soň bolsa Ýesi şäherçesine berýär. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda Türkistanyň ady ýaňadandan taryhy ygtybaryna eýe boldy. Hemmeler Türkistany şäheriň we welaýatyň ady hökmünde öwrendiler.

Sebitiň syýahatçylyk potensialy iňňän uly. Hoja Ahmet Ýasawynyň türbedi şol ýerde ýerleşýär. Täze gurlan binalar şäheriň Almaty, Bişkek, Daşkent, Samarkant, Buhara ýaly uly şäherlere ýakyn ýerleşmegi syýahatçylyk pudagynda Türkistanyň ýylda 5 million syýahatçyny kabul etmegine şert döredýär. Häzirki wagtda Daşkendi Türkistan şäherine birikdirjek awto magistralyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Demir ýol gatnawy ozalda bäri bar. Şol ugurda geljekde tizligi ýokarlandyrylan otly ýoly hem çekilip bilner. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin başladylan Ýüpek wiza başlangyjy pandemiýadan soňky döwürde sebitiň syýahatçylyk pudagyna goşant goşar.

Türkistan şäheriniň ähmiýetini artdyrýan beýleki bir möhüm ojak, şäherde ýerleşýän Halkara Gazak-Türk Ahmet Ýasawy uniwersiteti. Şol wagtlar ylym ojagynyň näme sebäpden paýtagtda däl-de çetki etraplardan birinde gurlandygy derňelipdi. Häzirki wagtda şol kararyň nähili ýerliklidigi subut edildi.

Türk dünýäsini umuman Sibirden Ýewropa çenli uzap gidýän sebit hökmünde göz öňüne getirenimizde, Türkistan şäheri türk dünýäsiniň tüýs ortasynda ýerleşýär. Türki halklaryň yslam dinini ykrar etmegine uly goşant goşan Türkistanyň Piri atlandyrylan Ahmet Ýasawynyň türbedi Türkistan şäheriniň ähmiýetine ähmiýet goşýar. Şol sebäpli Türkistan şäheri türk dünýäsiniň ruhy paýtagty bolup biler. Şol sebäpli türk dünýäsiniň halkara guramalaryndan biriniň, mysal üçin Halkara Türk Akademiýasynyň Türkistana göçürilmegi ýerlikli bolsa gerek.



Degişli Habarlar