Kappadokiýada görülmäge mynasyp açyk hova muzeýiniň bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1544510
Kappadokiýada görülmäge mynasyp açyk hova muzeýiniň bardygyny bilýäňizmi?

Göreme

Türkiýäniň tebigy gudratlaryndan biri bolan Kappadokiýada görülmäge mynasyp açyk hova muzeýiniň bardygyny bilýäňizmi?

Merkezi Anadoly sebitinde ýerleşýän Kappadokiýanyň müňlerçe ýylyň dovamynda manastyr durmuşynyň höküm süren özboluşly ýerlerinden biri hem Göreme açyk hova muzeýi. Göremäniň hekaýasy biziň eramyzyň 4-nji asyrynda, hristiýanlygyň ilkinji dövürlerinde başlaýar. Kaýseri Ýepiskopu Keramatly Basiliň sebite gelip nesihat bermäge ve talyplaryny ýetişdirmäge başlamagy bilen manastyr durmuşy jülgede höküm sürmäge başlaýar. Göreme taryhy ýeri hökmünde bilinýän ýer 13-nji asyra çenli bilimiň ve ylymyň merkezi bolmaga dovam edýär.

Asyrlaryň dovamynda müňlerçe ruhanynyň garaýyşlaryny gaýalara gazan ýeri bolan Göreme açyk hova muzeýinde görülmäge mynasyp onlarça manastyr ve buthana ýerleşýär. Jülgedäki her bir gaýa diýen ýaly oýulyp ybadathana ve öýlere övrülýär. Jülge 1985-nji ýylda Dünýäniň medeni mirasy UNESKO alynýar.


Etiketkalar: #Göreme , #Kappadokiýa , #muzeý

Degişli Habarlar