Gyrgyzstandaky Soňky Syýasy Wakalar

Ýewraziýa Syn

1519753
Gyrgyzstandaky Soňky Syýasy Wakalar

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyzstandaky soňky syýasy wakalar barada durup geçmek isleýäris.

 

Üstümizdäki aýyň 4-de Gyrgyz Respublikasynda parlament saýlawlary geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi Saýlaw Geňeşiniň mälim etmegine görä saýlawa gatnaşan 16 syýasy partiýadan 4 sanysy 7 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçmegiň hötdesinden geldi. Saýlawyň netijelerine närazylyk bildirenler saýlawyň netijesiniň bes edilmegi üçin 5-nji oktýabrda Ala Too meýdanynda miting geçirdiler. Protestçiler 6-njy oktýabrda ir säher 03:00-da Parlamentiň binasyna girýärler. Gije, Almazbek Atambaýew, Sapar Isakow we Sadyr Japarow ýaly tussaglykdaky syýasatçylar tarapdarlary tarapyndan tussaghanadan boşadyldylar. Howpsyzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam ýaralandy, 19 ýaşyndaky bir raýat aradan çykdy.

6-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri, Mejlisiň Başlygy, welaýat häkimleri işden çekilýändikleri hakyndaky arzalaryny berdiler. Merkezi Saýlaw Geňeşi parlament saýlawynyň netijlerini bes etdi. Oppozisiýadaky partiýalaryň arasynda wagtlaýyn hökümet üçin göreş başlady. 9-njy oktýabrda Ala Too meýdanynda öz dalaşgärini Premýer-ministrlige saýlatmak isleýän iki toparyň arasynda dartgynlyk ýüze çykýar. Sadyr Japarowyň tarapdarlary Ömürbek Babanowyň tarapdarlaryny meýdandan çykardylar. Şertleriň hasam agyrlaşmazlyggy üçin Prezident Soornbaý Jeenbekow 10-njy oktýabrda Bişkek şäherinden adatdan daşary dolanşyk düzgünini yglan edýär. Şol gün Almazbek Atambaýew iki janpenasy bilen bilelikde ýaňadandan tussag edildi.

Gyrgyz parlamenti Jogorku Geneşiň 6-njy çagyrlyş halk deputatlary üç gezek jemlenşip, 13-nji okýabrda Sadyr Japarowy Premýer-ministrlige saýladylar. Mejlisiň Başlyklygyna bolsa Kanat İsaýew bellendi. Japarowyň tarapdarlarynyň miting geçirmek boýunça çagyryş bermeginden soň 15-nji oktýabrda Prezident Jeenbekow wezipesinden çekildi. Mejlisiň Başlygy Isaýew Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden öz razyçylygy bilen el çekdi. Prezidentiň wezipesini wagtlaýynça Japarow kabul edip aldy.

Gyrgyz Respublikasyndaky soňky wakalar dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy şahsy wekilini Bişkege ugratdy. Orta Aziýa döwletleriniň Prezidentleri, Türk Geňeşi, ÝB, ABŞ Gyrgyz Respublikasy bilen bagly jarnama çap edip, gyrgyzlary konstitutsiýa laýyklykda hereket etmäge çagyrdylar.

 

Gyrgyz Respublikasynda durnuklylyk ýola goýulmaga başlandy. 16-njy oktýabrda Bişkekde adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bes edildi. Wagtlaýyn dolanşyk halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýär.

Gyrgyz hökümetiniň pandemiýa garşy ýeterlik çäre görmezligi, pandemiýa sebäpli  ýurduň ykdysady şertleriniň agyrlaşmagy we saýlawda edilen galplyklar halkyň hökümete bolan ynamyny hasam güýçlendirdi. Netijede ýurtda dolanşyk çalyşdy.

Geljek 2-3 aýyň dowamydna Gyrgyz Respublikasynda prezidet we parlament saýlawlary geçiriler. Iki saýlawyň bir günde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Parlament saýlaw kanunyna üýtgetme girizmegiň üstünde işleýär. Saýlaw kanunynda saýlaw çäklendirmesiniň aşakladylmagy, ätiýaç töleginiň azaldylmagy we saýlawçynyň islän ýerinde ses bermegine şert döredýän “2 belgili forumyň” bes edilmegine garaşylýar. Geçiriljek saýlawlar Gyrgyz Respublikasynyň mundan soňky ugrunyň kesgitlenmegi taýdan möhüm ähmiýete eýe.



Degişli Habarlar