Garabag Azat Ediler

Ýewraziýa Syn

1511342
Garabag Azat Ediler

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Garabag meselesi sebäpli ýüze çykan çaknyşyklar hakynda durup geçmek isleýäris.

 

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermenistanyň hüjüm guramagy sebäpli Garabagda agyr çaknyşyklar başlady. Ermeni meçew bermelerine garşylyk görkezen Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri front liniýasynyň ähli tarapyndan hüjüme geçip, ermeni esgerlerini gaçmaga mejbur etdi. Geçen 2 hepdäniň dowamynda Azerbaýjanyň goşunlary 40-a golaý ilatly ýeri halas etdi. Ermenistanyň ýüzlerçe harby enjamlary, tehnikasy we agyr ýaraglary hatardan çykaryldy. Ermenileriň adam ýitgileriniň bolsa 400-e ýetendigi habar berilýär.

Ermenileriň bu gezek garaşýan goldawyny hojaýynlaryndan tapmandygy görüldi. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin çaknyşyklaryň Ermenistanyň territoriýasynda däldigini beýan edip, resmi Ýerewana kömek bermek üçin sebäbiň ýokdugyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly Ermenistan Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygy guramasyna agza we haýsydyr bir hüjüm halatynda gurama agza döwletleriň kömek berme borjy bar. Ermeni hökümeti şondan peýdalanmak üçin Garabagdan daşgary Azerbaýjanyň şäherlerine, etraplaryna hüjümler guraýar. Ermeniler Azerbaýjanyň asuda ilatyna garşy fosforly duman bombasyny, harby uçar bombasyny, Smerç raketasyny we antitank raketalary atdy. Häzirki wagta çenli asuda ilatdan 40 adam ermeni hüjümlerinde jan berdi. Ermenistan asuda ilata hüjüm edip, harby we gumanitar jenaýat edýär. Ermeniler Baku-Tibilisi-Jeýhan Nebit turba geçirijisi ýaly halkara maýa goýumlaryna hem hüjüm edip, terror aksiýasyny guraýar.

Dünýadaki ermeni diasporasy elmydama bolşy ýaly gara propogandasyny dowam etdirýär. Ermeni tarapy Azerbaýjanyň DAIŞ terrorçylaryny getirendigini öňe sürýär. Azerbaýjanyň DAIŞ terrorçylaryna mätäçliginiň ýokdugy hemmelere mälim. Azerbaýjanda raýatlar meýletin häsýetde fronta gidýär. Beýleki tarapdan ýaşlary güýç bilen gulluga alyp gitmäge synanşýan Ermenistanyň PKK terrorçylaryny Garabagda söweşdirýändigi hakynda dürli maglumatlardyr deliller mediada görkezilýär.

Azerbaýjanyň şol hakly gowgasyny goldaýanlar seslerini bu gezek has gür çykardylar. Türk geňeşi çaknyşyklaryň başlan badyna Azerbaýjanyň territorial bitewiligini goldaýan beýannama çap etdi. Şol beýannamadan soň İlham Aliew gurama agza döwletleriň prezidentlerine sagbolsun hatyny ugratdy. Aýratynam TÜRKSOÝ, Türk Akademiýasy, TürkPA we Türk medeniýet we Mirasy gaznasy ýaly türk dünýäsiniň halkara guramalary hem Azerbaýjanyň şol hakly göreşini goldadylar. Sebitde ýerleşýän ýurtlardan Owganystan, Pakistan, Wengriýa, Bosniýa-Gersegowina we Ukraina hem Azerbaýjany goldaýandyklaryny beýan etdiler.

Türkiýe başyndan bäri Azerbajany goldaýar. İki ýurduň arasynda goranyş pudagynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Azerbaýjanyň harbylary Türkiýede bilim aldylar. Türkiýede öndürlen goranyş enjamlary Azerbaýjan tarapyndan satyn alyndy. Ol hem Azerbaýjanyň goşunlarynyň Garabagdaky ermeni front liniýasyny böwüsmeginde uly rol oýnady.

9-njy oktýabrda Russiýanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri Moskwada duşuşyp, hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşdylar. Emma şol ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmeginiň kyn boljakdygy ilkinji gündäki düzgün bozmalardan hem belli boldy. Prezident Ilham Aliýewiň “Diplomatiýa soňky şansyny berýärin” diýip, tassyklan ylalaşygy ermenileriň hüjümi dowam etdirmegi sebäpli puja çykdy. Mundan soň diňe Garabagyň basyp alyjylardan halas edilmegi  meseläni çözer.



Degişli Habarlar