Türk Çaýy

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1471351
Türk Çaýy

Türk çaýynyň türklere mahsus çaý bişiriş we hödürleýiş usulydygyny bilýäňizmi?

5000 ýyllyk taryhy bolan çaý, türkleriň ýaşaýyş durmuşyna giçki döwürlerde goşulan hem bolsa, türk jemgyýetinde özüne mahsus medeniýete eýe. Türkiýede Gündogar Garadeňiz sebitinde we Rize welaýatynyň çäklerinde gara çaý ösüp ýetişýar we şol çaý görnüşine bolsa halk arasynda türk çaýy diýilýär. Emma “Türk çaýy” termini esasan türklere mahsus çaý bişiriş we hödürleýiş usulyna berilýän at.

Häzirki döwürde tapawutly çaý demleme usullary bar hem bolsa, türk usulyndaky çaý gowrulan çaý bilen demlenýär we özüne mahsus “inçe billi” atlandyrylýan çiýşe käselerde hödürlenýär. Türk usulynda çaý demlemek üçin çäýnek we demlik hökmünde iki gap ulanylýar. Çäýnekde täze suw gaýnadylýar, boş demlik suwuň bugy bilen gyzdyrylýar. Gaýnan suwyň belli bir mukdary düzümindäki kislorody uçmanka içine çaý salynan demlige guýulýar. Demlik çaýyň demlenmesi üçin içinde suw gaýnaýan çäýnegiň üstünde 10 minutlap goýulýar. Taýar bolan çaý hödürlenýärkä islege görä dem kâselere guýulýar. Çaýyň demini açmak üçin çäýnekden gaýnan suw goşulýar. Çaýa şeker salmak isleýänler soňundan goşup bilerler.

Dünýäniň esasy çaý bazarlaryndan biri bolan Türkiýede gara çaý içmek türkleriň durmuşynyň aýrylmasyz bölegini emele getirýär. Şol bir wagtda çaý medeniýeti türkler üçin myhmansöýerligiň alamatlaryndan biri.



Degişli Habarlar