Aýasofýa

Ýewraziýa Syn

1459127
Aýasofýa

Gd! Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açylmagyna Ýewraziýada döreden seslenmelerine ser salmakçy.

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Prezident R.T.Erdoganyň goly bilen Aýasofýa muzeýi ýaňadandan metjide öwrüldi. Karar koronawirus epidemiýasyna garşy aldym-berdimli göreşýän Ýewraziýa ýurtlarynda giň seslenme döretdi. Mesele bilen bagly ýüzlerçe habar, habar-analizleri çap edildi. Sebäbi Aýasofýa Ýewraziýa halklaryny gönüden gyzyklandyrýan ruhy ybadathanalardan biri.

Ýewraziýanyň prowaslaw ynanjyna uýýan ýurtlarynda dini liderler we käbir syýasatçylar karara reaksiýa bildiren bolsa, sebitiň türk we musulman halklary karara kanagatlanma bildirdiler. Sosial mediada ýüzlerçe müň garaýyş, gutlag, laýk goýuldy. Gyrgyz raýatlaryndan biri täze doglan bäbegine Aýasofýa adyny goýdy.

Erdoganyň şol karary bilen bagly abalizlerde Aýasofýanyň ýaňadandan metjide öwrülmeginiň möhüm öwrülşik nokadyna ünsi çekýän karardygy nygtalýar.

Karara reaksiýa bildirenleriň Türkiýede dünýewiligiň elden gidýändigini beýan etmeklerine garamazdan öz reaksiýalarynyň dini sebäplerden gelip çykýandygyna, şeýlelikde özleriniň çaprazlyga sezewar bolýandyklaryna göz ýetirmeýärler. Üssesine özleri taryhdan biziň günlerimize çenli musulman ybadathanalaryny ýapan, olary buthana, muzeýe ýa-da başga döwlet edarasynyň binasyna öwren ýurtlaryň raýatlary. Soňky asyrda ateizm syýasatyny alyp baran Russiýanyň Kommunistik partiýasynyň karara reaksiýa bildirip, rus halkyny Türkiýä gitmezlige çagyrmagy bolsa tragikomik ýagdaýy ýüze çykardy.

Käbir rus ýazyjylary bolsa degişli makalalarynda öte geçip, Stambulyň zabt edilmeginiň 11-nji sentýabr wakalaryna meňzetme gödekligini etdiler. Taryhy hakykatlaryň şeýle däldigini parasatly adamlaryň ählisi bilýär. Ýeri gelende taryh hakynda “Moskwa üçünji Rim” diskursynyň soň-soňlar ulanylan şygardygyny nygtap geçeliň.

Stambul Halyflygyň merkezi hökmünde yglan edilen gününden başlap Ýewraziýa sebitinde ýaşaýan musulmanlar haj parazasyny berjaý etmek üçin ýollarynyň uzaýandygyna garamazdan Arabystana Stambulyň üstaşyr gitmegi saýlap aldylar. Osman patyşlary tarapyndan kabul edilmek, Halyf bilen bilelikde Juma namazyny okamak, Aýýup Soltan, Soltan Ahmet, Aýasofýa ýaly Stambulyň saýlama metjitlerinde ybadat etmek haja gidýänleriň Stambulda hökmany suratdan berjaý etmek isleýän zatlarydy. Ýewraziýa sebiti musulmanlaryň Stambul bilen bolan aragatnaşyklary şäherde ýerleşýän dürli tekkeler arakaly ýola goýulypdy. Şol çäkde Ýewraziýa musulmanlary taýdan Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açylmagy iňňän uly aýratynlyga eýe.

Türkiýe soňky ýylllarda prawoslaw dünýäsinde öz syýasatlaryny iş ýüzüne geçirmäge başlady. Grek Prawoslaw Patriarhlygynyň üsti bilen Ukrain Patriarhlygynyň Moskwadan aýrylmagy, Aýasofýanyň ýaňadandan metjide öwrülmegi şol ugurdaky esasy tapgyrlardan biri diýsek ýalňyşmarys.

Prawoslawlar we sünni musulmanlar asyrlaryň dowamynda şol bir sebitde ýaşap gelýärler. Özara gatnaşyklaryň netijesinde täsir ýetirmeleriň, düşnüşmezlikleriň ýüze çykmagy elbetde tebigy ýagdaý. Emma bilelikde ýaşamaga-da mejburdylar. Şol çäkde prawoslaw dünýäsi Aýasofýanyň metjide öwrülmegini kabul etmeli we meçew beriji aksiýalardan çetde durmaly. Aýasofýanyň Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde Türk-Yslam dünýäsiniň öz ugruny özüniň kesgitlemeginiň, zabt edişligiň simwolydyr.

 



Degişli Habarlar