Russiýada Referendum Geçirildi

Ýewraziýa Syn

1453319
Russiýada Referendum Geçirildi

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda 1-nji iýulda Russiýa Federasiýasynda geçirilen referenduma ser salmak isleýäris.

2020-nji ýylyň 25-nji iýuny bilen 1-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynda Konstitutsiýa üýtgetme girizmek üçin referendum geçirildi. Resmi taýdan 1-nji iýulda geçirilmelidigine garamazdan epidemiýa sebäpli ses beriş işleri 25-nji iýunda başladyldy. 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilen, emma epidemiýa sebäpli yza süýşürilen referenduma bolan gatnaşyk 65 göterim boldy. Russiýanyň Merkezi Saýlaw Toparynyň beýan etmegine görä referenduma gatnaşan russiýalaryň 77,92 göterimi Konstitutsion özgertmäni goldady. Sebitler taýdan Wladimir Putiniň ýakyn egindeşleri Ramazan Kadyrowyň ýolbaşçylygyndaky Çeçenistan we Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň dogduk diýary Tuwa iň ýokary “kabul” sesini beren respublikalar boldy. Merkezi Saýlaw Toparynyň beýan etmegine görä, geçirilen referendumda uly säwlikler goýberilmedi.

Referendumda konstitutsiýanyň 22 maddasyna 206 özgertme girizildi. Geçirilen referendumyň esasy mowzugy şübhesiz Wladimir Putiniň ýaňadandan ýene-de iki döwür üçin döwlet Ýolbaşçysy bolmagyna şert döretmekden ybarat. Russiýanyň döwlet Dumasy bilen bilelikde Prezidentiň ygtyýarlary hem giňeldildi.

Edilen özgertmeleriň arasynda ruslardan soň esasy köplüge eýe bolan türki halklaryň geljegini gyzyklandyrýan özgertmeler hem edildi. Konstitutsiýada Russiýa Federasiýasynyň resmi diliniň rusça we döwleti esaslandyranyň rus halkydygynyň nygtalmagy, Russiýa Federasiýasynda türki halklaryň, esasanda azlyga öwrülen we ýok bolup barýan türki dilleriň goralmagyny kynlaşdyrar. Onsuz hem Russiýadaky türk ýurtlarynda Patyşa Russiýasy döwründen bäri dowam edýän dil basyşy bar. Ýurduň “esaslandyryjy halkynyň” ruslardygynyň nygtalmagynyň bolsa Federasiýadaky etniki utgaşyklygy berçinleşdirjekdigini aýtmak kyn bolsa gerek.

Soňky ýyllarda Russiýadaky käbir awtanom sebitleriň goňşy welaýatlar bilen birleşdirilmegi üçin synanşyklar edilýär. Edilen konstitutsion özgertme şol ugurda Kremliň edýän başlangyçlarynyň depginini güýçlendirmek üçin şert döreder. Şonuň üçin bolsa gerek, goňşy Arhangelks bilen birleşmegi gün tertibine gelen Ýamalo-Nenes Awtanomiýasynyň ýaşaýjylary referendumda 55,25 göterim garşy ses berdiler.

Konstitusion özgertme bilen Russiýa Krymyň annakesiýasyny berçinlemek isledi. Emma dünýäniň esasy bölegi Krymyň Ukraina degişlidigini kabul edýär. Günbatar ýurtlary geçirilen referendum hakynda öz oňaýsyz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Günbataryň referendum hakyndaky garaýyşlarynyň Russiýany aladalandyrmaýandygy äşgär. Russiýa Sowet döwründe bolşy ýaly ozalky ýaranlary bilen täze bileleşik döretmegiň kül-külünde. Russiýanyň bar bolan ykdysady ulgamy Kremliň şol isleglerini iş ýüzüne geçirmegindäki esasy bökdençlik bolup durýar.

Jemläp aýdanymyzda Russiýada geçirilen referendum ýurtdaky bar bolan şertler taýdan gysga möhletde uly özgertmeleri wada bermeýär. Russiýadaky türki halklaryň ýaramaz şertlerden goralmagy taýdan Türkiýäniň öňbaşçylyk etmegindäki türki dilli döwletleriň birek-birek bilen gatnaşyklaryny hasam ösdürmegi, beýleki tarapdan Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyk etmegi hökmany.


Etiketkalar: #awtonom , #referendum , #Russiýa

Degişli Habarlar