Küşt Muzeýi

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe-25

1436903
Küşt Muzeýi

 

       Türkiýäniň ilkinji we ýeke-täk küşt muzeýiniň Ankarada ýerleşýändigini bilýänizmi?

Dünýäde “oýunlaryň şasy” ýa-da “ şalaryň oýuny” atlandyrylýan küşt, Ankarada ýörite muzeý şertlerinde tanyşdyrylýar. Türkiýäniň ilkinji küşt muzeýi bolan ýerde küşt esbaplary 4 temada sergilenýär.

Kolleksioner Akyn Gökýaý tarapyndan açylan küşt muzeýi Ankara galasyndaky abatlanan gadymy Ankara öýünde ýerleşýär. Muzeýde Gökýaýyň 1975-nji ýygnamaga başlan küşt esbaplarynda tapawutly medeniýetler, uruş we parahatçylyk, medeni köpdürlilik temalaryny görmek bolýar. 2012-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen kolleksiýadaky küşt esbaplary Madagaskardan Boliwiýa, Fransiýadan Gazagystana we ABŞ-dan Russiýa çenli ýüzden gowrak ýurtdan getirilipdir. Şu günki günde 710 küşt komplekti bolan kelleksiýada çagalar üçin Herri Potter, Asteriks we Şirinler ýaly tematiki komplektler hem bar.

Muzeýde şygyr agşamlary, aýdym-sazly söhbetler ýaly medeni çäreler hem geçirilýär.


Etiketkalar: #Ankara , #Küşt Muzeýi

Degişli Habarlar