Ýewraziýa Ykdysdy Bileleşiginiň Geljegi

Ýewraziýa Syn

1425956
Ýewraziýa Ykdysdy Bileleşiginiň Geljegi

Ýewraziýa Ykdysdy Bileleşiginiň Geljegi

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine girýän ýurtlaryň liderleriniň üstümizdäki aýyň 19-njy maýynda geçiren nobatdan daşary sammiti barada durup geçmek isleýäris.

 

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň döwürleýin ýolbaşçysy Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylyk etmeginde 2020-njiýylyň 19-njy maýynda wideo konferensiýa usulynda liderleriň sammiti geçirildi. Sammite Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Moldowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Preizdentleri, Ermenistanyň Premýer ministri we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Baş Sekretary gatnaşdylar.

Pandemiýa sebäpli wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen sammitde Bileleşigiň 2025-nji ýyla çenli bolan döwür üçin ykdysady integrasiýasyny göz öňünde tutýan işler seljerildi. Sammitde kabul edilmeli şol maksatnama, liderleriň ýylyň ahyrynda Minskde geçirilmegi meýilleşdirilýän sammitine süýşürildi. Maslahatda guramanyň 2020-2021-nji ýyllary öz içine alýan iş maksatnamasy kabul edildi. Ozalky sammitlerden tapawutlylykda bu sammitde liderleriň guramanyň işleri hem-de geljek bilen bagly maksatnamalary bolan tankydy bellikleriniň artandygy görüldi.

Sammitde söz sözlän Aleksandr Lukaşenko tebigy gazyň nyrhyndaky deňsizlikler meselesini gün tertibine getirdi. Bileleşigiň güýçlenmegi we bitewileşmegi üçin tebigy gaz we umuman energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň bileleşigiň çäginde bir bolmalydygyny beýan eden Lukaşekonyň tankydy bellikleri Russiýanyň adyna aýdyldy. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bolsa Lukaşenkony goldady we bileleşigiň bilelikdäki energetika bazaryny döretmelidigine ünsi çekdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Soorbaý Jeenbekow gümrüklerde ýüze çykýan kynçylyklaryň pandemiýa döwründe-de dowam edýändigini nygtady we Ukraina bilen Ýewropa ýurtlaryndan geljek harytlara erkin tranzit geçiş şeritiniň döredilmegini teklip etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew Bileleşigiň 2025-nji ýyla çenli bolan döwür üçin ykdysady integrasiýasyny maksat edinýän taýarlyklara käbir tankydy bellikler aýtdy.

Ýurdunyň bileleşige girýän ýurtlar, esasanda Russiýa bilen edýän söwda gatnaşygynyň aşaklandygyna ünsi çeken Tokaýew, bileleşigiň içinde ähli ýurtlar üçin deň şertleriň döredilmändigini beýan etdi. Tokaýew şeýle-de bileleşigiň dörediliş maksadynyň ykdysady integrasiýany nazarda tutýandygyny we şeýlelikde beýleki ugurlarda göz öňünde tutulýan integrirleniş taýarlyklarynyň ilki çuňňur seljerilmelidigini aýtdy. Tokaýewiň çykyşynda halkyň bähbitlerini ileri tutmagy ünsleri çekdi.

Bileleşigiň lokomotiwi bolan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysynyň çykyşynda bolsa bileleşigiň hasam giňeldilmegine giňişleýin orun berildi. Wladimir Putin Ysraýyl, Müsür, Hindistan bilen hyzmatdaşlyk gepleşikleriniň geçirilýändigini beýan etdi.

 

Özbegistanyň bileleşige synçy agza bolmagy gün tertibinde. Ýylyň başynda Özbegistanda Russiýa üçin içalylyk edýänleriň tussag edilmegi, 2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Özbegistanda rus diliniň resminamalarda ulanylmagyna jeza berilmegine reaksiýa bildirmegi we Özbegistanyň şol beýanaty öz içeri işlerine goşulyşmak hökmünde kabul etmegi Özbegistanyň bileleşige synçy bolmagynyň öňünde käbir bökdençlikleriň bardygyny görkezýär.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň öz ösüş modelini tapmazlygy we esasy kararlaryň hem-de işleriň Moskwanyň gözegçiliginde amala aşmagy bileleşige agza beýleki ýurtlary pandemiýa döwründe hasam biynjalyk edene meňzeýär. Pandemiýanyň Ýewraziýa sebitinde dowam etmegi bileleşigiň işlerine we geljegine ýaramaz täsir ýetirýär.

 



Degişli Habarlar