Orta Aziýadaky Tebigy Apatlar

Ýewraziýa Syn

1413578
Orta Aziýadaky Tebigy Apatlar

Orta Aziýadaky Tebigy Apatlar

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda soňky hepdelerde Orta Aziýa ýurtlarynda başdan geçirilen tebigy apatlar we şolar sebäpli çekilen ýitgiler barasynda durup geçmekçi.

Koronawirusa garşy göreşýän Orta Aziýa döwletleri soňky hepdelerde yzly-yzyna bolan tebigy apatlary başdan geçirdiler. Şol tebigy apatlaryň adatdan daşary ýokary bolmagy, olaryň ýaramaz netijeleriniň hem uly boljakdygyny görkezýär. İlki bilen sebitde başdan geçirilen tebigy apatlar barada durup geçeliň.

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gazagystanyň Gündogar Gazagystan Welaýatyndaky Semeý tokaýynda ýangyn boldy. Ýangyn sebäpli 3948 gekdar meýdan tokaýa zeper ýetdi.

27-nji aprelde Türkmenistanyň Lebap welaýatynda bolan güýçli ýel sebäpli köp sanly ilatly ýerlere, infrastruktura desgalaryna zyýan ýetdi.

28-nji aprelde Özbegistanyň Buhara welaýatynda bolan güýçli ýel sebäpli 1 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.

29-njy aprelde Özbegistanyň Jizzak welaýatynda sil apaty boldy. Sil apatynda 9 we 14 ýaşlarynda iki çaga ýogaldy.

1-nji maýda aşa ýagyş we güýçli ýel sebäpli Özbegistanyň Syrderýa welaýatynda ýerleşýän Saroba bendiniň diwary ýykylýar. Heläkçilik sebäpli Özbegistanda we Gazagystanda ýüzlerçe öýi suw basdy, sebitden 75 müň adam göçürildi. 60-a golaý adam hassahanalara alynyp gidildi.

2-nji maýda Gyrgyzstanyň Batket şäherinde sil geldi. Sil sebäpli onlarça öýi we ekin meýdanyny  suw aldy.

Şeýle tebigy apatlaryň sebitde maý aýynyň birinji 10 gününde-de dowam etjekdigi çaklanylýar. Tebigy apatyň bolan ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Tebigy apatlar ilki bilen sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna uly zeper ýetirdi. Onsuz hem 9-njy aprelde Orta Aziýanyň käbir ýurtlarynda gar ýagyp, doň howpy başdan geçirilipdi. Diýmek sebit ýurtlaryna azyk ýetmezçiligi howpy hem abanyp biler.

Güýçli ýagyş dowam eden halatynda sebitdäki uran galyndylarynyň ýygnalýan desgalaryna zeper ýetip, zäherli maddalaryň suwa goşulma ähtimallygy bar. Ol hem halkyň saglygyna uly howp emele getirýär. Aýratynam ýagyş sebäpli käbir ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň başga göçürilme mejburlygyny ýüze çykaryp biler.

Haýsy tarapdan seredilende-de şol tebigy apatlar uly maliýe çykdasy diýmekligi aňladýar. Tebigy apatlarda çekilen ýitginiň mukdary häzirlikçe hasaplanyp, çykarylmady.

Bu agyr şertleri iň az ýitgi bilen ýeňip geçmek koronawirusa garşy göreşde bolşy ýaly birek-birek bilen arkalaşygy dowam etdirmegiň ähmiýeti iňňän uly. Sebit ýurtlary şu ýyl ýüze çykmagy ähtimal azyk ýetmezçiligini arkalaşmak arkaly ýeňip bilerler. Şol çäkde halkara ulag gatnawyndaky bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy, Türkiýäni Türkistana birikdirýän Orta koridoryň işjeňleşdirilmegi möhüm. Sebit ýurtlary uran zyňyndy desgalaryny howpsyzlaşdyrmak üçin düýpli çäreler görmeli. Orta Aziýanyň türki dilli döwletleri yzly-yzyna gelen bu agyr synaglardan üstün çykarlar diýip tama edýäris.



Degişli Habarlar