Koronawirusa garşy göreşde Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen edýän arkalaşygy

Ýewraziýa Syn

1394752
Koronawirusa garşy göreşde Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen edýän arkalaşygy

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda koronawirusa garşy göreşde Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen edýän arkalaşygy barada söhbet etmekçi.

 

Eziz ildeşler koronawirus dünýäde çaltlyk bilen ýaýramaga dowam edýär. Şeýle pandemiýa döwürlerinde dünýäde halkara arkalaşygy ileri tutulmaly. Şol çäkde Türkiýäniň durmuşa geçirýän syýasaty nusgawy häsýete eýe. Aprel aýynyň başyna çenli Türkiýeden kömek soran ýurtlaryň sany 100-e golaýlady. Türkiýäniň hökümeti mümkinçiliklerine laýyklykda şol ýurtlara kömek berýär.

Türkiýe koronawirusyň ýüze çykan günlerinde Hytaýa kömek berip, wirusa garşy göreşde döwletara arkalaşygyň möhümdigini görkezipdi. Soňky günlerde Ýewraziýa sebitindäki ýurtlarda-da koronawirus çaltlyk bilen ýaýramaga başlady we Türkiýe hem sebitde ýerleşýän ýurtlara kömek bermäge dowam edýär.

2020-nji ýylyň 21-njiş martynda Bolgariýanyň Goranmak ministriKrasmir Karakaçanow koronawirusyn ýaýramagynyň öňüni alyjy enjamlar boýunça Türkiýäniň kömek berendigini aýtdy.  

Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministri Oktaý Şiraliýew 25-nji martda täze görnüş koronawirusy kesgitleýiş enjamlaryny Türkiýäniň goldawy bermeginde alandyklaryny beýan etdi. Egeý uniwersiteti 1-nji aprelde azerbaýjanly asisent we hünärmen lukmanlara koronawirusa garşy göreş boýunça 2 hepdelik tälim beriljekdigini we soň şolaryň Azerbaýjana ugradyljakdyklaryny habar berdi.

26-njy martda Türkiýäniň Bişkek şäherinde guran Gyrgyz-Türk Dostluk Hassahanasy koronawirusa garşy göreş boýunça peýdalanylmagy üçin Gyrgyz Respublikasyna berilendigi beýan edildi.

27-nji martda Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Sižžarto ýurdunyň koronawirusa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde golaýda Türk Geňeşinden kömek sorandygyny we Türkiýäniň maska öndürmekde peýdalanylýan 8 tonna dokma önümi Wengriýa eksport etmäge rugsat berendigini aýtdy.

31-nji martda merkezi Ankarada ýerleşýän gurluşyk firmasy Gazagystana koronawirusa garşy göreşiň çäginde 1000 sany lukmançylyk enjam komplektini ugratdy. Ýewraziýa sebitinde iş alyp barýan türk firmalary ýerli dolanşyklara we halka ellerinden gelen kömegi bermäge synanşýarlar.

1-nji aprelde Prezident Erdogan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk ugurlary hem seljerildi.

Prezident Erdogan şol gün Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenski bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Zelenskiý Türkiýeden dem alyş enjamlary bilen ýörite goraýjy egin-eşik kömegini sorady.

2-nji aprelde Garaşsyz senagatçy we işewür adamlary jemgyýetiniň Tibilisidäki ofisi bilen Türk we Gruzin işewürleri jemgyýetiniň agzalary Türkiýäniň Gruziýadaky İlçihanasynyň utgaşdyrmagynda 200 maşgala ýeterlik azyk we gigiýeniki serişde kömegini berdi. Ýurtda iş alyp barýan Türk işewürleri Gruziýanyň hökümetiniň koronawirusa garşy göreş gaznasyna uly mukdarda pul kömegini berdiler. TIKA geçen ýyl Batuminiň Ýokanç Keseller hassahanasyny abatlap, Gruziýanyň hökümetine tabşyrypdy.

TIKA-nyň sebitdäki ýurtlara berýän lukmançylyk goldawyndan söz edýärkäk guramanyň 2028-nji ýylda Täjigistadaky Tursunzada Merkezi Ýokanç Keseller hassahanasynyň Çagalar bölümini abatlap, hassahananyň 3-nji gatynda 33 orunlyk çagalar üçin ýokanç keseller bölümini döredendigini ýatlap geçmek ýerlik bolar.

Türkiýe ýurduna gidip bilmedik daşary ýurtly talyplara hem degişli goldawy berýär. Soňky gezek türk işewürleriniň goldaw bermeginde 300-den gowrak gazak talyplary ýurtlaryna ugradyldy.

Diňleýjiler, bar bolan görkezijilere laýyklykda Türkiýe koronawirusa garşy göreşde halkara arkalaşygyna uly ähmiýet berýär. Türkiýäniň Ýewraziýa sebitine beren kömegi geljekde-de özara gatnaşyklaryň ösmegine, Ankaranyň pozisiýanyň berkemegine goşant goşar.



Degişli Habarlar