“Bozanyň” saglyk üçin ençeme peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-Geňdir dünýe

1378182
“Bozanyň” saglyk üçin ençeme peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

 

Bilinýän iň gadymy türk alkogolsyz içgilerinden biri bolan “bozanyň” saglyk üçin ençeme peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

Taryhy müňlerçe ýyllyk geçmişe eýe bolan “boza” milli türk alkogolsyz içgisidir. Häzirki döwürde Osman döwletiniň höküm süren sebitleri bilen Orta Aziýanyň käbir ýurtlarynda sarp edilýär. Gyş aýlarynda giňden içilýän “boza” Türkiýede umuman sary nohut bilen hödürlenýär.

Dary uny, suw we şeker goşup taýarlanýan şol içgi, umuman gyş aýlarynda içilýär. Fermentirlenen önümlerden biri bolan “bozada” ençeme laktiki gazyň bakteriýasy bar. Şol maýalar we laktiki kislota bakteriýalary probiotiki täsire eýedir. Şol peýdaly bakteriýalar immunitet ulgamyny güýçlendirip, bedeniň çydamlylygyny ýokarlandyrýar. “Bozanyň” düzümindäki peýdaly bakteriýalar sarp edýän azyklarymyz bilen bedenize girýän toksiki, allergik we kanserogen maddalary ýok edýär. “Boza” diýseň iýmitlendiriji we güýç berýän içgi. Düzüminde uglewod we B witamini bar. Şol sebäpli esasanda semremek isleýänler, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlar, ysgynsyzlar we agyr işlerde işleýänler üçin peýdalydyr.

“Bozanyň” düzüminde A, B toparyna degişli witaminler bilen E witamini, kalsiý, demir, forfor minerallary hem bar. “Bozanyň” ynamdar we gigiýeniki usullarda öndürilendigine üns berilmeli.


Etiketkalar: #witamin , #içgi , #boza

Degişli Habarlar