Berlinde geçirilen Liwiýa temaly maslahat

Hepdäniň Syny

1347290
Berlinde geçirilen Liwiýa temaly maslahat

Geçen hepde Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Liwiýa temaly maslahatda, Liwiýada dowam edýän çaknyşygyň häzirlikçe bes edilmegi gazanyldy. Emma Liwiýa meselesiniň sözüň doly manysynda çözülmegi üçin çözgüt tapylmady. Liwiýada çözgüt üçin ilki bilen halkara jemgyýetçiliginiň degişli taraplarynyň, sebitleýin güýçleriň we Liwiýanyň içindäki ýerli liderleriň ylalaşmagy hökmany. Berlin maslahaty şol taraplaryň ylalaşmagy üçin diplomatik şert döretdi, emma doly ylalaşyk gazanylmady. 2019-njy ýylyň aprelinden bäri Halyf Haftaryň liderlik edýän Liwiýanyň milli goşuny diýilýän güýçler BMG tarapyndan ykrar edilýän Liwiýanyň Milli jebislik hökümetini agdarmak üçin operasiýalar geçirýär. Haftary Birleşen Arap Emirlikleriniň başda durmagynda Müsür, Saud Arabystany we Fransiýa ýaly döwletler goldaýar. Fransiýanyň huntajy Haftary goldamagy bolsa ullakan ironiýa. Eýsem BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik agzalaryndan biri bolan Fransiýa Haftaryň Liwiýada edýän harby jenaýatlaryna hamala diýersiňiz goldaw berýär we BMG-niň ykrar edýän hökümetine garşy bikanun operasiýa göz ýumýar.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň müdiri ýazyjy, dosent doktor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Müsür Haftaryň esasy ýaranlary bolup durýar. BAE-niň Liwiýada dolandyrýan harby howa bazasy we Haftara berýän goldawy saýasynda Haftara tabynlykdaky güýçler ýurduň esasy bölegini gözegçilik astyna aldy. Müsür hem bu tapgyrda Haftara harby goldaw berdi, hat-da öz esgerlerini ornaşdyrdy. BAE, Müsür we Saud Arabystany Liwiýada awtoritar we şol wagtda-da harby dolanşygyň iş başyna geçmegini isleýärler. Ol, “Arap baharyndan” soň adybir ýurtlaryň esasy syýasatyna öwrülýär.

Berlindäki maslahatdan soň çap edilen 55 maddadan ybarat jarnama ser salynanda, ýerlerdäki harby deňagramlylygyň Haftaryň we onuň ýaranlarynyň bähbidine netije alýandygy görülýär. Eýsem jemleýji jarnamada Haftaryň bikanun harby operasiýalary hakynda hiç zat aýdylmaýar we Haftary legallaşdyrýar. Ýetilen sepgitde bolsa Haftary goldaýan Müsüriň we BAE-niň başda durmagynda köp sanly daşarky güýjüň Haftaryň Tripolä ýetirýän syýasy we harby täsirini üýtgewsiz ýagdaýa getirmek isleýändigi görülýär. Şeýlelikde Haftar Nebit ministrligine we Liwiýanyň Merkezi bankyna gözegçilik etmek isleýär. Has-da möhümi Berlin maslahatynyň jemleýji jarnamasynda Liwiýa goýulan agyr ýarag embargosynyň dowam etmegi we ýurtdaky daşarky güýçleriň yza çekilmegi üçin ýüzlenme berilen hem bolsa, BAE-niň ony berjaý etmeýändigini aýdyp bileris. Ol şertleri has-da çylşyrymlaşdyrýar we syýasy tapgyry çykgynsyzlaşdyrýar.

Liwiýa meselesinde Milli jebislik hökümetini goldaýan Türkiýe bolsa Berlin maslahatynda syýasy çözgüdiň tarapynda durmagy saýlap aldy. Maslahatyň jemleýji maddalarynyň ählisinden razy bolmasa-da, Milli jebislik hökümetiniň ýanynda durup, onuň ýeke däldigini görkezdi. Onsuz hem Türkiýe çäre görmedik bolsady, Haftara degişli güýçleriň Tripolini alma ähtimallygy ýokarydy. 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol goýulan Liwiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ylalaşyk ine şuny üpjün etdi. İndi Türkiýe Liwiýada hem harby hem-de diplomatik taýdan esasy taraplardan biri. Meseläniň harby taýdan çözülmeginiň mümkin däldigine göz ýetirýär we diplomatik çözgüt üçin Berlinde has güýçli çagyryş etdi.

Berlin maslahaty Liwiýa meselesine durnukly çözgüt tapmady, emma mundan soň nähili iş alynyp barylmalydygyny kesgitledi. Eger-de Haftar we ýaranlary harby çözgütden el çekmeseler, ol Liwiýa meselesiniň hasam çuňlaşmagyna sebäp bolar. Bu garaýyş Siriýa meselesi ýaly çuň sebitleýin çykgynsyzlygyň hasam agyrlaşmagyna we sebitiň durnuksyzlaşmagyna sebäp bolar. Şonuň üçin hem Berlinde ýüze çykan pursatdan ýerlikli peýdalanylmaly.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň müdiri ýazyjy, dosent doktor Murat Ýeşiltaşyň Liwiýa temasy boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar