29-NJY OKTÝABR RESPUBLIKANYŇ BAÝRAMÇYLYGY

Dost-Doganlygyň Taryhy

1299047
29-NJY OKTÝABR RESPUBLIKANYŇ BAÝRAMÇYLYGY

 

 

29-NJY OKTÝABR RESPUBLIKANYŇ BAÝRAMÇYLYGY

         Respublikanyň yglan edilmeginiň baýramy, Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň, 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda, ýurdyň respublika dolandyryş görnüşine geçmegi hakynda kabul eden karary bilen gutlanmaga başlanýar. Kararyň kabul edilmegi bilen hem her ýylyň 29-njy oktýabry Türkiýede we Demirgazyk Kipirde milli baýramçylyk hökmünde gutlanýar.

         Respublikanyň baýramçylygy gutlanýan döwletlerde her ýylyň 28-nji oktýabrynda, öýländen soň we 29-njy oktýabrda bir gün resmi dynç alyş güni diýlip yglan edilýär we milli baýram hökmünde buýsanç bilen bellenilýär. 29-njy oktýabrda stadionlarda baýramçylyklar gurnalýar, agşam bolsa däp bolup gelen alawly geçişler gurnalýar.

         Türkiýe Respublikasyny dörediji Mustafa Kemal Atatürk, 1933-nji ýylyň 29 oktýabrynda respublikanyň döredileniniň onunjy ýyly gutlanan wagtynda sözlän sözünde bu güniň iň uly baýramçylykdygyny belläp geçýär.

         Respublikanyň döredilmegi tarp ýerden bolmady. Respublikanyň gurulmagy üçin gerekli bolan şertleriň döredilmegine sebäp bolan Osmanly imperiýasydyr. Osmanly döwleti, 1876-njy ýyla çenli çäklendirilmedik monarhiýa, 1876-1878 we 1908-1918 ýyllaryň arasynda konstitutsion monarhiýa tarapyndan dolandyryldy. Birinji jahan urşynda ýeňilenden soňra basybalyjylaryň çozuşlary bilen ýüzbe ýüz galan Anadolyda halkyň basybalyjylara garşy Mustafa Kemal ýanaralyň ýolbaşçylygynda alyp baran Milli göreşi, 1923-nji ýylda milli güçleriň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanýar. Şol döwrüň içinde „Beýik millet mejlisiniň“ 1920-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda  Teşkilaty Esasiýe kanunyny kabul etmegi bilen özbaşdak türk döwletiniň gurulandygyny yglan edýär we 1922-nji ýylyň 1-nji noýabyrynda kabul eden karary bilen soltanlygyň ýykylandygyny hem yglan edýär. Döwlet, mejlis hökümeti tarapyndan dolandyrylmaga başlaýar.

         1923-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Ýerine ýetiriji wekiliýetçilik toparynyň wezipelerini ýerine ýetirmekden çekilýändiklerini yglan edenlerinden soň, ýerlerdäki mejlisiň ynamyny gazanyp biljek täze kabinetiň gurulmagy üçin Mustafa Kemal ýanaral, döwletiň dolandyryş şekliniň respublika bolmagy üçin Ismet ýanaral bilen bilelikde kanunlarda üýtgeşiklikleriň girizilmegi üçin kanun taslamasyny taýýarlap, 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda mejlise hödürleýärler. Teşkilaty Esasiýe kanunyny bilen girizilen üýtgeşmeler netijesinde respublika Türkiýäniň beýik millet mejlisi tarapyndan yglan edilýär.    

         Respublikanyň yglan edilmegi bilen birlikde Ankarada 101 gezek top atyp respublikanyň yglan edilendigi äşgär edilýär we ilki başda Ankarada, şonuň bilen bir wagtyň özünde ýurdyň beýleki şäherlerinde hem 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabry gijesi we 30-nji oktýabr güni bu waka baýramçylyk hökmünde gutlanmaga başlanýar.

         Respublikanyň yglan edilen wagty, ýagny 29-njy oktýabr güni baýram yglan edilmeýär, baýramçylyk dabaralary hakynda bir kanunçylyk namasy taýýarlanýar. 29-njy oktýabr gijesi we 30-nji oktýabr güni geçirilen baýramçylyk çärelerini halkyň özi gurnaýar we geçirýär. Ondan soňraky ýyl, 1924-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 986 belgili perman bilen respublika yglan edilmeginiň şanyna 101 gezek top atmak bilen ýörite baýramçylygyň gutlanmagy hakyndaky maksatnama taýýarlanyp baýramçylyk şowhunynda gutlamaklyk hakynda karar kabul edilýär. 1924-nji ýylda geçirilen baýramçylyk gutlamalary, şondan soňky ýyllrda geçiriljek respublika baýramçylygynda amala aşyryljak baýramçylyk çärelerini geçirmegiň başlangyjy bolýar.

         1925-nji ýylyň 2-nji fewralynda, Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanan bir kanun teklibi bilen, 29-njy oktýabryň baýramçylyk güni hökmünde kabul edilmegi teklip edilýär. Teklip edilen şol kanun mejlisiň konstitutsion topary tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylýar we 18-nji aprel güni bu kanun bilen baglanşykly karar kabul edilýär. 19-nji aprelde bolsa şol teklip mejlis tarapyndan kabul edilýär. Şeýlelik bilen, 29-njy oktýabr güni, respublikanyň milli baýramçylyk güni hökmünde resmi taýdan gutlanmaga başlanýar. Respublikanyň yglan edilen güni, 1925-nji ýyldan başlap diňe bir döwletiň içinde däl, eýsem döwletiň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we wekilçiliklerinde hem bellenilip geçilmäge başlanýar.

         Hökümet 1935-nji ýylyň 27-nji maýynda, milli baýramçylyklar hakynda täze düzgünnamalar taýýarlap, ýurtda gutlanýan baýramçylyklaryň we olaryň mazmunlaryny täzeden belledi. Şol güne çenli konstitutsiýon dolandyryşyň baýramçylygy bolan „Özbaşdaklyk baýramy“ bilen „Soltanlygyň ýatyrylan günine“ bagyşlanan baýramçylyklar hem ýatyrylyp gutlanmagy bes edildi. Respublikanyň yglan edilen güni bolan 29-njy oktýabr „milli baýram“ yglan edilýär we döwlet tarapyndan diňe şol gün dabaraly çäreleriň geçirilmegi hakynda karar kabul edilýär.

         Respublikanyň yglan edilen ilkinji ýylynda, Respublikanyň baýramy gutlanan wagty ýykylan döwletiň harabaçylygyndan ýaş Türkiýe Respublikasynyň döreýişi hakynda gürrüň berilýär.

         Türk halky üçin Respublikanyň baýramy, milli agzybirlik we jebisliýiň, jemgyýetdäki raýdaşlygyň iň ýokary derejä çykýan baýramçylyklaryndan biridir. Azat ediş urşynda, türk milletiniň gazanan ýeňişinden soň döwleti dolandyrmakda orta çykan boşlugy doldurmak üçin respublikanyň yglan edilmegi we döwleti dolandyrmaklyga halkyň içinden çykan adamlaryň goşulmaga mümkinçilik gazanmagy. Mustafa Kemal Atatürk we onuň egindeşleriniň täze gurlan respublikany mynasyp dolandyrmak üçin alyp baran işleriniň netijesinde halkyň döwleti dolandyrmaga mümkinçilik gazanmagy. Atatürkiň belläp geçişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda bolşy ýaly hökümet bilen milletiň arasyndaky aýralygyň ýok edilmegi we „hökümet milletdir we millet hökümetdir“ ýörelgesiniň ýola goýulmagy. Respublikanyň baýramçylygy diýmeklik, demokratiýa diýmeklik bilen bir wagtyň özünde, adyl döwlet gurluşy diýmek. Demokratiýanyň gazandyrýan ähli artykmaçlyklarynyň halkyň bähbidi üçin ulanylmasy diýen mana eýe bolan baýramçylyk diýmekdir.     

 



Degişli Habarlar