FETÖ: Global Dönüklik Tory

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça syny

1238338
FETÖ: Global Dönüklik Tory

 

FETÖ: Global Dönüklik Tory

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) 251 adamyň şehit bolmagyna we müňlerçe raýatymyzyň ýaralanmagyna sebäp bolan agdarlyşyk synanşygynyň guralanyna 3 ýyl doldy. Türkiýäniň howpsyzlyk, razwedka, kazyýet ýaly ähli strategik guramalaryna gizlinlik bilen ornaşan FETÖ agzalary gözegçiligine alan guramalaryny, döwletiň uçarlaryny, tanklaryny peýdalanyp milletimizi, Mejlisi, Prezidentiň kompleksini bombalap, agdarlyşyk etmäge synanşypdy. Wagtyň geçmegi bilen FETÖ-niň Türkiýe we dünýä üçin nähili howp emele getirýändigine has gowy göz ýetirilýär. FETÖ-niň global derejede emele getirýän howpy we oňa garşy görülmeli çäreler barada durup geçmek isleýäris.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

FETÖ-nin global tarapy we onuň häzirki ýagdaýy

Türkiýe ýaly esaslandyryjy döwletler global gudratlylar tarapyndan ýalňyz goýulmaýar. Germaniýa häzirki wagtda 2-nji Jahan urşundan soň özüne görkezilen ulgam we rejim bilen dolandyrylýar. Türkiýe hem uzak ýyllaryň dowamynda hossarçylyk rejimleri tarapyndan dolandyryldy. FETÖ sowuk uruşdan soň Türkiýe üçin döredilen täze hossarçylyk ulgamydyr. Türkiýäniň geografiýasy we taryhy çuňlugy sebäpli Türkiýä berilýän ähmiýet göz öňünde tutulanda FETÖ Türkiýäniň üsti bilen döredilen sebitleýin hossarçylyk taslamasydyr. Özüni gizlemekdäki, islendik häsýete eýe bolup giden ýurdundaky ulgamy ele geçirmekdäki üstünligi göz öňünde tutulanda FETÖ global hossarçylyk guramasyna öwrüldi.

15-nji iýulyň 3-nji ýylynda FETÖ-niň gutaryp gutarmandygy diskussiýa edilýär. Özüni gizlemäge we adamlary aldatmaga esaslanýan terror guramasy barada anyk bir zat aýtmak kyn. Emma indi maskasy görülendigi üçin FETÖ-niň Türkiýede guramaçylykly operasiýa mümkinçiligi azaldy. Türkiýede indi FETÖ artykmaç güýje eýe däl. FETÖ mundan soň Türkiýede guramaçylykly operasiýa mümkinçiligi taýdan däl, agzalarynyň şahsy terror mümkinçilikleri taýdan uly howp bolup durýar.

Beýan edişimiz ýaly Türkiýe ýaly ýurtlar elmydama gözegçilik astynda tutulmak islener. Şol sebäpli täze hossarçylyk faktorlary hökmünde täze FETÖ ähtimallyklary elmydama ýüze çykyp biler.

FETÖ esasan global arenada uly howp bolmagynda galýar.

FETÖ, PKK, DAIŞ ýaly guramalar global güýçler üçin funksional guramalardyr. Döwrebap dünýäde uruşlaryň görnüşi üýtgedi. Biologik uruşlar, genetikasy özgerdilen mör-möjekler hem täze görnüşli uruşlaryň faktorlaryndan käbiri. PKK we DAIŞ bilen deňeşdirilende genetikasy özgerdilen gurama hökmünde FETÖ has güýçli guramadyr. Çünki 150-den gowrak ýurda ýokaşdyryldy. Şol çäkde goldaw berýän howpsyzlyk gulluklary FETÖ-ni özleri üçin funksional ýaly kabul edýärler. Öndürilen biologik mör-möjeklerden tapawutlykda diňe bir tebigatda däl, baran ýurtlarynyň merkezinde, howpsyzlyk, razwedka, kazyýet we beýleki strategik guramalarynda işjeň pozisiýa eýeleýärler.

Beýleki tarapdan ýerleşýän ýurtlarynyň esasy köplüginde hakyky ýüzi bilen tanalmaýar. FETÖ-ni jemgyýetçilik, dini guramasy hökmünde kabul edýärler. Şol ýurtlar biologik mör-möjekler ýa-da enjamlar ýaly FETÖ-niň başga ýurtlar bilen ýerleşýän ýurtlaryna garşy maglumat berýändigini bilmeýändirlerem.

Türkiýe taýdan bolsa üstünliksiz synanşyklaryndan soň Türkiýä garşy çepçi, PKK, ermeni sferasy bilen hyzmatdaşlyk edilen zyýan ýetirmäge synanşýarlar.

Nämeler edilmeli?

Global derejede: FETÖ bilen işleşýän ýurtlaryň howpsyzlyk gulluklary FETÖ dönüklik maksatnamasynyň özleri bilen utgaşykly işlejekdigini pikir edip bilerler.  FETÖ-den peýdalanýandyklaryny pikir edip bilerler. Emma FETÖ özünden peýdalanýan ýurtlaryň howpsyzlyk gulluklary üçin hem howp bolup durýar. Maşgalalaryna, ýurduna, jemgyýetine wepasy bolmadyk terror guramasynyň şol ýurtlara wepaly bolmagyna garaşmak hakykata bap gelermi?

Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bütin dünýä agdarlyşyga garşy nähili göreşilmeli, demokratiýa, milli ygtyýar, azatlyklar we jemgyýetçilik nähili goralmaly, bulary nusgawy görnüşde görkezdi. Türkiýe BMG, Ýewropa Geňeşi we beýleki halkara guramalara demokratiýa, jemgyýetçilik guramalary we azatlyklary goramagy maksat edinýän resmi ýa-da jemgyýetçilik guramalary bilen şol tejribesini bölüşmek üçin hyzmatdaşlyk etmeli. Bu ugurda degişli guramalar bilen bilelikde maksatnama taýarlamaly.

Gahryman mejlis bolan Türkiýäniň Mejlisi her ýyl global derejede “15-nji iýul Milli Ygyýar” baýraklaryny bermeli.

Iş alyp barýan ýurtlary boýunça: Türkiýe FETÖ-niň degişli ýurtlardaky esasanda magaryf pudagyndaky işlerine garşy işjeň tagalla edýar. Emma ýetilen sepgitde FETÖ iş alyp barýan köp sanly ýurdunda köp sanly strategik ýerleri gözegçiligine alypdyr, käbir ýurtlara dolulygyna gözegçilik edýär. Olar parhyna barmaýan hem bolsalar başdan geçirýän howplaryna göz ýetirmekleri üçin edilýän tagallalar üznüksiz dowam etdirilmeli.

Döwlet, howpsyzlyk we döwlet edaralary derejesinde: Prezidentimiz FETÖ garşy göreşi güýçli dowam etdirýär. Beýleki döwlet edaralarymyz hem degişli guramalaryna FETÖ-niň Türkiýe üçin däl, esasan özleri üçin howp emele getirýändigi barada giňişleýin maglumat bermeli.

Uniwersitetler/ylmy-barlag guramalary/Intelligensiýa: Türkiýäniň ýeten sepgidine garamazdan adaty bir adamyň kult guramananyň içinde nähili mankurda öwrülýändigi, ýoýlan ynanç bilen ähli erbetligi edip bilýän adama nähili öwrülýändiginiň tapgyrlary henizem öwrenilmedi. Gurama bilen gatnaşyk edenler üçin anti-wirus maksatnamasy düzmek başartmady. Döwletleriň ýokary okuw jaýlary, ylmy-barlag guramalary, alymlary we ruhanylary şol maksatnamany düzmek üçin bilelikde işleşmeli. Türkiýe uniwersitetleri we ylmy-barlag guramalary, esasan-da FETÖ-niň işjeň bolan ýurtlaryndaky degişli edaralar bilen bilelikde habarnamalar taýarlap, işjeň maslahatlar geçirip, tejribe alyşyp biler.

Esasanda intelligensiýanyň wekilleri, adaty raýatlar FETÖ-niň nähili raýatdygyny gowy seljermeli, FETÖ barada düşündiriş işlerine şert döredilmeli.

Media/maglumat beriş/wagyz ediş işleri: Esasan-da biziň ýaly jemgyýetler ýatdan çykarmaga meýilli. Şeýle pajygalaryň gaýtalanmazlygy, tejribeleriň geljek nesillere ýetirilmegi üçin iş alynyp barylmaly. Şol çäkde iň köp şehidiň bolan ýerlerinde FETÖ dönüklik muzeýleri açylmaly. Göçme FETÖ dönüklik sergileri açylmaly. Şol muzeýlerde we sergilerde raýatlaryň şol gün eden gahrymanlyklary, olaryň ömür beýany, hususy goşlary, hossarlarynyň garaýyşlary sergilenmeli. Sergiler daşary ýurtlarda-da açylmaly.

Türkiýe FETÖ meselesinde agyr ýitgiler çekip, şehitler berip, taryhynyň iň bir misginsokar terror guramasyna garşy uly hüşgärlik döretdi. Şol howpy öz ýurdy üçin esasan ortadan aýyrdy. Türkiýe öz çeken agyr ýitgilerini başga ýurtlaryň çekmegini, özüne edilen dönükligiň olara hem edilmegini islemeýär. Şol ugurda tagalla edýär. Türkiýäniň tagallalarynyň dostlary we degişli ýurtlar tarapyndan agyr ýitgiler çekilmänkä görülmegini tama edýärin.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň “FETÖ: Dönüklik tory” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar