Hytaýa Nähili Garamaly? 2

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1230025
Hytaýa Nähili Garamaly? 2

 

Hytaýa Nähili Garamaly? 2

 

Gepleşigimiziň geçen sanynda Türkiýede Hytaý meselesinde dürli garaýyşlaryň bardygyny beýan edip, Hytaýyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň çakylygyna laýyklykda İram-yň guramagynda Hytaýa guran iş saparymyz baradaky garaýyşlarymyzy dykgatyňyza ýetiripdik. Gepleşigimizi dowam etdirýäris.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Iki ýurduň çyzylan serhet çekme tagallasy: Hytaý we Türkiýe düýpli taryha, medeniýete eýe bolan, emma 20-nji asyrda şol taryhy tejribesi we pozisiýasy esasan çäklendirilen ýurt. Garaşylýanynyň tersine iki ýurt hem globallaşma tapgyrlarynda günbatar ýurtlaryndan uly bähbide eýe boldular. Günbatar ýurtlaryndan has uly girdeji aldylar. Ýetilen sepgitde 20-nji asyrda özlerine çekilen serhetleri aşmak ugrunda tagalla edýärler. Türkiýe ony has mese-mälim edýän bolsa, Hytaý asuda we duýdansyz barýar.

Iki ýurduň sezewar bolýan çäklendirmeleri, biri-birine bolan islegi: Türkiýe hem Hytaý ýaly çalt depginde ösýän, geljekki ýyllarda dünýäniň belli ykdysady güýçleriniň arasynda ady agzalýan ýurtlardan biri. Hytaý we Türkiýe global derejede pozisiýalaryny güýçlendirmek isleýän bolsa, global güýçler tarapyndan dürli kynçylyklara sezewar edilýär. Global güýçler bilen bir taraply däl, deňagramly gatnaşyklar açmaga synanşýan iki ýurt birmeňzeş strategik kynçylyklary başdan geçirýär. Iki ýurt hem tebigy serişdeler taýdan daşary ýurtlara garaşly. Iki ýurt hem özlerini çäklendiriji syýasatlary deňagramlaşdyrmak üçin köpugurly strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmaly. Köp sanly global waka boýunça iki  ýurduň birmeňzeş pozisiýa eýeleýändigi hem görülýär. iki ýurduň ABŞ-nyň sanksiýa we basyş howpynyň astynda bolmagy, Amerikan garaýyşyna esaslanýan Ýakyn Gündogar syýasatlaryny kabul etmezligi, öndürýän we söwda edýän ýurt bolmagy, şol sebäpli Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen bilelikde başga ýurtlara hem haryt satmak üçin dünýäde parahatçylyga mätäçlik duýmagy, güýçlenýän ýurtlar bolmandyklary üçin aç-açanlyk syýasat alyp barmaklary, Amerikan dollaryny ulanýandyklary sebäpli ýüze çykan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin milli pul birliginden peýdalanmak ugrundaky gözlegler… Prezident R.T.Erdoganyň Hytaýdaky “Global Taýms” gazetine ýazan makalasynda beýan edişi ýaly täze bir dünýä ulgamynyň gurulmagy üçin iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi iňňän möhüm. Bar bolan hyzmatdaşlyk potensiallary üçin iki  ýurt aralaryndaky düşnüşmezlikleri aç-açan ara alyp maslahatlaşmaly.

Uýgur meselesi ýa-da has uly strategiýanyň ähmiýeti: Türkiýeden Hytaýa çakylyk bilen ýa-da özbaşdak gelenleriň tas ählisi Hytaýyň uýgurlar meselesinde iňňän ynjykdygyny, şol sebäpli bu meseläni asla gozgamaly däldigimizi duýdurypdylar. Şol duýduryşlar meniň üçin düşnüksizdi. Şeýle ynjyk mesele bar bolsa ony maslahatlaşmazlyk, görmediksiremek hakykata näderejede laýyk geler? Bu tebigy däl çemeleşme näçe wagt dowam eder? Şeýle-de mesele şeýle ynjyk bolýan bolsa ony ara alyp maslahatlaşman başga meseleler bilen gyzyklanyp bolarmy? Ol öz-özümizi aldatmak bolmazmy?

Garaşyşym ýalam boldy. Her 4 duşuşykdan üçünde şol mesele gün tertibine geldi. Köplenç hytaýlylar tarapyndan, käte biz tarapyndan. Iňňän geň galdyryjy, bu meselede Hytaý tarapynda Türkiýe tarapyndakydan has uly ünsliligiň bardygyny gördük. Biziň tarapymyzdan meseläniň nähili görünýändigini bilýäris. Iş saparymyz Hytaý tarapyndan bu meselä nähili garalýandygyny görmegimize sebäp boldy. Hytaý tarapy ony günbatar ýurtlarynyň öz depginlerini gowşatmak üçin yzgiderli häsýetde gün tertibine getirýän meselesi hökmünde kabul edýär. Uýgurlary, şol ýurtlaryň özlerine garşy peýdalanýan serişdesi hökmünde görýärler. Onuň öz içerki meseleleridigini, Türkiýäniň içeri işlere goşulyşmaly däldigini beýan edýärler. Günbatar ýurtlarynyň özlerini bölmek ugrundaky tagallasyna Türkiýäniň goldaw bermegini islemeýarler.

Uýgur sebiti Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary taýdan möhüm. Uýgurlar barada Türkiýe bilen günbatar ýurtlarynyň pozisiýalary biri-birinden doly tapawutly. Käbir günbatar ýurtlarynyň Krym meselesinde Russiýada bolşy ýaly, uýgurlary Hytaýyň ösüş depgini bökdemek üçin serişde hökmünde peýdalanmak isleýär. Şol ýurtlar üçin uýgurlar gumanitar halk däl, eýsem garşydaşlaryna zyýan bermekden başga many aňlatmaýar. Eýsem Türkiýäniň uýgurlara bolan gyzyklanmasy taryhy we medeni sebäplerden, garyndaşlyk gatnaşyklaryndan gelip çykýar. Türkiýäniň başga ýurtlarda-da soýdaşlary we garyndaş halkary ýaşaýar. Türkiýäniň şolar bilen gatnaşygy islege baglylyk däl, eýsem taryhy borçlulykdan gelip çykýar. Türkiýe Balkan ýurtlary, Russiýa, Ýakyn Gündogar, Eýran we beýleki ýurtlardaky türk halklaryny şol ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin pursat hökmünde kabul edýär. Türkiýe uýgurlara asla başga ýurtlar ýaly çemeleşmez. Şol sebäpli Türkiýäniň şol ýurtlar ýaly başga gün tertibi, gizli maksatlary ýok.

Bilelikdäki işjeň topar: Uýgurlaryň özlerine garşy peýdalanylma ähtimallygyna garşy Hytaýyň pozisiýasyny berkitjek ýeke-täk ýurt belkem Türkiýedir. Hytaýyň has açyk syýasat alyp barmagy, Türkiýe blen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi özüne garşy alynyp barylýan syýasatlaryň täsirini azaltsa gerek. Şol çäkde iki ýurduň alysdan biri-birine şübhe bilen garamagyň ýerine, ýakyn gatnaşyk açmagy möhüm. Şol çäkde uýgur awtanomiýasynyň başda durmagynda Hytaý bilen Türkiýäniň arasyndaky düşnüşmezlikleri çözmek üçin bilelikdäki iş topary döredilmeli.

Beýleki tarapdan uýgur awtanonmiýasynda başdan geçirilýänleri görmediksiräp bolmaz. Şeýle çemeleşmek bilen hakyky gatnaşyk açyp bolmaz. Ýerliksiz çemeleşmäniň ne Hytaýa, ne Türkiýä ne-de uýgurlara peýdasy bolar. Ilki bilen Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary boýunça strategik garaýyş kesgitlenmeli. Uýgurlar Türkiýe-Hytaý strategik gatnaşyklarynyň bir bölegini emele getirmeli. Bu meselede netije ýakyn işleşmek we strategik garaýyş arkaly alynar.

Jemläp aýdanymyzda Hytaýyň ykdysadyýetiniň güýçlenmegi, tehnologik ösüşi, dünýäde günsaýyn güýçlenýän pozisiýasy we Türkiýe potensial hyzmatdaşlyk ugurlary ünsden düşürilmeli däl. Kabul etmeseler hem Hytaý super güýç bolmak üçin ýokary depginde öňe barýar. Hytaý syýasaty, halkara gatnaşyklary, ykdysadyýeti, sosiologiýasy, medeniýeti, raýat we harby tehnologiýasy hem-de beýleki ugurlary barada döwlet edaralarymyzyň, uniwersitetlerimiziň, ylmy-barlag guramalarymyzyň, hususy pudagymyzyň has köp işleme we hünärmenleri taýarlama mejburly mälim. Ýoluň başyndadygymyzy ýatdan çykarman ýurdumyzyň wekilçilik edýan missiýasynyň global döwürde gerek bolan pozisiýany eýelemegi üçin Hytaý bilen gatnaşyklar hakynda maglumat edinmek we öz perspektiwamyza laýyklykda strategik hyzmatdaşlyk etmek möhüm.


Etiketkalar: #ynjyk , #strategik , #Uýgur , #Hytaý

Degişli Habarlar