S-400-mi? ABŞ-nyň Ugruny Üýtgetmegimi 2

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1221283
S-400-mi? ABŞ-nyň Ugruny Üýtgetmegimi 2

 

S-400-mi? ABŞ-nyň Ugruny Üýtgetmegimi 2

Gepleşigimiziň geçen sanynda Ýalta maslahatyndan soň döredilen sowuk söweş ulgamynyň dargaýandygyny, emma henize çenli täze bir ulgamyň döredilmändigini beýan edipdik. Täze global ulgam gözleglerine, ABŞ, Russiýa we Hytaý ugurlaryna ünsi çekip, adalata esaslanýan täze bir ulgamyň döredilmeginiň hökmanydygyny nygtap geçipdik.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Umumy analizlerden soň temamyzy dowam etdirip, Türkiýe, Türkiýäniň howpsyzlyk boýunça islegleri barada durup geçeliň.

Türkiýäniň howpsyzlyk üpjünçiligi

1-nji Jahan urşunda territoriýasynyň esasy bölegini elden gideren Osman döwletinden soň gurlan Türkiýe Respublikasy territoriýasy kiçelen hem bolsa, barlygyny dowam etdirmegiň hötdesinden gelipdi. Sowet Soýuzynyň 1940-njy ýyllardaky açyk deňizlere çykmak syýasatyna parallellikde Türkiýeden bogazlar baradaky açyk talabyndan soň Türkiýe esasan günbatar blogy bilen hereket etmäge başlaýar. 1952-nji ýylda NATO agza bolýar. Günbatar blogunyň Russiýanyň daşyny gurşap alma syýasatyna laýyklykda Türkiýe öz üstüne düşýän borjuny berjaý edýär. NATO bolsa özüne aç-açan howp salýan Sowet Soýuzyna garşy Türkiýäniň howpsyzlyk üpjünçiligine goşant goşdy.

Sowuk uruşdan soň bolsa Russiýa günbatar üçin 1-nji derejeli howp bolmakdan çykarylýar. Türkiýe günbatar blogunda NATO agza ýurt hökmünde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini berjaý edýär. Emma muňa garamazdan günbatar döwletleri beýle çemeleşmeýärler. Türkiýe millionlarça siriýaly bosguny kabul edip, günbataryň demokratiýasyna we durnuklylygyna goşant goşýar, şeýlelikde günbatar ýurtlarynyň faşizmiň we nasizmiň gysajyna giriş depginini gowşadýar. Emma Türkiýe Siriýadan abanýan howplar boýunça ýalňyz galdyryldy. Has anyk aýdylanda Türkiýe häzirki wagtda NATO agzadygyna garamzdan esasanda Amerikan syýasatyndan abanýan açyk howpa sezewar. Özüne gerek bolan Patriot goranyş ulgamyny satyn almak baradaky islegi ABŞ tarapyndan kabul edilmedi, üssesine urşuň ortasynda ABŞ we Germaniýa tarapyndan getirilen patriotlar hem yza çekilipdi.

Beýleki tarapdan terror guramasy hökmünde ykrar edilýän, Türkiýäniň 50 müňden gowrak raýatyny ýitirmegine sebäp bolan, onlarça ýyldan bäri göreşýän guramasy bolan PKK we onuň Siriýadaky bölegi PÝD bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlyk etmegi, Türkiýe tarapyndan haýsydyr bir şertde kabul edilmesiz we serhet ýakasynda terror döwletiniň gurulmagy ugrundaky tagalla hökmünde analiz edilýär. Terror guramasy PÝD-niň 7 müň konteýner bilen getirilen harby üpjünçilik bilen goldanmagyna Türkiýe berk reaksiýa bildirýär.

Türkiýäniň howpsyzlyk islegini görmediksiräp, özüni goramagy üçin gerek bolan enjamlar berilmändigi üçin Türkiýäniň özüni goramak üçin Russiýa, Hytaý we başga ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegi mejburydyr. Häkimiýet başynda haýsy partiýa bolanda-da ýurdunyň geljegini  pikir edýän partiýalar ýurduny goramak üçin günbatar ýurtlaryndan goldaw tapman halatynda alternatiw gözlemän, oturyp, garaşmasa gerek. Türkiýäniň şeýle etmegine garaşmak akýüreklilik bilen bolmasa, Türkiýäni has agyr kynçylyklara sezewar etmek maksady bilen düşündirlip bilner.

ABŞ-nyň Ugrunyň Üýtgemegi

Şu günki günde Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlar henizem ABŞ-nyn howpsyzlyk saýawanynyň astynda. ABŞ-nyň döreden şertleri bilen durnuklylyklaryny we ösüşlerini dowam etdirýärler. Türkiýä hem sowuk söweş döwründe şeýle şert döredilipdi. Emma ýetilen sepgitde sowuk uruşdan soň Türkiýä howpsyzlyk saýawanynyň tutulmagy beýlede dursun, Türkiýäniň howpsyzlygyna aç-açan wehim salynýar.

Türkiýe günbatar blogunda NATO-nyň çäginde onlarça ýyllap öz üstüne düşýän jogapkärçilikleri artykmajy bilen ýerine ýetiren ýurt. Şu günki günde-de Türkiýäniň pozisiýasy üýtgemedi. Şol sebäpli soňky ýyllarda günbatarly we günbatarçy intelligentleriň egilşiksiz nygtamaklarynyň tersine ugruny üýtgeden Türkiýe däl, umuman günbatar, hususan bolsa ABŞ.

ABŞ-nyň ugrunyň üýtgemegi diňe bir Türkiýe garşy däl. ABŞ-nyň goňşulary Meksika, Kanada, ÝB-ne agza ýurtlar hem şol ugur özgerlişiginiň netijelerini başdan geçirýär. Şol sanda Eýran, Demirgazyk Koreýa, Latyn Amerika ýurtlary, Russiýa we Hytaý bilen ýüze çykan dartgynlyklary hem şol çäkde seljermek bolar.

ABŞ-nyň ugrunyň üýtgemeginiň sebäpleri başga bir gepleşige tema bolup biler. Şol sebäpleri diňe bir sowuk uruşdan soň özgeren şertleriň arasynda däl, globallaşma tapgyrlaryndan ABŞ-nyň we günbatar ýurtlarynyň ýeterlik derejede bähbit gazanmandygy, şol sebäpli ABŞ-nyň global liderligini elden girdermek gorkusy bilen ozal liderlik eden durnukly, aç-açan we bäsleşikli syýasatlaryna doly ters syýasat alyp barmagynda gözlemek bolar.

NATO bilen ABŞ-nyň arasyndaky pozisiýa tapawutlygy

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan Milli goranmak ministri Hulusi Akara ýazan hatynda Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny almagynyň ABŞ we NATO bilen edilýän hyzmatdaşlyga zyýan ýetirjekdigini, goranyş pudagynyň we ykdysady maksatlarynyň, ösüşiň we halkara söwda gatnaşyklarynyň ondan zyýan çekjekdigini beýan edendigi habar beriş serişdelerinde habar berildi. Şanahanyň “Türkiýäniň S-400 ulgamyny kabul edip alan halatynda F-35 söweş uçarlaryny alyp bilmejekdigini” beýan edendigi bilinýär.

Diňe şol hatyň özem Türkiýäniň öz howpsyzlygyny haýsydyr bir tarapa degişli etmeli däldigini görkezýär. Türkiýä ozal köp sanly ýurduň gatnaşan we bilelikde öndürmek barada ylalaşylan F-35 harby uçar taslamasyndan bir taraply çykarylma hemlesi atylýar.

Şanahan tarapyndan beýan edilen S-400 ulgamynyň alynmagyndan Türkiýäniň NATO bilen gatnaşyklarynyň hem zyýan çekjekdiginiň nädogrudygy bolsa Türkiýä guran saparynyň dowamynda gönüden NATO-nyň baş sekretary tarapyndan beýan edilipdi. Baş sekretar Ýens Stoltenberg NATO agza ýurtlaryň özlerini goramaga hukuklarynyň bardygyny aýdypdy.

Netijede Türkiýe günbatar ýurtlary we ABŞ bilen deňeşdirilende belkem pozisiýasyny iň az üýtgeden ýurt. Türkiýe taryhy arkalaşyklary bes etmegiň gözleginde däl. Pozisiýasyny üýtgeden ýa-da ugrundan gyşarnyklyk eden Türkiýäniň howpsyzlygyna äsgermezçilik edýän, terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, serhedinde terror döwletini gurmak isleýän käbir günbatar ýurtlary, esasanda ABŞ. Sowuk söweş döwri bilen deňeşdirilende günbatardaky gyşarnyklyk aç-açan ortada durka Türkiýe S-400 ýa-da şuňa meňzeş ulgamlar bilen öz howpsyzlygyny üpjün etmekden näme üçin el çeksin?

 

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar