Rize, Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitinde ýerleşýän şäher

Rize, Anadolynyň demirgazyk-gündogarynda Kaçkar daglary bilen Gara deňiziň arasynda örän dik eňňitde ýerleşýär

1215863
Rize, Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitinde ýerleşýän  şäher

Rize, Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitinde ýerleşýän bir şäher... Onuň esasy aýratynlygy bolsa ýap-ýaşyl tebigatydyr.

Rize, Türkiýede deňsiz-taýsyz owadan ýaýlaglary, agaçlaryň ençeme görnüşi we ösümlik dünýäsiniň köp dürlüligi bilen meşhur tokaýlary, derýalary, jülgeleri, daglary, buzly kölleri bilen meşhurdyr. Şäher diňe tebigy gözellikleri bilen meşhur bolman, eýsem medeni we taryhy tapyndylara hem baý ýerdir.

Rize, Anadolynyň demirgazyk-gündogarynda Kaçkar daglary bilen Gara deňiziň arasynda örän dik eňňitde ýerleşýär. Sebitiň tebigy ösümlik dünýäsi, kenarlarda nemiň we ýagyşyň köp bolmagy sebäpli uly ýaprakly gür tokaýlyklardan doludyr. Rize özünde Türkiýäniň tokaýlarynyň 25 göterimini özünde jemleýär we eýe bolan tokaýlary taýdan Türkiýäniň iň baý sebitidir...

Aýder, Anzer, Owit, Pokut, Sal, Gito, Elewit, Çiçekli ýaýlaglary Rizeniň iň meşhur ýaýlaglarydyr... Bu ýaýlaglaryň käbirinde maldarçylyk we oba-hojalyk işleri häzirki wagtda hem alynyp barylýar we aglabasy syýahatçylyk üçin açyldy... Kaçkar daglaryna serpilen ýaýlaglary: aslyna muwapyk, nusgawy ýaýlag öýleri, onlarça ösümlik we agaç görnüşleri bilen gelen myhmanlara gujak açýar. Ýaýlaglaryň aglabasynda öý pansionlary bardyr. Sebit höwesjeň adamlar üçin spordyň alpinizm we trekking görnüşlerini hödürleýär.

Öz möwsüminde, esasan hem ýaz aýlarynda ýa-da tomus aýlarynyň başynda gitseňiz, gülleriň onlarça görnüşiniň ýakymly yslary bilen öýkenleriňizi doldurmagyňyz mümkin.

Rizeniň ýaýlaglary, baý flora we fauna gurluşy bilen, kiçili-ululy ençeme buzly kölleri bilen görmäge degjek ýerleriň biridir. Höwesjeň adamlara biri-birinden tapawutly mümkinçilikler hödürleýär. Aýder ýaýlagyndaky şypaly suwlar adamlara şypa paýlaýar.

Aýder ýaýlagy, beýleki ýaýlaglardan tapawutlylykda, nusgawy öýler bilen birlikde, myhmanhanalarda dynç almak üçin hem mümkinçilik döredýär.

2100 metr beýiklikdäki Anzer ýaýlagynyň şypa çeşmesi bolan Anzer baly hem dünýä meşhur ballaryň biridir. Adamyň saglygyna köp peýdasy bardygy bilinýän Anzer baly, ýaýlaglaryň müň dürli gülleriniň jemi ýaly. Tomus aýlarynda ýaşylyň biri-birinden tapawutly tonlaryna, gyş aýlarynda bolsa sary we gyzyl reňklere bürenip, ýapraklaryny döken agaçlary bilen esasan hem tebigaty halaýan we surat düşürmegi söýen adamlaryň elýetmez ýerlerindendir.

Käbir ýaýlaglarda paraplan üçin, käbirlerinde bolsa gyşky syýahatçylyk üçin geografik mümkinçilikler bar.

Kaçkar daglarynyň Gara deňize seredýän eňňitlerindäki kiçi çeşmeleriň birleşmegi emele gelen we Rize welaýatynyň Ardeşen etrabynyň golaýynda Gara deňize guýulýan Fyrtyna derýasynda, tebigy ýaşaýyş ähli gözlligi bilen dowam edýär. Rizeniň aglaba ýerinde nesli gutaryp barýan gyzyl menekli forel balyklaryny görmek mümkin. 57 km uzynlygyndaky Fyrtna derýasynyň spordyň rafting görnüşini ýerine ýetirmek üçin oňaýly ýerleri bar.

 

Rizede geçmişi 13-14-nji asyra çenli uzap gidýän köp sanda gala bar. Goranmak, habarlaşmak, gözegçilik etmek, ýeterlik derejede harby güýç ýerleşdirmek ýaly sebäpler bilen gurulan bu galalaryň iň meşhury bolsa Zil galasydyr. Görnüşi bilen Orta asyrlara alyp gidýän Zil galasy, öz zamanasynda şäherdäki Waroş gala, Jiha gala we Gyz galasy ýaly hem sebitiň hem-de Anadola uzanýan kerwen ýollarynyň howpsyzlygyny üpjün edýärdi.

Eger Rize gitseňiz baý kislorodly ýaýlaglaryna çykmadan, baý kolleksiýa eýe bolan muzeýini görmeden, geçmişi ýüzlerçe ýyllyk bolan asma köprülerini surata düşürmeden, ançously palwyny we ançously çöregini datmadan, meşhur Rize çaýyndan içmeden, sebitiň milli el işlerinden bolan feretiko matasyndan satyn almadan gaýdyjy bolmaň.

Tebigatyň adamzada beren gözellikleriniň lezzetini almak isleýän bolsaňyz, mähirli, myhmansöýer halky bilen Rize size garaşýar.


Etiketkalar: #Rize , #ösümlik , #ýaýlag

Degişli Habarlar