Sinop mawy bilen ýaşylyň eriş-argaç geçýän ajaýyp gözelliklerine eýe bolan zolaklaryndan biri

Türkiýä Gezelenç 21

1205366
Sinop mawy bilen ýaşylyň eriş-argaç geçýän ajaýyp gözelliklerine eýe bolan zolaklaryndan biri

 

 

Sinop Türkiýäniň Gara deňiziň kenarynda ýerleşýän şäherlerinden biri… Mawy bilen ýaşylyň eriş-argaç geçýän ajaýyp gözelliklerine eýe bolan zolaklaryndan biri.

Sinop b.e.ozalky 7-nji asyrda söwda koloniýa hökmünde gurulýar. Garaýyşlardan birine görä ady mifologiýada derýa taňrysy Asoposyň suw perisi gyzy hökmünde gürrüň berilýän Sinopeden gelip çykýar. Beýleki bir garaýyşa görä bolsa ady Assirileriň aý taňrysy “Sinden” gelip çykýar.

Arheologik galyndylar Sinop welaýatynyň we etraplarynyň gadymy döwürlerden bäri gür ilatly ýaşaýyş zolagy bolandygyny görkezýär. Geografik ýerleşişi we tebigy port özboluşlygy, Gara deňizden ösýän ýele ýapyk bolmagy ýerleşiş taýdan saýlanyp alynmagyna sebäp bolupdyr. Makedoniýanyň Şasy İskenderiň zamanasynda şäher gülläp ösüpdür. Ylymda we medeniýetde uly ösüş edilip, alymlar, filosoflar hemaýat astyna alynypdyr. Soň Rimiň we Wizantiýanyň häkimiýetine geçipdir. 11-nji asyryň ahyrlarynda bolsa türk häkimiýetine birikdirilýär.

Sinop gelenleri deňsiz tebigy gözellikleri we taryhy eserleri bilen garşy alýar. Şolaryň esasylary bolan Hamsilos aýlagy; Türkiýäniň iň demirgazyk nokadynda ýerleşýär. Geçmişde harby gämileriň gizlenen, häzirki döwürde bolsa balykçylaryň tupanly howalarda sygynýan aýlagynyň emele geliş ösboluşlyklary taýdan ýeke-täk taýy Norwegiýada ýerleşýär.

Ady gumagynyň reňkinden gelip çykýan Sarygum we Garagum aýlagy bilen Akliman deňiz syýahatylygy bilen gyzyklanýanlara ajaýyp gözellikleri hödürleýär.

Ululy-kiçili jemi 28 şaglawukdan ybarat bolan Erfelek şaglawugy tebigy ýörişleri halaýanlar üçin suw degirmenlerini öz içine alýan ýabany durmuşy syn etmäge amatly ýöriş zolagyny emele getirýär. 28 basgançakly şaglawuga dyrmaşsaňyz size ajaýyp türk kofesi garaşýar.

B.e.ozalky 7-nji asyrda gurulmaga başlanan Sinop galasy, ýerasty tunelleri bolan Boýabat galasy sebitiň taryhy barada size maglumat berýär.

Türkiýäniň iň demirgazyk nokadynda ýerleşýän akja minarasy bilen Injeburun deňiz maýagy 19-njy asyryň ortalaryndan bäri hem gämilere ýol görkezýär, hem-de Gara deňiziň deňsiz gözelligine esewan etmäge şert döredýär.

Boýabat etrabyndaky Bazalt gaýalyklar köp sanly ýerli we daşary ýurtly syýahatçyny özüne çekýän ýerlerden biri.

Sinopdaky esasy binalardan biri Sinop tussaghanasy. Ýüzlerçe ýyl ozal gala hökmünde gurlupdyr. Soňky döwürlerde özgerdilip, abatlanýar we täze bölümler goşulýar. Içerki gala, giň diwarlary we minaralary bolan bina, bir döwür gämi gurluşyk werfi, soňlar tussaghana hökmünde ulanylypdyr. Häzirki wagtda muzeýe öwrülipdir.

Akgöl, Inalty gowagy, Arheologiýa muzeýi şäherde görülmäge mynasyp ýerlerden käbirleri.

Sinop: “Menden bir islegiň barmy” diýip soran Beýik İskendere “Gölge düşürme başga yhsan islemen” diýip, jogap beren meşhur filozof Diýogeniň dünýä inen diýary…

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň üç ýyldan bäri geçirýän barlagyna görä Türkiýäniň “iň bagtyýar şäheri”…

Sinoplylaryň özüni “bagtly” diýip häsýetlendirmekleriniň sebäbini ýerinde görmek, bagtly adamlaryň şäherinde tebigy we taryhy gözelliklere esewan etmek etmek isleýänlere Sinop garaşýar.



Degişli Habarlar