Hantos we Letoon, taryhy b.e.ozalky 3000-nji ýyllara çenli uzap gidýän gadymy şäherler

Türkiýä Gezelenç 13

1170986
Hantos we Letoon, taryhy b.e.ozalky 3000-nji ýyllara çenli uzap gidýän gadymy şäherler

 

 

Hantos we Letoon, taryhy b.e.ozalky 3000-nji ýyllara çenli uza gidýän gadymy şäherler… Türkiýäniň Orataýer deňzi sebitinde Antalýa we Mugla welaýatlarynyň çäklerindäki şäherler UNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawynda.

Hantosyň gadymy döwürde Likiýanyň esasy dolanşyk merkezi we paýtagty bolandygy bilinýär. B.e.ozalky 545-nji ýylda persleriň häkimiýetine geçýänkä garaşsyz bolan şäher, şondan ýüz ýyla golaý soň doly ýanypdyr. Ýangyndan soň gaýtadan dikeldilipdir, hatda b.e.ozalky 2-nji asyrda Likiýa bileleşiginiň paýtagty hökmünde yglan edilipdir.

Soň nobaty bilen Rimiň we Wizantiýanyň gözegçiligine geçen Hantos 7-nji asyrdaky arap hüjümlerine çenli Wizantiýa tabyn bolupdyr. Şähere ornaşan her bir swilizasiýanyň guran binalarynda Likiýa mahsus özbolyşlyklary, Elenistik we Rim döwrüniň täsirlerini görmek mümkin… Diwarlar bilen gurşalan şäheriň iň bir täsin galyndylary Elenistik döwre degişli teatr, aramgähler, Likiýa sarkofaglarynyň üstündäki güberçeklerdir ýazgylar.

Hantosa 4 kilometr alysda ýerleşýän gadymy Letoon şäheri bolsa Likiýanyň dini merkezi bolupdyr.

30 ýyldan bäri dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylan galyndylara görä, ilkinji ýaşaýyşyň b.e.ozalky 7-nji asyrda başlandygy görülýär. Gadymy şäher merkezinde hatara gurulan üç sany ybadathana bar. Olar Artemise, Apollona we Leto bagyşlanyp gurlupdyr. Tapylan lik, arami we grek dillerinde ýazylan üçdilli ýazgy, Likiýa diliniň öwrenilmegine uly goşant goşupdyr. Ybadathaalaryň ýanynda bir sany çeşme we irki hristianlyk döwrüne degişli buthana ýerleşýär. Elenistik döwürden galan teatr görülmäge mynasyp ýerlerden biri.

Hantos we Letoon özünde jemleýän arheologik galyndylar hem-de Likiýa swilizasiýasynyň özboluşlygy taýdan dünýä mirasynyň esasy gymmatlyklary.

Gadymy şäherleri görmek üçin sebite barsaňyz; deňiz pyşdyllarynyň Türkiýedäki esasy köpeliş giňişliklerinden biri bolan Patara plýažynda deňizde suwa düşünmegiňizi, Kekowa aýlagynda suwuň aşagyndaky gadymy Simena şäheriniň üstünde kanoda typmagy, Saklykent kanionynda ýöriş etmegiňizi, Demredäki Aýababa buthanasyna baryp görmegiňizi, ajaýyp aýlaglarda gaýykly gezelenç etmegiňizi maslahat berýäris.



Degişli Habarlar