Türkiýäniň 180 Ýyllyk Ýerli Saýlawlary

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça syny

1162833
Türkiýäniň 180 Ýyllyk Ýerli Saýlawlary

Hepdäniň Syny 

 

 

Türkiýe 2019-njy ýylyň 31-nji martynda ýerli saýlawlaryny geçirer. Syýasy partiýalar we garaşsyz dalaşgärler saýlawda üstün çykmak üçin kampaniýalaryny dowam etdirýärler. Men hem gepleşigimiziň bu sanynda saýlawlar boýunça synlarymy we ýerli saýlawlaryň eýe bolan ähmiýeti baradaky garaýyşlarymy dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýede ilkinji ýerli mejlis saýlawlary Özgertmeler permanynyň çykmagyndan bir ýyl soň, 1840-njy ýylda geçirilýär. Prof.Mehmet Alkanyň pikirine görä, ýerli mejlis agzalaryny kesgitlemek üçin geçirilen şol saýlaw, taryhymyzdaky ilkinji ýerli mejlis saýlawlary. Şol saýlawlaryň beýleki bir özboluşlygy bolsa ilkinji gönüden demokratiýa tejribelerinden biri bolmagy. Şeýlelik bilen Osman döwletiniň musulman we musulman däl halky saýlaw bilen tanyşýar. Stambulyň şäher häkimligi 1855-nji ýylda, Beýogly 6-njy etrap häkimligi 1855-nji ýylda döredilýär. 1860-njy ýyllardan soň Osman döwründe şäherlerde etrap mejlisleri barha ýaýbaňlanýar. Ýerli saýlawlar baradaky ilkinji düzgünnama bolsa 1868-nji ýyldaky “Häkimlikler baradaky düzgünnamadyr.”

Respublika döwründe bolsa ilkinji ýerli saýlaw 1930-njy ýylda geçirilýär. 1930-njy ýyldan biziň döwrümize çenli, 2019-njy ýylda geçiriljek ýerli saýlaw Respublika döwründäki 19-njy ýerli saýlaw. 1950-nji ýylda köp partiýaly demokratik ulgama geçilenden soňky 14-nji saýlaw.

Prezident dolanşygyna geçilenden soňky ilkinji ýerli saýlawlar we ilkinji ýerli arkalaşyk saýlawlary

Görşüňiz ýaly Türkiýäniň 180 ýyllyk ýerli saýlaw taryhy köp sanly  ýurduň taryhdan has uzak geçmişe eýe. Şonuň bilen birlikde saýlaw özüne mahsus mowzuklary, özüne mahsus tapawutlyklary we täzelikleri ýany bilen alyp gelýär.

Ýerli saýlaw 2017-nji ýylda referendum bilen kabul edilen Prezident dolanşygy ulgamyndan soňky ilkinji ýerli saýlaw. Saýlaw şol jähtden aýratyn ähmiýete eýe.

Ýerli saýlawyň beýleki bir özboluşlylygy ozallar gadagan bolan saýlaw arkalaşyklarynyň indi mümkin bolmagy. Şol çäkde Jemhur arkalaşygy we Millet arkalaşygy çäginde partiýalar arkalaşyk edip, saýlawa gatnaşýarlar. Arkalaşyk edýän partiýalar usul taýdan ylalaşan ýerlerinde birek-biregiň dalaşgärlerini goldaýarlar ýa-da şol ýelerde dalaşgär hödürlemeýärler.

Partiýalaryň arkalaşyk mümkinçiligine eýe bolmagy demokratik islegiň gadagançylygynyň ortadan aýrylmagy taýdan möhüm öňegidişlik. Şonuň bilen birlikde partiýalaryň öz nyşanalary bilen arkalaşyk edip bilmezligi, saýlaw býulletenlerinde orun almazlygy bir ýetmezçilikdir. Ol partiýalaryň işjeňligini we saýlawçylaryň syýasy gatnaşygyny peseldip biler. Parlament saýlawynda arkalaşyk etmek baradaky düzgünnama taýarlanýarka: “Düzgünnama ýerli saýlawlary hem öz içine alsyn. Isleýän partiýalar arkalaşyk edip, öz nyşanalary we öz dalaşgärleri bilen saýlawa gatnaşsyn. Arkalaşyga goşulan partiýalaryň sesleri bir partiýa hökmünde bilelikde sanalsyn. Eger bir ýerde haýsydyr bir arkalaşyk iň ýokary sesi alsa, şol arkalaşykda köp ses alan saýlansyn. Ol ýa-da beýleki şertlerde partiýalaryň öz nyşanalary we dalaşgärleri bilen girýän, şol bir wagtda-da arkalaşyga-da şert döredýän usulyýetler partiýalaryň we saýlawçylaryň has işjeň gatnaşygyny üpjün eder” diýlen garaýyşy beýan edipdim.

Ýerli saýlawyň ähmiýeti

Saýlawa has mylaýym şertlerde gidilmegi, kadalaşmaga dowam:

Saýlawlara az wagt galan hem bolsa, ozalky saýawlar bilen deňeşdirilende saýlaw atmosferasynyň pesdigini aýtmak bolar. Prezidentlik ulagymynyň ylalaşdyryjy täsiriniň belli bir derejede bardygyny aýdyp bileris. Beýleki tarapdan Adalat we ösüş partiýasynyň başladan digital saýlaw kampaniýasy hem saýlawlaryň asuda geçmeginiň beýleki bir sebäbi. Ozallar ulag kerwenleri, signallaryň sesi, köçeleri başdan aýaga asylan afişalar sebäpli iň bir ünssiz bolanlar hem saýlawdan habarly bolýardy. İndi gündelik durmuşda saýlaw ozalkysy ýaly göze ilmeýär.

Saýlawyň ozalkylardan gowşak geçmegi, kampaniýalaryň daşky gurşawa ünsli alynyp barylmagy Türkiýede kadalaşmanyň dowam edýändigini görkezýär diýsek ýalňyşmarys.

Prezident dolanşygy ulgamynyň/durnuklylygyň dowam etmegi: Türkiýe prezident saýlawyny ýaňy-ýakynda geçirdi. Her bir uly özgerlişik belli bir derejede näbellilige we hoşalsyzlyga sebäp bolýar. Düýpli özgerlişikler we özgertmeler şol näbellilikleri hem-de hoşalsyzlyklary ortadan aýyryp, öňe gitmek bilen mümkindir. Yza dolanmak bilen däl. 2019-njy ýyldaky saýlaw Prezident ulgamyna geçilenden soňky ilkinji däl, ulgamyň ornaşmagyndan soňky saýlaw bolan bolsady, saýlawyň netijeleri Prezident dolanşygy ulgamy bilen beýle baglanşdyrylmazdy. Emma bar bolan şertlerde oppozision blogyň sesleriniň artmagy oppozision partiýalaryň Prezident ulgamyny ýaňadandan diskussiýa hödürlemegine sebäp bolup biler. Bu saýlaw Prezident ulgamy we durnuklylyk taýdan möhüm.

Daşarky güýçleriň tamasy: 28-nji fewral, 27-nji aprel, Ergenekon agdarlyşyk synanşygy, Gezi, 17/25-nji dekabr, 15-nji iýul, umuman soňky 20 ýylda başdan geçirilen agdarlyşyk synanşyklarynyň esasylary. Şol synanşyklaryň tas hiç haýsyny diňe Türkiýäniň içerki wakalary bilen düşündirmek kyn. 2000-nji ýyllarda edilen demokratiýalaşma we daşarky täsirleri ortadan aýyrmak ugrundaky göreşiň öňündäki bökdençlikler esasan aýryldy. Emma içerdäki ähli ösüşlere garamazdan Türkiýe boýunça hasap düzýän daşarky güýçleriň ondan el çekendigini aýtmak kyn. Daşarky güýçleriň öz bähbitleri üçin içerde täze oýnatgylar bilen orta çykmazlygy, diňe milli ygtyýaryň wekilleri bilen işleşmegi üçin Türkiýede prezident dolanşygy ulgamynyň ornaşmagy we durnuklylygyň dowam etmegi iňňän möhüm. Näbellilik we haos şertleri içerki hem-de daşarky hemaýatkärleri ýaňadandan umytlandyrar.

Saýlaw näme many aňladan-da her saýlaw, täze bir saýlaw. Syýasy partiýalar hem şoňa laýyklykda iş alyp barýar. Oppozision partiýalar bilen deňeşdirilende häkimiýet başyndaky partiýa has işjeň. Häkimiýet başynda geçen şunça ýyldan soň ünsden düşme paýy göz öňünde tutulanda häkimiýet başyndaky partiýa üstün çykmak üçin has ýokarky perdeden gopmaly bolar. Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we Prezident R.T.Erdogan her saýlawda bolşy ýaly bu saýlawda-da iň köp şähere baran, iň köp miting geçiren, iň köp taslama taýarlan lider bolmagynda galýar. Partiýasynyň döredilmeginden bäri ähli saýlawda üstünlik gazanan lider hökmünde saýlawda öz-özünden üstün çykylmajakdygyny, raýatlaryň göwnüni alman ses almagyň mümkin däldigini bilýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň “Türkiýäniň 180 Ýyllyk Ýerli Saýlawlary” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar