Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 13

Ýerine Ýetiriş programmalarynda goranyş senagaty

1112077
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 13

 

Türkiýe 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda hem umumy hem-de Prezident saýlawlaryny geçiripdi. Ozal 2017-nji ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Konstitutsiýa käbir üýtgeşmeleriň girizilmegi bilen bagly referendumda kabul edilen düzgünnamada Prezident Dolanşygy ulgamy kabul edilipdi. Täze ulgam döwlet edaralaryna ençeme üýtgeşikligiň girizilmegine sebäp döretdi. Käbir ministrliklikler birleşdirildi, käbir guramalar Prezidente birikdirildi, käbir edaralar bolsa ýapyldy. Şol çäkde Goranyş senagaty edarasynyň ady Goranyş senagaty müdürligi diýip üýtgedildi we gönüden Prezidente birikdirildi. Täze ulgam bilen Prezident “100 günlük Ýerine ýetiriş programmalary” bilen ministrlikleriň we guramalaryň maksatlaryny yglan etmäge başlady. 2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda “1-nji 100 günlük Ýerine ýetiriş programmasy” çap edilip, 400 hereket plany meýilleşdirildi. Ilkinji 100 günlük maksatnama programmada aýan edilen maksatlar umuman alynanda durmuşa geçirildi.

Indi bolsa Türk Harby-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Goranyş pudagy bilen bagly maksatnamalar Goranyş senagaty dolanşygy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Ilkinji Ýerine ýetiriş programmasynda maksat edinilen 400 taslama meýilnamasynda goranyş senagaty 48 taslama bilen ilkinji orundady. 2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda beýan edilen “2-nji 100 günlük Ýerine ýetiriş programmasynda” 24 milliard liralyk 454 taslama meýilnamasy bar. Ilkinji Ýerine ýetiriş programmasynda bolşy ýaly 2-nji Ýerine ýetiriş programmasynda hem goranyş senagaty 52 aýry taslama bilen ilkinji orundadyr. Ýerine ýetiriş programmasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda Prezident Erdogan gatnaşýan adamlara ýerli dikuçaryň öndüriljekdigi barada buşlukly habar berdi. Ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürilen T625 dikuçaryny tanyşdyrdy. Prezident Erdogan: “Size bir buşlukly habarymyz bar, perdäni aýyralyň. Perdäniň arkasynda näme çykar göreliň? Ýerli dikuçarymyzy Gökbeý. Içine 14 adam sygýar. Gökleriň eýesi bolar nesip bolsa. 2021-nji ýylda seriýalaýyn önümçiligine başlanar” diýdi.

 

Ýüz günlük 52 goranyş Ýerine ýetiriş programmasy

Goranyş senagaty dolanşygynyň ýolbaşçylyk etmeginde we 100 günlük bir gysga möhletde maksat edinilen 52 sany taslama bar. Şol taslamalaryň käbirlerine ser salalyň.

T129 ATAK dikuçary, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň söweşjeň dikuçar zerurlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen milli mümkinçilikler bilen özgerdildi. Dünýäde öz derejesinde iň täsirli dikuçardyr. Milli dikuçarymyzdan Pakistana 30 sanysynyň satylmagy bilen bagly şertnama 2018-nji ýylyň iýul aýynda gol çekildi. Geçen ýyl milli dikuçarlara milli dwigatelleriň öndürilmegi bilen bagly taslamalar başladyldy. Şol çäkde 100 günlik Ýerine ýetiriş programmasynda özgerdilen Arak taslamasy şertnamasynyň gol çekilmegi, Arak hüjüm we taktik gözegçilik dikuçary taslamasynyň çäginde 2 sany dikuçaryň gowşurylmagy bilen ATAK we beýleki dikuçarlar üçin özgerdilen Turboşaft dwigateliniň kompressory, ýanma odasy, gaz generatory, güýç turbinasy we şuňa meňzeş podsistema konfigurasiýalarynyň we potratçylarynyň anyklanmagy bar.

 

Sowutly ulaglar we taňklar bilen bagly makstanamalar

Goranyş senagaty edarasy, häzirki wagtyň zerurlyklaryny üpjün etjek döwrebap bir milli taňklaryň önümçiligi üçin ýakyn wagtda möhüm bir ädim edipdi. 2018-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Altaý taňkynyň dowamly önümçiligi üçin şertnama baglaşylypdy. Ylalaşygyň çäginde dowamly önümçilik liniýasynyň emele getirilmegi we 250 sany ALTAÝ taňkynyň öndürilmegi kesgitlendi. Ilkinji taňkyň Guryýer goşunlaryna 18 aý soň gowşurylmagy maksat edinildi. Şol çäkde 100 günlik Ýerine ýetiriş programmasynda ALTAÝ taňklarynyň serýiýalaýyn önümçilik taslamasynyň çäginde güýç topary bilen birlikde tankydy ulgam şertnamalarynyň gol çekilmegi hem bar. Programmada şeýle hem FIRAT-M60T taslamasynyň çäginde 7 sany taňkyň dörebaplaşdyrylmagy bilen birlikde M60 TM sanynyň 146-a ýetirilmegi, Sowutly ulaglarda ulanmak üçin özgerdilen Milli güýç topary UTKU taslamasynyň çäginde transmissiýa konseptual dizaýnynyň tamamlanmagy, Ýörite maksatly taktik tigirli sowutly ulaglar taslamasynyň şertnamasynyň gol çekilmegi bilen Sowutly ulaglar taslamasynyň çäginde tapawutly görnüşlerde jemi 255 ulagyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Terrora garşy göreşde güýçli täsiri bolan tigirli sowutly ulaglardan köp sanda öndürilmegi howpsyzlyk güýçleriniň täsirini has hem artdyrar.

 

Uçarmansyz howa ulaglary, Sürüjisiz guryýer ulaglary we Emeli intellekt

Dünýäde uçarmansyz howa ulagy öndürýän 6 ýurdyň biri bolan Türkiýede, 100 günlik Ýerine ýetiriş programmasynyň çäginde 5 sany goşmaça Taktik Uçarmansyz howa ulaglary (Baýraktar TB-2) bilen 2 sany Operatiw uçarmansyz howa ulagynyň (ANKA-S) gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Ýerine ýetiriş programamsyna ser salanymyzda goranyş senagaty tehnologiýasynda nähili derejede möhüm bir oruna eýedigimizi görüp bilýäris. 2-nji 100 günlik Ýerine ýetiriş programmasyndaky döwrebap tehnologiýa gerek bolan käbir maksatlar bolsa şular:

- 125 sany tüpeň görnüşli Dron/Mini uçarmansyz howa ulagy bulaşdyryjy ulgamynyň gowşurylmagy we EGM arka, ulag we sumka görnüşli bulaşdyryjy ulgam Üpjünçilik taslamasy şertnamasynyň gol çekilmegi

- Elde ýasalan partlaýjy maddalaryň ýokary güýçli mikro tolkun tehnologiýasy bilen anyklanmagyny we täsirsiz ýagdaýa getirilmegini üpjün etjek Elektronik patrully Elde ýasalan partlaýjy maddalaryň anyklanmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmgi taslamasynyň şertnamasyna gol çekilmegi

- Ýeňil/Orta synpda başladylan sürüjisiz guryýer ulaglarynyň dizaýny we synaglary dowam etdirilip, gowşurylmaga başlanmagy.

- Agyr synpda başladylan sürüjisiz guryýer ulaglary taslamasynyň tendriniň geçirilmegi, bar bolan mümkinçilikleriň çäginde ulanyjylaryň pikirleriniň alynmagy we görkeziliş synagynyň ýerine ýetirilmegi.

- Emeli intellekt we robot tehnologiýalarynyň özgerdilmeginiň çäginde 117 SAGA arzasynyň gözden geçirilmegi we şertnamalarynyň gol çekilmegi

Örän ösen ýurtlaryň öndürýän goranyş önümlerini, Türkiýe mundan beýläk milli mümkinçilikleri bilen öndürmäge başlady. Goranyş senagaty Ýerine ýetiriş programmasynyň maksatnamalaýyn programmalarynda ilkinji orunda durýar. Ýerine ýetiriş programmasynyň tanyşdyrylyş maslahatynda milli dikuçaryň Prezident Erdogan tarapyndan görkezilmegi hem Prezidentiň goranyş senagatyna uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Türkiýe sebitleýin we global howplara garşy goranyş senagatynda möhüm öňe gidişlikler etmäge dowam edýär.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Türk Harby-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirdik...



Degişli Habarlar