Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 12

Kaýseride “Taňk hassahanasy”

1103398
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 12

 

Ýurdumyzda harby zawodlaryň aýratyn bir orny bardyr. Döwlete degişli iş ýerleri bolan harby zawodlar iş güýji, durmuşa geçirýän işleri, mümkinçilikleri we başarnyklary taýdan uly ähmiýete eýedir.  Türkiýe harby operasiýalarda we terrora garşy göreşde onuň ähmiýetine has hem gowy düşündi. Kaýseride ýerleşýän 2-nji Abatlaýyş zawody müdürligi 1951-nji ýylda öz işine başlady. Bu zawod 1954-nji ýylda 1020-nji Goşun enjamlaşdyryş Esasy abatlaýyş zawody ady bilen Kaýseride açyldy. Serkerdeligiň ady 1987-nji ýylda 1009-njy Goşun enjamlaşdyryş Esasy abatlaýyş zawody, 2003-nji ýylda 2-nji Esasy Gözegçilik merkezi serkerdeligi we 2016-njy ýylda bolsa 2-nji Esasy Abatlaýyş zawody müdürligi hökmünde üýtgedildi we şu günki adyna eýe boldy. Zawotda takmynan 800 adam işleýär. Olaryň 480-i işgär, galan bölegi bolsa ofiser, starşina we döwlet işgärlerinden ybarat. Zawod ýolbaşçylary we işgärleri bilen biri-birinden tapawutly taslamalary durmuşa geçirýär.

Indi bolsa Türk Harb-iş kärdeşler arkalaşygynyň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzüminde bar bolan paletli ulaglaryň abatlaýyş işlerini, bejergilerini, döwrebaplaşdyrylmagyny, dikeldilmegini, modernizasiýasyny we şaý-seplerini öndürmek işleri bilen meşgullanýar. Paletli ulaglar: Taňklar, Sowutly adam daşaýan ulaglar, Sowutly söweş ulaglary, Sowutly minomýotly ulaglar ýaly ulaglardyr. Şeýle hem ähli harby birikmelere goldaw berýän bir zawotdyr. Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi tarapyndan durmuşa geçirilýän wezipeler bolsa şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1. Paletli ulaglara degişli goşmaça şaý-sep öndürmek

2. Paletli ulaglara degişli dwigatel we transmissiýa ýag analizi

3. Elektron we mehanik enjamlaryň kalibrowkasy

4. Dost we hyzmatdaş ýurtlaryň işgärlerine hünäriň öwredilmegi

5. Kiçi birikmelere maslahat bermek.

M-60 T taňklary dolulygyna täzelendi

Döredilen gününden bäri paletli ulaglaryň üstünde eden täzeleme, modernizasiýa işlerinde alan tejribesi bilen 2000-den gowrak M48AT1-T2 taňkynyň modernizasiýasy, TAMAÝ taňk halas edijiniň, Goranyş harby ulaglaryň, Taýýan köpri taňkynyň önümçiligini üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirdi. Mundan başgada 2000-e golan benzinli M113 ZPT ulagyny dizel dwigatel topary, goşmaça ýangyç bak we beýleki enjamlar bilen modernizasiýa edip, öndürijilik ähmiýetini artdyrdy we M113 A2T2 modeline üýtgedildi. Şol ulaglaryň bir bölegini, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň çäginde Goranyş inženerçilik ulagyna, Sowutly dolandyryş ýeri ulagyna, Tiz kömek ulagyna, Hüjüm dolandyryş merkezi we Sowutly dolandyryş ýeri ulagyna öwrüldi. Soňky ýyllarda bolsa M60T taňk modernizasiýasy bilen MLC 70 Taýýan köpri taňkynyň önümçiligini tamamladylar. M60T taňk modernizasiýasy taslamasynda, ilkinji gezek bir türk taňkyna Reaktiw sowutly goranyş ukyby oturdyldy. Zawotda palediň üýtgedilmeginden kuzowyna, diňinden ýarag ulgamlaryna çenli modernizasiýa edilen 170 sany M-60 taňkynyň modellerine Türk diýmegi aňladýan T harpy goşuldy we bular Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümine M-60 T diýip goşuldy. Başgaça aýdanymyzda M-60 T taňklary depeden dyrnaga çenli täzelenip, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna girizildi. Mundan başgada taňklar modernizasiýa edileninden soň, merkezde bar bolan suw howuzy, eňňit rampasy ýaly ýörite ýerlerde biri-birinden tapawutly synaglardan geçirmek mümkinçiligine eýe boldy. Häzirki wagtda bolsa Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürliginde ADOP-2000 taslamasy bilen birlikde Leopard 2A4 taňklaryna taňka garşy hüjümleriň serpikdirilmegi ulgamynyň ornaşdyrylmagy taslamasynyň üstünde işlenilýär.

 

Opersiýalara goldaw beren iş ýeri

Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi, 2016-njy ýylda geçirilen Ýewfrat galkany we 2017-nji ýylda geçirilen Zeýtun şahajygy operasiýalary bilen Afrinde geçirilýän operasiýa Kaýseridäki merkezden dwigatel-tabşyryk, goşmaça şaý-sep, goşmaça enjamlar iberip goldaw berdi. Şol bir wagtda uly zyýan ýeten agyr paletli ulaglaryň abatlaýyş işlerini durmuşa geçirdi. Ady agzalan işleri durmuşa geçirmek üçin bolsa bu harby iş ýerinde 2 wagtyna işlenip, önümçilik, täzeleme we abatlaýyş işleri 2 esse artdyryldy. Mundan başgada operasiýalaryň geçirilen ýerinde uly zyýan ýeten ulaglaryň hem ýurdyň öz içinde hem-de serhediň beýleki tarapynda abatlaýyş, gözegçilik, halas ediş we howpsyz ýere göçürmek işlerinde sebite iberen toparlarynyň üsti bilen operasiýanyň başlan ilkinji gününden şu günki güne çenli goldawyny dowam etdirdi.

Köp sanda hil sylagyna laýyk görülen iş ýeri

Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi, dizaýn we önümçilik işlerini öz içine alýan AQAP-2110 NATO Senagat hil üpjünçilik sistema sertifikatyna, her dürli daşky gurşaw kanunyna laýyk ýagdaýda alyp barýandygyny görkezýän TS EN ISO 14001 Daşky gurşaw  dolanşyk sistemasy sertifikata, Iş saglygy we howpsyzlygyna laýyk ýagdaýda iş alyp barýandygyny görkezýän OHSAS 18001 belgeli Iş saglygy we howpsyzlygy sertifikatyna eýedir. Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi, esasy wezipesi bilen birlikde hil işlerinede aýratyn üns berýär. 2017-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýäniň Hil jemgyýetine agza bolan we 2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Milli Hil hereketine gol çeken ilkinji harby zawod adyna eýe boldy. Milli Goranmak ministrligi tarapyndan tejribeli zawod hökmünde saýlanan  Kaýseri 2-nji Esasy Abatlaýyş zawod müdürligi eden işleri we taýarlyklary üçin Üç ýyldyzly ygtyýarlylyk sertifikatyna almaga hukuk gazandy.

 

 



Degişli Habarlar