Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 03

Türkiýäniň Milli kamikaze uçarmansyz howa ulaglary

1026962
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 03

Türkiýe terrora garşy göreşde kamikaze hüjümlerini gurap bilýän dronlary ABŞ-den satyn almak isleýär, emma ABŞ bermeýär. Türkiýe bolsa şu günki gün ilkinji kamikaze uçarmansyz howa ulaglary bolan Alpagu bilen Karguny we gözegçilik maksatly ulanylýan Togany öndürmäge we ullanmaga başlady.

Türk Harb-İş kärdeşler arkalaşygynyň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

Türkiýe soňky ýyllarda goranyş pudagynda öndüren täze milli önümleri bilen ünsleri özüne çekýär. Kinoindustriýa pudagynda howadan wideo almak üçin ulanylýan kameralary daşaýan dronlar indi dürli-dürli pudaklarda ulanylmaga başlandy. Şol çäkde terrora garşy göreşde hem örän uly mümkinçilikleri bolan dronlary ýa-da uçarmansyz howa ulaglaryny ýerli mümkinçilikler bilen öndürmäge başladyk. Türkiýe terrora garşy operasiýalarda kamikaze hüjümlerini gurap bilýän dronlary ABŞ-den satyn almak isledi, emma Amerika olary bermedi. ABŞ-niň terrora garşy göreşde täsirli boljak bu enjamlary strategik taýdan hyzmatdaşy bolan Türkiýä satmazlygy örän geň galdyryjy boldy. Emma bu ýagdaýy ýurdumyz mümkinçilige öwürip, ýerli dronlary öndürdi we ulanmaga başlady. Türkiýe milli önümini öz iş güýji bilen we ýerli mümkinçilikler bilen seriýaly häsýetde öndürmäge başlady. Hat-da bu enjamlary satyn almak üçin biri-birinden tapawutly ýurtlardan talaplaryň gelip gowuşmaga başlamagy, Türkiýäniň bu babatdaky başarjaňlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir. Türkiýe dünýäde bular ýaly Kamikaze uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýän 3 ýurdyň biridir.

Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary tehnologiýasynda möhüm bir ýola ugrukdy. Türkiýe gökdäki täze esgerler hökmünde häsýetlendirilýän Ýaragly kamikaze uçarmansyz howa ulaglaryny seriýalyýyn häsýetde öndürmäge başlady we howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ulanylmaga başlandy.

Geliň indi bolsa Goranyş tehnologiýalarynyň inženerçiligi we söwdasy anonim kärhanasy-STM kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan we öndürilen Uçarmansyz howa ulaglarynyň üstünde durup geçeliň. Olar ALPAGU (Awtonom Taktiki atyjy erkin ganatly uçarmansyz howa ulagy), KARGU (Awtonom pyrlanýan ganatly atyjy uçarmansyz howa ulagy) we TOGAN-dan (Awtonom pyrlanýan ganatly razwedka uçarmansyz howa ulagy ulgamy) ybaratdyr. STM kärhanasy - Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Goranyş senagaty edarasyna sistema inženerçiligi, tehniki goldaw, taslama dolanşygy, tehnologiýanyň geçirilmegi ýaly wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Goranyş senagatynyň ýerine ýetirijiler komitetiniň karary bilen döredilen bir guramadyr. 

Türkiýäniň ilkinji milli kamikaze we gözegçilik uçarmansyz howa ulaglary 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Ýörüteleşdirilen harby güýçler serkerdeligine we Deňiz güýçleri serkerdeligine berilmäge başlandy. Milli kamikaze uçarmansyz howa ulagy Kargu Afrindäki Zeýtun şahajygy operasiýasynda ulanyldy. Afrinde bäş adamdan ybarat terrorçylykly toparyň yzyna düşen Kargu, PKK-lylara iň golaýlaşan nokadynda partlap, topary täsirsiz ýagdaýa getiripdi. Kargu-nyň saýasynda ýörüteleşdirilen harby toparyň agzalary terrorçylary 5 km alysdan täsirsiz ýagdaýa getirýär. Kargu Afrinden soň, indi bolsa Kandilde terrorçylaryň iň gorkýan enjamlarynyň biri ýagdaýyna öwrüldi.  

 

ALPAGU (Awtonom Taktiki atyjy erkin ganatly uçarmansyz howa ulagy)

Milli dronlar häzirki günde assimetrik söweş we terrora garşy operasiýalarda iň güýçli harby enjamlarynyň biridir. ALPAGU-nyň manysy “Ýeke özi duşmana garşy hüjüm guran ýigit” diýmegi aňladýar. Nyşanalary anyklap, duşmany we ýerlerini täsirsiz ýagdaýa getirip bilýär.

Öndürijisi bolan STM-e görä käbir tehniki aýratynlyklar şulardan ybarat: Razwedka geçirýän,  gözegçilik we kiçiräk howplary täsirsiz ýagdaýa getirip bilýän erkin ganatly milli atyjy uçarmansyz howa ulagydyr. Alpagu şekilleri işläp taýýarlamak we çuňňur öwrenmek algoritmler bilen erkin we hereketli nyşanalara garşy täsirli ýagdaýda ulanyp bolýar.

 

KARGU (Awtonom pyrlanýan ganatly atyjy uçarmansyz howa ulagy)

Kargu “Dagdaky gözegçilik diň” ýa-da “Gyrgy” diýmegi aňladýar. Pyrlanýan ganatly “Ýaragly kamikaze dron” diýip hem atlandyrylýar. Öndürijisi bolan STM kärhanasyna görä Kargu-nyň käbir tehniki aýratynlyklary şulardan ybarat: Kargu awtonom ýa-da uzakdan pult bilen işledip bolýan, pyrlanýan ganatly milli atyjy uçarmansyz howa ulagydyr. Sistemasy “Atyjy pyrlanýan ganatly uçarmansyz howa ulagynyň” we “Ýer gözegçilik agregatynyň” böleklerinden (komponentlerinden) ybaratdyr. Kargu hem gije hem-de gündiz täsirli operasiýa geçirip bilýar. Tapawutly ok-därisi bilen hereket edýän nyşanalara hem od açyp bilmek mümkinçiligine eýe. Öz-özüni partladyp bilmek mümkinçiligine eýe bolşy ýaly, sazlanyp bilýän beýiklikde hem öz-özüni partladyp bilýär.

 

TOGAN (Awtonom pyrlanýan ganatly razwedka uçarmansyz howa ulagy ulgamy)

Togan öz adyny Ýiti gözleri bilen örän gowy gözegçilik geçirýän, güýçli ganatlary bilen howada gowy uçýan guşyň görnüşi bolan laçyndan alýar. Öndürijisi bolan STM-e görä Togan-yň käbir tehniki aýratynlyklary şulardan ybaratdyr: Umumy maksatly razwedka we gözegçilik işlerinde ulanylmak üçin dizaýn edildi. Togan awtonom ýa-da uzakdan pult bilen bir adam tarapyndan daşap bolýan we ulanyp bolýan köp rotorly, pyrlanýan ganatly uçarmansyz howa ulagydyr.

 

Bu milli uçarmansyz howa ulaglarymyz terrorçylara gaçmaga pursat bermeýär. Terrorçylary iň kiçi deşiklerden girip, hinlerinde täsirsiz ýagdaýa getirmek aýratynlygyna eýe. Alpagu we Kargu 1 minutdan hem gysga wagtda taýýarlanyp, uçurylyp bilinýär. Üstünde ok-däri daşap, nyşanany ýok etmek üçin tizligi sagatda 120-140 km çenli baryp ýetip bilýär. Üstündäki ok-däri 20 ind metrlik ýerdäki ähli zady ýok edýär. Türkiýe özüniň öndüren bu milli önümleri bilen göreş alyp barýan ähli terror guramalarynyň gorkuly düýşi bolmagyny dowam etdirýär.

 



Degişli Habarlar