Türk daşary syýasatyna syn 20

Türkiýäniň Orta Aziýa boýunça medeni diplomatiýasy

974602
Türk daşary syýasatyna syn 20

 

Medeni diplomatiýa özara hyzmatdaşlyk serişdesi bolup durýar. Şol bir wagtda-da jemgyýetçilik özerlişigiň katalizatory bolup durýar. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň Orta Aziýa boýunça medeni diplomatiýasyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Medeni diplomatiýa pikirleriň, garaýyşlaryň, düşünjeleriň, ýaşaýyş durmuşynyň, estetiki garaýyşyň, islegleriň we tagalalaryň alyşylmagy arkaly özüňi dogry beýan etmegiň hem-de hyzmatdaşyňy dogry tanamagyň ýollaryndan biri. 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri alynyp barylýan medeni diplomatiýa hem Türkiýäniň özgermegine hem-de dünýäde Türkiýä bolan garaýyşyň özgermegine goşant goşdy.

Sowuk uruş ýyllarynda medeni diplomatiýa çaknyşýan taraplaryň biri-birine garşy ulanan ýaragyna öwrüldi we propoganda maksatly peýdalanyldy. Pajygaly deňagramlyga esaslanýan Sowuk uruş döwründe ýadro urşunyň turma howpy frontuň ideologiýa bilen birlikde medeni giňişlikde-de yglan edilmegine sebäp boldy. Gündogar blogunyň çagşamagynda we Sowet Soýuzynyň dargamagynda hem günbataryň netijeli medeni diplomatiýasynyň täsiriniň bardygyny aýtsak ýalňyş bolmaz.

Diplomatiýanyň manysynyň giňelmeginde Sowuk uruşyň gutarmagyndan soň ýokary depginde ýaýbaňlanan globallaşmanyň hem täsiri bar. Häzirki döwürde diplomatiýa diýlende esasan göňülleri we garaýyşlary eýelemek ugrunda alynyp barylýan medeni diplomatiýa göz öňüne gelýär.

Orta Aziýadaky türki dilli döwletleriň garaşsyzlyklaryny almaklary türk daşary syýasatynda täze bir ugur emele getirdi. Türkiýäniň; umumy dil, taryh we medeni gymmatlyklary bolan şol ýurtlar bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy köp sanly ugurda iki taraply bähbit esasynda gysga möhletde ösdi. Türkiýäniň sebit boýunça umumy syýasatyny; Orta Aziýa ýurtlarynyň garaşsyz, syýasy we ykdysady taýdan durnukly, öz aralarynda we goňşulary bilen hyzmatdaşlykda, halkara jemgyýetçiligi bilen jebisleşen we demokratik gymmatlyklary özleşdiren döwletler hökmünde ýaşamaklaryny goldamak hökmünde beýan etmek bolar. Türkiýe şol syýasaty bilen sebitde ýerleşýän ýurtlaryň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Türki dilli döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 1992-nji ýyldan bäri Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde dowam etdirilýän “Türki döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Maslahatynyň” esasy netijelerinden biri, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda döredilen Türk geňşi guramasydyr.

Türkiýäniň sebit boýunça diplomatik işleri bolsa esasan medeniýet, bilim, media we galkynyş kömekleri ugurlarynda dowam edýär. Şol çäkde edilen ilkinji başlangyçlardan biri Türk medeniýetiniň we sungatynyň, diliniň, taryhy mirasynyň goralyp saklanmagy, şol gymmatlyklaryň bütin dünýä tanyşdyrylmagy we ýaş nesillere ýetirilmegi maksady bilen 1993-nji ýylda Türk Medeniýetiniň Halkara Dolanşygynyň (TÜRKSOÝ) döredilmegidir. TÜRKSOÝA; Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Türkmenistan bilen birlikde DKTR, Russiýa Federasiýasynyň düzümine girýän 6 sany awtonom respublika we Moldowanyň Gagauziýa awtonomiýasy synçy derejesinde agza. TÜRKSOÝ köp taraply hyzmatdaşlyga we özara medeni diplomatiýa taýdan nusgawy häsýete eýe.

Sebit bilen gatnaşyklarynda bilim pudagyna aýratyn uly üns berýän Türkiýe 1992-nji ýylda başladylan “Uly Talyp Taslamasy” bilen türki dilli döwletlerden ýüzerçe talyby kabul etdi. Häzirki wagtda “Türkiýe Stipendiýalary” ady bilen hasam giňeldilen stipendiýa maksatnamasy Daşary ýurtlardaky türkler we  Garyndaş halkyýetler edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şol maksatnama degişli bolan “Türki dilli döwletlere stipendiýa meýilnamasyna” laýyklykda ýylda onlarça ýaşlar Türkiýedäki ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýär. Şeýle-de türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin alyp barýan işleri Türkiýäniň esasy medeni diplomatik serişdelerinden birine öwrülen Ýunus Emre institutynyň Orta Aziýadaky merkezi Astanada ýerleşýär. Türkiýäniň Milli bilim ministrligine degişlilikde Gyrgyz Respublikasynda we Türkmenistanda 4 sany, Gazagystanda we Özbegistanda bolsa bir sany bilim berýäň guramasy ýerleşýär.

Gyrgyzistan-Türkiýe Manas uniwersiteti 1997-98-nji okuw ýylyndan bäri Bişkekde bilim berýär. Türki dünýäsiniň ilkinji bilelikdäki uniwersiteti bolan Ahmet Ýasawy adyndaky ýokary okuw jaýy bolsa ylym-bilim we ylmy barlag işlerini Gazagystandaky merkezinde dowam etdirýär. Okuw jaýynda türk we gazak dillerinde bilim berilýär. İňlis we rus dilleri hem öwredilýär. 880 sany ylmy personaly bolan uniwersitetde ykdysadyýet, taryh we pedagogika, türkologiýa we daşary ýurt dilleri filologiýasy, hukuk, lukmançylyk, takyk ylymlar, sport, sungat we informatika hem-de inženerçilik fakultetler bar.

Media taýdan sebit boýunça esasy işlerde biri Metbugat-neşirýat we maglumatlar baş müdirliginiň sekretariýatlyk etmeginde Türki dilli döwletleriň we halkyýetleriň media platformasy. 2009-njy ýylyň 21-nji martyndan bäri ýaýlymlaryny dowam etdirýän we türk dünýäsiniň sesine öwrülmegi maksat edinýän TRT Awaz Türkiýäniň sebit boýunça esasy işlerinden biri. Ýaýlymda gazak, gyrgyz, özbek we türkmen dilleri bilen birlikde Azerbaýjan türkçesinde we boşnýak dillerinde ýaýlymlar berilýär. “Anadoly” habarlar gullugynyň rus dilindäki ýaýymlary bolsa Türkiýäniň sesini sebite ýetirýän beýleki bir ýaýlym.

2005-nji ýylda BMG-niň Medeniýetleriň arkalaşygy başlangyjyna öňbaşçylyk eden we şol seneden bäri ýolbaşçylyk edýän Türkiýe global derejede medeni syýasat alyp barýar. Beýleki tarapdan Türkiýede; TIKA, Türk gyzyl ýarymaý jemgyýeti, ÝTB ýaly döwlet edaralary bilen birlikde Ýunus Emre instituty, Türk dünýäsiniň ylmy barlaglar gaznasy ýaly jemgyýetçilik guramalary hem medeni-diplomatik guramalardyr. Häkimlikler we ýokary okuj jaýlary jemgyýetara gatnaşyklary bilen daşary syýasata goşant goşýar.

2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Türkiýede jemgyýetiň her bir gatlagynda özgerlişikler dowam edýär. Bilim derejesiniň ýokarlamagy, abadançylygyň ösmegi, daşarky dünýä bilen gatnaşygyň ýygjamlaşmagy şol özgerlişige saldamly goşant goşýar. Türk pasportyny götermek ozalka seredilende abraý we buýsanç döredýär. Türk raýatynyň özüne we döwletine bolan sarpasy, ynamy güýçlenýär. Türkiýäniň güýçlenmegi bilen gönüden arabaglanşykly häsýetde medeni diplomatiýasy güýçlenýär.



Degişli Habarlar