Global Perspektiwa (01)

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

880836
Global Perspektiwa (01)

 

 

         Nesip bolsa mundan beýläk her hepde siziň bilen radio we internet arkaly duşuşarys. Uzak ýoly bilelikde ýöräris.

         Ýazmak ýazyjynyň we okyjynyň bilelikde çykan syýahatydyr. Ýoldaşlyk hormat sylag, ynam we söýgi talap edýär.

Ýazmak batyrgaýlyk talap edýär. Ýazýarkaňyz ähli tejribäňizden peýdalanýarsyňyz. Pikiriňizi, köňlüňizi açarsyňyz.

Ýazmak bir taraply gatnaşyk däl, alyş-çalyşdyr. Okyjydan geljek reaksiýalar bilen iki taraply paýlaşmakdyr.

Ýazmak açyşdyr. Ýyllaryň dowamynda başdan geçirilenlerden, okanlarymyzdan çykarjak netijelerimizdir. Ýazmak başdan geçirmedir. Ýazmaga başlanyňyzda nirden çykjakdyňyzy bilip bilmersiňiz. Ýazandan soň näme duçar boljakdygyny, nirede nähili beýan tapjakdygyny…

Şu başdan geçirmede siziň bilen birnäçe ýere baryp, köp sanly mesele barada durup geçeris… Käte Balkanlary, Ýakyn Gündogary, Kawkazy, Afrikany, köňül geografiýamyzy gün tertibine getireris. Käte Palestinada, Krymda, Ahyskada, Moroda, Arakanda zulum çekenleriň ahyna gulak asarys. Käte Ýewropada çagasy elinden alynan maşgalalardan biriniň, günbatarda çetleşdirilen bosgunyň, özüni ýitirmezlik üçin ýol tapmaga synanşýan ýaşlaryň sesine öwrüleris. Dili, dini, reňki, gelip çykyşy näme bolsa bolsun, ynsanlyk üçin aladalanýan ýer ýüzüniň wyjdanly adamlaryna çagyryş ederis. Çünki günbatardaky şertler diýseň aladalandyryjy.

Emma her şertde dünýäden Türkiýä ser salmaga synanşarys. Türkiýäniň meselelerini däl, dünýäniň meselelerini gün tertibine getireris. Sebäbi köplenç ýurduň içerki meseleleri sebäpli global meselelerden daşlaşýarys. Başga ýurtlarda başdan geçirilýänleri bilmeýänimiz üçin ýeten sepgidimize göz ýetirmän bilýäris. Yzgiderli häsýetde içerki meselelere güýmenmek dünýädäki wakalary, adamzadyň we könül geografiýamyzyň bize berýän ähmiýetini görmegimize-de pägeçliligi bolup bilýär. Eýe bolan mirasymyz başymyzy galdyrmagy, dünýäde bolup geçýänleri görmegimizi we Türkiýeden bolan garaýyş bilen bize baglanan umytlary görmegi talap edýär.

Şu günki dünýäde üç sany esasy mesele bar. Adalatsyzlyk, paýlaşmazlyk we tapawutly medeniýetler bilen bilelikde ýaşap bilmezlik… Adamzadyň ähli derdi, kynçylyklary şu üç meselede jemlenip bilner. Eýsem adamzadyň şol üç meseläni çözjek tejribesi barmyka? Hemmelere adalat paýlaýan, aç goňşusyny pikir edýän, dini, dili, reňki näme bolsa bolsun Ýunus Emre ýaly ýaradylany ýaradandan ötri eý görýän garaýyş? Eger adamzadyň şeýle däbi bar bolsa bizi nirä alyp gitjekdigi näbelli, synagdan geçmedik pikirler bilen däl, synagdan geçen we bizi salamatlyga ýetirjek şol däbe eýereliň.

Adalat, paýlaşmak we plýuralizm taýdan günbatar medeniýetinden alynjaklar çäkli bolsa gerek. Bize bu meselede öz medeniýetimiz has gowy ýolbeletlik eder. Horosandan Balkanlara müň ýyllyk ýolumyz, başdan geçiren meseleleriň çözülmegi taýdan ýolumyzy aýdyňlatjak maýak ýalydyr.

Şol jähtden garalanda ýüz ýyl ozalky Stambulyň adamzat taýdan belmek iň bir global ýerlerden biridigini aýdyp bileris. Haýsydyr bir düşünje, akym, ideologiýa adamlaryň ýekelikde ýaşaýan şertlerinde ýa-da uly bolmadyk ýerlerde däl, tapawutlylaryň bilelikde ýaşaýan şertlerde has-da çuňlaşýar. Çünki şol düşünjeler tapawutlyklar we garşylyklar şertlerinde özüni has-da güýçlendirme potensialyna eýe bolýarlar. Şol çäkde Konstitutsion özgertme döwründe we ondan ozal Stambul ýakyn taryhymyzda iňňän tapawutly düşünjeleriň bilelikde ýaşan we şol düşünjeleriň arkaýynlyk bilen beýan edilen ýeridi. Stambul imperiýanyň muslim we gaýry muslim ilatyň ähli gatlaklary bilen jebislikde ýaşalan giňişlikdi. Şol özboluşlygy bilen Stambulyň başdan geçirilýän meseleleri has çuňdan seljerip biljek tejribä eýedigini aýtmak palçylyk bolmasa gerek.

20-nji asyrda öz medeniýetimizden çetleşmegiň netijesinde türkiýeli intelligentler günbatar medeniýetiniň täsiri astynda galdylar. Ýakyn geçmişde bolsa Müsür, Eýran, Pakistan ýaly ýurtlardaky pikir hereketlerinden ylham aldylar. Şübhesiz günbatardaky we gündogardaky meseleler bilen gyzyklanmak, tapawutly pikirleri bilmek we analiz etmek tejribedir. Emma şol ýurtlardaky wakalar bilen gyzyklanan türkiýeli intelligentleriň ýakyn geçmişde tapawutlyklaryň iň giň manyda bilelikde ýaşan we şol sebäpli iň giň pikir giňişligine eýe bolan Stambuly we ol ýerdäki diskussiýalary ýeterlik seljerendiklerini aýtmak kyn. Respublika döwri bilen Stambulyň üssüne örtülen örtgi, gynansagam dolulygyna açylmady.

Eýsem şu günki günde-de dünýäde adamlaryň öz tapawutlyklary bilen azat-erkin ýaşaýan, çetleşdirilmeýän, başga sebitlerdäki adamlaryň kynçylyklaryny alada edinýän näçe sany şäher barka? Şol sebäpli dünýä şäherleriniň arasynda iň asuda, iň bir amatly şäherlerden biri Stambuldyr diýsek ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Şol tejribe ýüze çykýan ähli meselelere şöhle salyp biler. Belkem meşhur taryhçy Toýbiniň nazarda tutýan “saklanan medeniýet” Stambul tejribesidir.

“Saklanmadyk” döwründe gündogaryň we günbataryň gazananlaryna eýe bolan Stambul başdan geçirilýän meselelerde bize ýolbeletlik edip biler. Emma biz hem şol tejribeden çetleşen ýaly. Oňa ýaňadandan dolanmak we şol ýoldan ýöremek has amatly bolar.

Ine biziň ýolumyz şeýle. Bir tarapdan şeýle baý tejribäni açmak, beýleki tarapdan onuň şöhlesinde global meselelere çözgüt gözlemek…

Bu setirler birnäçe dile terjime ediler. Dünýäniň niresinde, haýsy dili gepleýän, haýsy dine uýýan, haýsy reňkden bolsaňyz boluň, şol global ýörişe goşulmak isleýän bolsaňyz, baş üssüne. Ýolumyz uzak, wagtymyz çäkli…

Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Professor Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar