Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Garadeňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy

770882
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Mundan birnäçe wagt ozal Garadeňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň (GYHG) Daşary işler ministrleriniň maslahaty Stambulda geçirildi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda GYHG-ny hem-de onuň sebite ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

GYHG-na agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 36-njy maslahaty 2017-nji ýylyň 27-nji iýunynda Stambulda geçirildi. Maslahatda sebitdäki meseleler bilen birlikde GYHG-nyň aktual meselelere has ýerlikli çözgüt tapjak görnüşde güýçlendirilmegi barada agzalaryň arasynda pikir alyşyldy. Maslahatdan soň Türkiýe Respublikasy bilen Ukrainanyň arasynda GYHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygynyň tabşyrlyş dabarasy guraldy. Ukrainanyň GYHG-da başlyklyk döwri 1-nji iýuldan 1-nji dekabra çenli dowam eder. Ukrainanyň Daşary işler ministri Pawlo Klimkin Ukrainanyň gurama başlyklyk etjek möhletinde gün tertibiniň esasy ugrunyň Gara deňiz sebitinde bar bolan howpsyzlyk meselelerine garamazdan ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginden ybarat boljakdygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly Türkiýe 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda GYHG-nyň döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirdi. Türkiýe şol möhletde “Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi” temasyny işledi. 2017-nji ýylyň 22-nji maýynda Stambulda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde GYHG-nyň 25-njy ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahaty geçirildi. GYHG-nyň Ykdysadyýet ministrleriniň derejesindäki maslahaty we GYHG-nyň Obahojalyk ministrleriniň derejesindäki maslahaty Türkiýäniň döwürleýin başlyklyk etmeginde geçirilen çärelerden käbirleri.

GYHG, agza ýurtlaryň potensiallaryndan, geografiki ýakynlyklaryndan, ykdysadyýetleriniň biri-birlerini tamamlaýyjy özboluşlyklaryndan peýdalanyp, aralaryndaky özara we köp taraply ykdysady, tehnologik, sosial gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we has-da ösdürilmegini isleýär. Şeýlelikde Gara deňiziň deltasyny parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk zolagyna öwürmegi maksat edinýär. Şol maksada ýetmek üçin seçilip alynan esasy serişde bolsa ykdysady hyzmatdaşlyk. Başlangyçda GYHG-nyň maksadynyň Gara deňize kenardaş ýurtlaryň arasynda tapgyrlaýyn häsýetde erkin söwda zolagynyň döredilmegi bolandygy beýan edilipdi. Emma soňky geçirilen maslahatlarda GYHG-nyň “ykdysady hyzmatdaşlygynyň” çäginde seljerilmelidigi nygtaldy. GYHG-nyň esaslandyryjy agzalary; Türkiýe, Azerbaýjan, Ermenistan, Gürjistan, Moldowa, Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Bolgariýa, Rumyniýa. Soň bolsa Albaniýa, Serbiýa we Gresiýa agza boldular.

Gara deňiz sebiti türk daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan Kawkaz bilen Balkanyň arasynda geçelge häsýetine eýe. Şol sebäpli sebit taryhda we biziň döwrümizde sebitdäki ýurtlar üçin uly ähmiýete eýe. Türkiýäniň ýerleşýän Gara deňize sebitine bolan halkara gyzyklanma günsaýyn artýar. Türkiýe GYHG-nyň döredilmegine işjeň gatnaşdy. Guramanyň işlerine saldamly goşant goşýar we ony goldaýar. GYHG-nyň sekretariýaty Stambul şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de GYHG-nyň çäginde konkret taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi üçin hyzmatdaşlyklary ýola goýmak ugrunda tagalla edýär.

GYHG-da Baş Sekretaryň birinji orunbasarlygy wezipesi üýtgewsiz görnüşde Türkiýä berilen. 2015-nji ýylyň iýun aýyndan bäri şol wezipäni hormatly dynç alyşdaky ilçi Tahsin Burjuogly alyp barýar. GYHG-nyň ýeke-täk karar kabul ediş organy, ýylda iki gezek geçirilýän we ses bermek usuly bilen karar çykarýan Daşary işler ministrleriniň geňeşi. Agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerine wekilçilik edýän we olaryň adyndan hereket edýän Ýokary derejeli gullukçylar toparynyň başlangyç borjy bolsa Geňeşiň çykaran kararlarynyň iş ýüzüne geçirilmegini üpjün etmek.

2011-nji ýylda gurulmaga başlanan we 2020-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýan Garadeňiz aýlawly awto magistraly bolsa GYHG-nyň esasy taslamalaryndan biri. Taslamanyň çäginde Türkiýäniň Gara deňiz kenarýaka zolagynyň gurluşygy mundan 10 ýyl ozal tamamlandy. Russiýadan geçýän bölegi bolsa 2014-nji ýyldaky Soçi olimpiadalaryndan ozal tamamlanypdy.

GYHG, ÝB bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşýan döwründe Türkiýe üçin möhüm alternatiwlerden biri. Ykdysady güýji taýdan ÝB bilen deňeşdiriljek derejede däl. Emma GYHG döredilen gününden bäri 25 ýyllap ÝB modeline meňzeş pozisiýa eýelemegiň hötdesinden geldi.

Şu günki günde Gara deňiz sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda käbir syýasy, hat-da harby meseleler bar. Emma GYHG şol meselelerden çetde duran halatynda netijeli işleri durmuşa geçirip biler. Hat-da guramanyň düşnüşmezlikleriň çözülmegine goşant goşmagy mümkin bolup biler. İne şonuň üçin hem çykgynsyz syýasy çekeleşiklere baş goşman, gepleşikler dowam etdirilmeli. Aslyna Türkiýe hem döwürleýin başlyklygynda şeýle etmäge synanşdy.

Söwdanyň we maýa goýumlarynyň durnukly dowam etmeginiň şerti asudalyk hem-de durnuklylykdyr. Şol sebäpli sebitiň durnukly we asuda şertlerde ösmegi agza ýurtlaryň esasy maksady bolup durmaly.



Degişli Habarlar