Dost-Doganlygyň Taryhy

MAHMYT KAŞGARLY

708170
Dost-Doganlygyň Taryhy

XI asyrda ỳaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly halkynyñ şöhratyny bir gez ỳokary galdyryp bilen beỳik şahsyỳetdir. Mahmyt Kaşgarly Nuh neslinden bäri ady tutulỳan beỳik türki halkyñ ruhy we söz baỳlygyny ỳazga geçiren şahsyỳetdir. Ol dürden gymmatly, baldan datly, şeker sözli, aỳdyň beỳanly türki, şol sanda türkmen diliniñ söz baỳlygyny nesilleriñ nesibesine gowşuran, dilimiziñ ilkinji ensiklopediỳasyny düzen alymdyr.

 

Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” (“Türki dilleriñ diwany”) sözlügi diñe bir türkmen diliniñ hem edebiỳatynyñ taryhyny däl, eỳsem tutuş türki halklaryñ geçmiş mirasyny ayratynam, edebiỳatyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedir.

 

“Türki dilleriñ diwany” atly bu eserde taryhyñ gerdişinden biziñ şu günümize gelip ỳeten, ata-babalarymyzyñ aỳtgysy, ene-mamalarymyzyñ hüwdüsi, sazlaşykly sözler bilen ỳazylan goşgy setirleri, hikmet hoşalary we paỳhas däneleri bar.

 

Mahmyt Kaşgarlynyñ terjimehaly barada şeỳleräk maglumatlar bar: “Alymyñ doly ady Mahmyt ibn Husaỳyn ibn Muhammet al-Kaşgary bolupdyr. Gündogar ylmynda we edebiỳatynda bu alym Mahmyt Kaşgarly ady bilen bellidir, şu ỳerdäki Kaşgarly sözi onuñ doglan ỳeri bilen baglanyşykly, ỳagny şol ỳerdendigini añladỳan lakamydyr. Biziñ bu agzaỳan şäherimiz häzirki Hytaỳ Halk Respublikasynyñ Sinszỳan-uỳgur özbaşdak etrabynyň günbatarynda ỳerleşỳär. Kaşgarlynyñ golaỳynda Ỳarkent şäheri hem bolup, bu ỳerler biziñ nusgowy edebiỳatymyzda Çyn welaỳaty ỳa-da başga-ça aỳdylanda Çyn-Maçyn ỳurdy ady bilen häli-şindi gabat gelỳär. Mahmyt Kaşgarlynyñ atasy Kaşgarda doglan bolsa-da ömrüniñ köp bölegini Balasagunda geçiripdir”. Alym kakasynyñ Barsagan şäherinde doglandygyny habar beripdir. Barsagan bolsa oguzlaryň ỳurdudyr. Ol Gyrgyzystanyñ Oş şäheriniñ garşysynda ỳerleşipdir we XI asyrda ösen iri söwda merkezleriniñ biri bolupdyr. Alymyñ özi garahanylar döwletiniñ iki gezek paỳtagty bolan Balasagun şäherinde doglupdyr diỳlip, çeşmelerde agzalyp geçilýär. Häzirki wagtda Balasagun şäheriniñ galyndysy Gyrgyzystanyñ Tokmak şäheriniñ golaỳynda ỳerleşỳär. Bu ỳerlerde gadymy döwürlerde türkmenleriñ ata-babalary ỳaşapdyr. Edebiỳatçy alym Rahman Rejebow Mahmyt Kaşgarlynyñ oguzyñ-türkmeniñ kaỳy urugyndan bolandygyny alymyñ öz ỳazan sözleriniñ esasynda düşündiripdir. Ondan başga-da şu ýerde alymyň terjimehaly barada Hytaýly alym Minawaer Abibullanyň berýän maglumatlaryna görä: Mahmyt Kaşgarly “Türk diliniň diwany” atly meşhur eserinde özüniň doglan ýeri barada anyk maglumat getiripdir. Ol ýer Kaşgar sebitinde ýerleşen Opal obasyndaky Azak galasydyr.

 

Mahmyt Kaşgarly ilki Sakiýe medresesinde, soňra bolsa Hamidiýe medresesinde bilim alypdyr we bilimini kämilleşdirmek maksady bilen Bagdada gidipdir. Köp wagtlap ol ýerde ýaşanyndan, soňra watanyna gaýdyp gelipdir we ömrüniň sekiz ýylyny ýerli medresede mugallymçylyk edip geçiripdir. Meşhur alyma ýerli ýaşaýjylar “Hezreti molla” diýip ýüzlenipdirler. Mahmyt Kaşgarly 1105-nji ýylda aradan çykypdyr we dogduk obasynda jaýlanypdyr. Onuň mazary halk içinde “Hezreti mollanyň gubury” ady bilen bellidir we bu ýer häli häzire çenli il-ulusyň meşhur zyýaratgähi bolup gelýär.

 

1983-nji ýylyň ahyrynda, Sinzýan ülkesiniň halk hytaý häkimiýetiniň görkezmesi bilen, Opal obasynda ýerleşen “Hezreti mollanyň gubury” zyýarathananyň ady üýtgedilip, “Mahmyt Kaşgarlynyň ýadygärligi” diýlip yglan edildi.

 

Mahmyt Kaşgarly dünýä belli “Diwany lugat et-Türk” atly eserini ömrüniň onbäş ýylyny öz syýahatlaryna bagyşlamak bilen türki halklaryň medeni, edebi ösüşinde yz galdyran alymlaryň biri hökmünde taryhyň sahypalarynda ornyny tapdy. Ol arap, pars dillerini suwara öwrenip, döwrüniň tanymal medreselerinde ýokary bilim alýar. Ilkinji dilçi alym bolan Mahmyt Kaşgarly şol döwürde türki halklaryň ýaşaýşyny, dil aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny, halk döredijiligini öwrenmek maksady bilen olaryň ýaşaýan ýerine syýahat edýär. Ol syýahatynyň dowamynda türki halklaryň ähli aýratynlyklaryny öwrenýär we toplan maglumatlary esasynda “Diwany lugat et-Türk” atly ensiklopedik häsiýetli eserini ýazýar. Bu eserde Mahmyt Kaşgarly türki boýlarynyň oturýan ýerleri barada, olaryň ulanýan elipbiýleri, ses aýratynlyklary, däp–dessurlary, etnografik aýratynlyklary, halk döredijiligi eserleri barada giňişleýin maglumatlar berýär.

 

Şeýle giňişleýin maglumatlar bermek bilen bütin türk dilleriniň sözlük hazynasyny ýygnamaga çalşypdyr. Şol sebäpli Orta Aziýanyň  örän köp ýerlerini gezipdir  we dil babatda örän baý maglumatlar ýygnapdyr. Bu hakda ol öz kitabynda şeýle sözleri ýazypdyr:

 

“Özüm türkleriň  iň dilewaryndan, iň pähimdaryndan, iň danasyndan, iň pähim-paýhaslysyndan, tohum-tijiň naýbaşysyndan we oňat gargy ulananlardan biri bolsam-da, türkleriň bütin illerini, obalaryny, çöllerini ädimme-ädim gezdim, aýlandym. Türküň, türkmeniň, oguzyň, çigiliň, ýagmanyň, gyrgyzyň dillerini, kapiýalaryny tutuşlygyna zehinime nagyş eden ýaly bezedim. Bu babatda şeýle bir öňe gitdim welin, her taýpanyň dili, meniň pikirimçe, has kämil şekilde ele geçirildi hasap edýärin. Bu kitabymy uzak wagtlap derňew we barlag edenimden soňra, iň oňat usulda, has çeper görnüşde ýazdym. Adymy dünýäniň soňuna çenli ýatlatmak we ahyrýetde tükeniksiz hyzmat gazanmak üçin Alladan hemaýat diläp ýazan bu kitabyma “Diwany lugat-et türk” adyny goýdum.”

 

Türki dilleriň we edebiýatynyň ägirt uly ýadygärligi bolan “Diwany lugat-et türküň” döredilen döwründen bäri dokuz asyrdan gowrak wagt geçen hem bolsa Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türkü” türkmen halkynyñ XI asyrdan häzirki günümize gelip ýeten gymmatly ỳazuw çeşmesi bolup galýar.

 



Degişli Habarlar