Dost-Doganlygyň Taryhy

Aýdym–sazyň ussady Rejep Ulugow

698711
Dost-Doganlygyň Taryhy

Didaryňa muştak men,

Derdime däri dilber.

Täze ýylyň nowruzy,

Pasly–bahary, dilber.

 

          Bulak başynda, obanyň çetindäki ýalpak güzere ýazylyp ýaýraýan çeşmeden, säher bilen suw almaga gelen magşuk gyza, “gyzgüzeri” diýlip at berlen ýerde, ilkinji gezek şol goşgy, gelejekde bagşylaryň dillerinden düşürmän biziň günlermize çenli getirjek “Dilber” diýen aýdymlary boljakdygyny Annagylyç Mätäjiniň özi hem çak eden äl bolsa gerek.   

 

          Gijäniňem ep‐esli bölegini arka atan hem bolsa, ýigit bir eýlesine agdarylýardy, birem beýlesine, käte çiň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ýyldyzlara dikanlap seredip ýyldyzlary sanaýan hem bolsa oňa ynjylyk bermeýän, ukusyny tutdyrmaýan dert‐ahwalat Annagül atly gyzyň yşgydy.   

 

          Ỳigit şeýdip, ham–hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy Annagüli öwran–öwran göz öňüne getirdi. Köňli joşup galama ýapyşdy. Ol ýüz ugra‐da “Dilber” diýip bir goşgy ýazdy. Şol goşgyny hökman aşyk gyzyna okap bermegi ýüregine düwen ýigit, sabyrsyz tomuz gijesiniň soňlanaryna garaşmaga başlady. Daň saz berenden, horozlar „Gökgöz aga„ diýşip obany ýaňlandyran badyna ýigit howlukmaç ýerinden turdy–da, gyzgüzere tarap haýdady. Emma entek gyzgüzeriň başy boşdy. Ýigit, ynha, haý diýmän gün asmana galar weli, gelin–gyzlaryň başyn çekip, Annagülüm geler diýip gyzgüzeriň başyndaky äpet söwüdiň astynda garaşmaga başlady.  

 

          Dag tarapdan öwüsýän pessaýja sergin şemal, äpet söwüdiň çür başyndaky ýapraklaryň şybyrdysy, Annagülüň pyşyrdasyna ogşap, ýigidiň başyňy sämedýär, iniňi sandyradýardy. Ỳigit öten agşamky “Dilberini “ dilinde doga edip gaýtalaýardy.

 

          Ýigidiň säher turup, gyzgüzerinde aşyk gyzyna garaşanyna, ýokardaky Biribaryň özüniň emri berlen ýaly gyzgüzerine ilden öň, Annagüliň ýeke özi geldi. Ol küýzeleriniň birini dolduryp, ikinjisini suwa batyrdy. Ỳigit hem ýerinden zoňňa galdy. Gyz bilen ýigidiň arasynda geçen gep–gürüň Annagül we Annagylyçdan ybarat bolup dilden galan hem bolsalar, Annagylyja gurbat indi we Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Rejep Ulugow ýaly ussat bagşylaryň we olaryň ýetişdiren şägirtleriniň ýerine ýetirýän, şahyryň bolsa bütin gije taraşlan, söwüdiň astynda, gyzgüzeriň başynda diline doga edip gaýtalan “Dilberim” atly aýdymlarynyň şygryny şeýle setirler bilen başlap aşyk gyzyna aýdyp bermäge başlaýar:  

 

Serim saňa sadaga,

Sallangyn bäri dilber.

Göwsüň külli–bulgurynyň,

Gümänym nary dilber.  

 

Didaryňa muştak men,

Derdime däri dilber.

Täze ýylyň nowruzy,

Pasly–bahary, dilber.

 

          – diýip dile getirip, aýdyp gutarmaga ýetişmedik hem bolsa Rejep Ulugow ýaly ussat bagşylaryň repertuarynda yzygiderli ýerine ýetirilmek bilen ýaňlanyp durýar. Ýaňlandykça hem ussat bagşymyz, halypa bagşy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Rejep Ulugowyň ýerine ýetirmeginde ýaşuly nesil bilen, döwrümiziň ýaşlary hem halar ýaly edip göwnejaý aýdyşyna köpümiz şaýat bolan bolsak gerek.

 

          Rejep Ulugowyň ýerine ýetirýän halk aýdymlarynyň özüne mahsus aýratynlygy bar. Onuň ýerne ýetiren halk aýdymlaryny diňlän wagtyň şeýle bir zada göz ýetirýärsiň. Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň “Ak maýa gerek” aýdymyny aýdanlarynda türkmeniň ruhyna täsir edýän bolsalar, Rejep Ulugow “Ak maýa gerek” aýdymyny aýdan wagty diňe bir diňleýjileriň ruhyna däl, eýsem olaryň damarlarynda akýan ganlaryna çenli baryp ýetip, içgi duýgularynda öwrülişikleriň amala aşyrylmagyna alyp baryp biljek täsiri bar diýsek ýalňyşmasak gerek. Şeýle bolandygy üçin hem, Rejep Ulugowyň ussatlygy, sesi türkmen aýdym–sazyna sarpa goýmaga we biygtyýar aşakdaky iki bendi ýada salmaga iterýär:   

 

Türkmen aýdym sazyny,

Diňleseň dymyp diňle.

Dymanyň ýeterlik däl,

Dem alman doňup diňle.


Türkmen aýdym sazlary,

Hapa bolsaň diňletmez.

Bäbek deý bigünä bol, 

Günäňi yuwyp diňle.

 

Howa Rejep Ulugow baradaky asyl söhbedimizi “Dilber” goşgusynyň döreýşiniň taryhy we aýdym bilen başladyk. Emma Annagylyç Mätäjiniň goşgusyna döredilen “Dilber” aýdyynyň sazyny Sahy Jepbarowyň sazy hökmünde bilýäris. Sahy Jepbarowyň “Dilberiniň” sazyna “Dur hany.!” baradaky gysgajyk rowaýat bilen dowam edip, Rejep Ulugowyň bu aýdymy ýerine ýetirişi we onyň täsiri bilen tamamlamakçy.  Sahy Jepbarow “Dilberiniň” sazyny, Maryda gullyk edende şol ýerden getiripdir diýýärler. Maryda ol saza Keminäniň goşgysyna "Hamana" diyen aydymy, Ahalda ýörgünli bolan, Magtymgulynyň goşgysyna döredilen “Nahana geldin” aydymlary aydylýar. Yöne bu sazy Ahal hem, bütün turkmen ili hem Sahy agaň “Dilberi” diyip tanaýar.

 

Rejep Ulugow bolsa toýlarda  “Dilberi” aýdyp berenden soň, edil şol sazda "Dur hany.!" diýen aýdymy öran täsirli bir şekilde ýerine ýetirýär. Ine Rejep Ulugowyň şol aýdymyndan bir bolegi şeyle:


Eý agalar dünýe puçdyr,

Hak ýolunda ýör hany.

Sogap namaza mätäçdir,

Çün säherler tur hany.


Owwal erte namazyňa,

Kybla sary dur hany.

Hayyr işe Resul hoşdyr,

Onuň gownün gör hany.

 

          Rejep Ulugowyň iki bendi berlen şol aýdymyny dinläp görüň hany. Öýkünmeseňiz ökünmersiňiz, emma türkmeniň meşhur bagşylaryndan biri bolan we halk arasynda Rejep äçgi ady bilen hem tanalýan, Ak maýa gerek, Aglarlar ýaly belli aýdymlary bilen meşhur bolan, gyjak çalyp aýdýan bagşy Rejep Ulugowy diňlemekden lezzet aljakdygyňyz bolsa ikiuçsyzdyr.  

 



Degişli Habarlar