Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Halap

636848
Türkiýäniň Nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Mundan sekiz aý ozal siriýaly lukman Osama Abu Al Azz şeýle perýat edýärdi: “Halapda indi tabyt gytlygy bar!”

2016-njy ýylyň aprelinden bäri Halabyň oppozisionerleriň gözegçiligindäki etraplarynda ýaşamak, ölüm bilen el tutulmakdan tapawutsyzdy. Şol jähtden 2016-njy ýylyň başynda Halkara Günägeçişlik Guramasynyň çap eden habarnamasynda möhüm maglumatlar bardy. Russiýanyň we Siriýanyň harby howa güýçleriniň bilkastlaýyn we yzgiderli ýagdaýda hassahanalary, klinikalary nyşana alýandygy beýan edilýärdi. Hüjümleriň bes edilmeginden öň we soň Siriýanyn hökümetiniň we Russiýanyň Howa güýçleriniň uçarlary yzgiderli häsýetde hassahanalary we kliniki hassahanalary nyşana aldy. Halkara Günägeçişlik guramasynyň işgärleriniň beýan etmegine görä saglygy goraýyş edaralaryna we işgärlerine guralýan şol hüjümler uruş strategiýasynyň bir bölegini emele getirýär. Ol üssesine-de halkara hukugyna-da bap gelmeýär.

Hassahanalar, elektrik beketleri we agyz suwy desgalary rus we hökümete degişli güýçleriň hüjümleriniň ilkinji nyşanasy boldular. Şeýlelikde şäheriň ilatynyň göçmäge mejbur edilmegi göz öňünde tutulypdy.

Soňky bäş ýylda Siriýada ýüzlerçe lukman ýogaldy. Adam hukuklary üçin lukmanlar atly guramanyň geçiren barlagyna görä 2016-njy ýylyň aprel aýyna çenli Siriýada soňky bäş ýylyň dowamynda 730 lukman ýogaldy. Şeýle-de 269 saglygy goraýyş edarasyna jemi 382 howa hüjümi guraldy. Şol barlagyň çap edilmeginden dekabar aýyna çenli geçen möhletde saglygy goraýyş edaralaryna ýene-de 54 hüjüm guraldy. Görkezijiler hüjümleriň adaty we yzgiderli häsýetde dowam edendigini subut edýär.

Şu hepde gündogar Halap dolulygyna hökümete degişli güýçleriň gözegçiligi astyna geçdi. Bu ýetilen sepgitde halkara jemgyýetçiliginiň adyndan umuman beýanat berme hukugyny özünde görýän günbatar dünýäsiniň uly jogapkärçiligi bar. Günbataryň Siriýa fiaskosy şeýle köp welin, indi öz mejlislerinde-de aç-açan beýan edilýär. Britaniýanyň ozalky maliýe ministri we Konserwatiw partiýanyň halk deputaty Jorj Osborn şu hepde Awam palatasynda eden çykyşynda ýurdunyň we günbatar dünýäsiniň adyndan şu tankydy bellikleri aýtdy: “Eger Siriýada başdan geçirilýänlerde jogapkärçiligimiziň bolmandygyny pikir edýän bolsak, şu Parlamentdäki adamlaryň ählisi öz-özüni aldadýar. Halap tragediýasy günbataryň, Amerikanyň we Angliýanyň emele getiren boşlugynda ýüze çykdy.”

Mundan iki hepde ozal Germaniýanyň Federal Mejlisindäki Siriýa baradaky maslahatda çykyş eden Halkara gatnaşyklar toparynyň başlygy Norbert Tottgen: “Halap günbataryň daşary syýasatynyň soňky ýyllardaky esasy apatynyň simwoly” diýipdi.

2-nji Jahan urşunda faşistik Germaniýanyň eden gyrgynçylygynyň gaýtalanmazlygy üçin “asla, gaýtalanmaz” diýenler, sözlerini gaty çalt ýatdan çykardylar. Şeýle tejribeler Palestinada, Bosniýada, Ruandada, Halapçada we soňky gezek Siriýada başdan geçirildi. 2013-nji ýylda Siriýanyň hökümeti öz halkyna garşy himiki ýarag ulananda yglan edilen çäklendirmelerden has öte geçilipdi. Emma günbatar himiki ýaraglaryň ulanylmagyna degişli jogaby bermekden gaça durdy. İň erbedi bolsa düzgünleri Russiýa tarapyndan goýlan oýuny oýnamagy kabul etdi. Ol hem şondan soň edilen ähli harby jenaýatlara sebäp boldy.

Halap Russiýanyň harby howa güýçlerinin beren goldawyndan soň dolulygyna Siriýanyň harby güýçleriniň eline geçdi. Emma ol hökümetiň güýçlidigini görkezmeýär. Halabyň synmagy Russiýanyň berýän goldawynyň ýany bilen Eýran tarapyndan dolandyrylýan daşary ýurtly ýaragly güýçleriň, Yrakdan gelen ýaragly toparlaryň we Hizbullahyň beren goldawy netijesinde boldy. Şeýlelikde hökümet Halaby almaga gönügip, Palmirany ýaňadandan DAİŞ-e aldyrdy.

Siriýada şäherler haraba öwrüldi, ýumruldy, bölündi we döwlet syýasy taýdan böleklere bölündi. Emma dört ýurtdan gelýän goldaw bilen güýjüni dowam etdirýän hökümetiň höküm sürmäge synanşýan ýurdunda döwlet diňe bir ssenariden ybarat.

Hökümetiň beýan edişi ýaly Halap azat edilmedi. Waka daşary ýurtly güýçleriň Siriýanyň şäherlerinden biri ýykyp-ýumurmagyndan ybarat. Halapdan soň hökümete garşy göreşiň esasan partizan urşy görnüşinde dowam etmegi ähtimal. Russiýanyň howa goldawynyň netije bermejek göreş usulynda hökümetiň basyş ediji syýasatlary bilen tamamlanmagy mümkin däl. Tersine hökümetiň basyş ediji syýastlaryyň partizan söweşine tarapdar üpjün ediji futksiýa eýelemegi ähtimal.

Siriýada başdan geçirilen çaknyşyklaryň netijesinde hökümet uly ýitgileriň çekilmegine sebäp boldy. Millionlarça adam ýerinden-ýurdundan jyda düşdi. Bu şertlerde hökümetiň dowam etdirýän paronaýak basyşy täze göreş usullarynyň ýüze çykmagynda meçew beriji rol oýnar. Şol göreşiň 1982-nji ýyldaky Hama göreşine meňzemejekdigini soňky bäş ýylda başdan geçirilenler görkezdi. Çünki indi hökümet 1982-nji ýyldaky ýaly güýçli däl. Daşary ýurtly güýçler bolsa yzgiderli ýagdaýda kemsidilmegiň ýatladyjysy bolar.

Şeýlelikde Siriýada düýpli sosial, ykdysady we syýasy öwrülşik amala aşyrylman halatynda bar bolan hökümet we ony goldaýanlar mesele bolmagynda galar.



Degişli Habarlar