Dost-Doganlygyň Taryhy

ROMANTIK KOMUNIST ÝA–DA ROMATIK REWOLÝUTSIONER – NAZYM HIKMET

632049
Dost-Doganlygyň Taryhy

 

Türkiýe Respublikasynyň ýer ýüzünde tanalmagyna öz goşantlaryny goşanlar, diňe bir döwleti adamlary bolman, eýsem onuň edebiýatçylarynyň, şahyrlarynyň, kino sungatynyň işgärleriniň hem Türkiýe Respublikasynyň dünýäde tanalmagyna goşan goşantlary az däldir. 

 

Şol edebiýat we sungat adamlarynyň hatarynda, hökmany suratda ady tutulýan tanymal ýazyjylaryň arasynda Nazym Hikmet Ran hem bardyr.  

 

Nazym Hikmet, 1902–njy ýylyň 15–nji ýanwarynda, Selanik şäherinde, kakasy Hikmet, ejesi Aýşe Jeliläniň guran maşgalasynda dünýä inýär. Hikmet bilen Aýşe Jeliläniň Nazymdan başga hem Samiýe adynda bir gyzlary bolupdyr.  

 

Hakyky ady Nazym Hikmet Ran ýa–da gysgajyk Nazym Hikmet diýlip ady tutulýan edebiýatçy, türk şahyry, sahna eserleriniň döredijisi, romanlar we ýatlamalar ýazan ýazyjy hökmünde ýatlanylyp geçilýär. Oňa häsiýetnama beren wagtlary bolsa „romantik komunist“ ýa bolmasa–da „romantik rewolýutsioner“ diýýärler. Özüniň syýasy düşünjeleri sebäpli birnäçe gezek tussag edilýär we tüýs aklynyň goýalşan wagty ömrüniň agramly bölegini tussaglykda ýa–da sürgünde geçirýär. Onuň ýazan şygyrlary elliden köpräk dile terjime edilýär we döreden eserlerniň birnäçesi baýraklara mynasyp bolýar.

 

Eserleriniň çap edilmegi gadagan edilen ýyllarda, Orhan Selim, Ahmet Oguz, Mümtaz Osman we Erjüment Er atlaryny ulanyp öz işine dowam edipdir. „It ürer, kerwen geçer“ atly kitabyny, Orhan Selim ady bilen ýazandygyny muňa mysal getirip bolar.

 

Türkiýede ilkinji bolup erkin goşgy ýazma usulyny ulanan we häzirki zaman türk şygrynyň iň görnükli wekili bolmak bilen birlikde, halkara derejesinde şöhrata eýe bolan we ýigriminji asyrda dünýäniň iň tanymal şahyrlarynyň arasynda ýer alan şahyrdyr.  

 

Halkara derejesinde şöhrata eýe bolan şahyr özüniň ilkinji goşgusy bolan „Watan perýady“ goşgusyny 1913–nji ýylda ýazýar. Edil şol ýylyň özünde hem „Mekdebi Sultani“ okuwunda okamaga başlaýar. Maşgalalaryň bir oturlyşygynda bolsa deňizçileriň gahrymançylygy hakynda ýazan goşgusyny şol wagtyň Deňizçilik ministri Jemal Paşa okap berensoň, onuň deňizçilik mekdebine okuwa iberilmegi hakyndaky netijä barylýar. 1915–nji ýylda deňizçilik mekdebinde okamaga başlaýar we şol mekdebi 1918–nji ýylda tamamlaýar. Şahsy jildindäki ýetişigi we özüni alyp baryşy hakyndaky maglumatlarda akylly, orta derejede zähmetsöýer, egin–eşigine seretmeýän, gaharjaň we ahlak taýdan durnukly talyp diýip baha berilipdir. Okuwyny tamamlandan soň, gämide gulluk etmäge iberilýär. Emma çakdanaşa köp gezek goşunda halanmaýan hereketleri edendigi sebäpli goşundan çykarylýar.  

 

1920–nji ýylda ýoldaşlary bilen „Milli göreş“ hereketine goşulmak üçin Anadola gidýär. Bolu şäherinde mugallymçylyk edýär, soňra bolsa Batumi şäheriniň üsti bilen Moskwa gidýär. Gündogar zähmetkeşleriniň komunist uniwersitetinde Syýasat ylymlary we ykdysadyýet bölüminde okaýar. 1921–nji ýylda Moskwa gelen wagty rewolýutsiýanyň ilkinji ýyllarynda bolup geçen wakalara şaýatlyk edýär we kommunizm bilen tanyşýar. 1924–nji ýylda, ilkinji gezek Moskwada şygyrlar kitaby çap edilýär.  

 

Ilkinji şygyrlaryny bogun ölçegini ulanmak bilen ýazmaga başlaýar. Emma, onuň ýazýan goşgulary mazmun taýdan beýleki goşgulardan tapawutlanýardy. Şygyr ýazma ussatlygy artdygy saýy bogun ölçegi bilen galmaýar we öz şygyrlary üçin täze–täze formalary gözlemäge başlaýar. Sowet Soýuzynda ýaşan wagty bolsa bu irginsiz gözlegleri ýetjek derejesine baryp ýetýär. Goşgulary hem mazmun taýdan hem–de forma taýdan öz döwürdeş şahyrlarynyň goşgularyndan tapawutlanýardy. Sowet Soýuzyndaky ýaş şahyrlar ýaly ol hem Maýakowskä we futurist şahyrlara meňzemäge çalyşýar.  

 

Şygyrlarynyň käbirleri Fikret Kyzylok, Jem Karaja ýaly mukamçy bagşylar tarapyndan işlenip aýdym edilip aýdyldy. 1979–njy ýylda bolsa goşgularynyň belli bir bölegi, Ünol Büýükgönenç tarapyndan, onuň özüne mahsus bolan usulda işlemek bilen „Yagşy günler bize garaşýar“ ady bilen kaseta hökmünde ýazdyrýar. Birnäçe goşgusy bolsa grek mukamçy Manos Loizos tarapyndan işlenip aýdym döredilýär. Ondan başga hem Fuat Saka, birini Demir Gökgöl bilen bilelikde, birini bolsa ýeke özi, Nazym Hikmediň goşgularyna aýdym döredip albom çykarýar.   

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy 2002–nji ýyly Nazym Hikmet ýyly diýip yglan etmegi mynasybetli mukamçy Suat Özönder tarapyndan „Aýdymlarda Nazym Hikmet“ ady bilen onuň goşgularyny ulanyp bir aýdym albomyny çykarýar. Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministirliginiň hemaýat etmeginde bolsa bu aýdymlar „Ýeni Dünýa“ ses ýazgysy şereketi tarapyndan diňleýjilere ýetirilýär.

 

1925–nji ýyldan başlap ýazan şygyrlary we eserleri sebäpli birnäçe gezek kazyýet jogapkärçiligine çekildi. 28 ýyldan hem gowrak möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. 12 ýyldan gowrak wagtlap Bursa şäherindäki tussaghanada ýatan wagtyny öz içine alýan „Mawy gözli döw“ ady bilen kino düşürilip, 2007–nji ýylda tomaşaçylara hödürlenýär. 1951–nji ýylda Ministrler Kabinetiniň Karary bilen türk raýatlygyndan çykarylandan soň, ilki başda, Moskwa şäheriniň ýakynyndaky ýazyjylar şäherçesinde, soňra bolsa ýanýoldaşy Wera Tulýakowanyň ýanynda Moskwa şäherinde ýaşady.

 

1950–nji ýylda Sowt Soýuzyna gaçyp giden Nazym Hikmet, 1963–nji ýylyň 3–nji iýunynda, 61 ýaşynda, ýüreginden tutup dünýäden ötýär.   



Degişli Habarlar