Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Trampyň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Ýakyn Gündogar barada beren beýanaty onuň adaty bolmadyk daşary syýasat alyp barjakdygyny görkezýär.

613551
Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

 

 

ABŞ-da 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawynda Respublikaçy dalaşgär işewür adamy Donald Tramp üstün çykdy. Trampyň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Ýakyn Gündogar barada beren beýanaty onuň adaty bolmadyk daşary syýasat alyp barjakdygyny görkezýär. Şeýlelikde ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar syýasatynda käbir özgertmeleriň boljakdygyny arkaýynlyk bilen aýdyp bileris.

Tramp umuman Demokrat Obamanyň liberal halkara daşary syýasat düşünjesine garşy durýar. Trampyň pikiriçe ABŞ-nyň halkara jemgyýetçiligi bilen gowy gatnaşyklar açmagy ýeterlik däl. Halkara guramalary we hyzmatdaşlyklar hem şeýle. Esasy zat gatnaşyklaryň düşýän gymmaty. Eger gatnaşyklaryň düşýän gymmaty gazanylýan bähbitde ýokary bolsa, bu taýda käbir zatlar ýalňyş diýmekligi aňladýar.

Tramp iş toparynda aşa sagçylaryň bardygyna garamazdan Obamadan ozalky Buş döwrüniň syýasatlary bilen hem arasyny açdy. Tramp dolanşyklaryň çalşyklary, demokratiýa eksport etmek we halk döretmek ýaly synanşyklara-da çürt-kesik garşy durýar. Hat-da gynamalaryň tarapynda durmakdan hem çekinmeýär. Gynamanyň tarapynda näme sebäpden durýandygyna garalanda Trampyň Ýakyn Gündogar syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri öňe saýlanýar: “terrorçylyga garşy göreş”.

Gymmaty näçe bolsa bolsun, terrorçylyga garşy göreşe berýän ähmiýeti iňňän möhüm. Birinjisi onuň islamafobiki başlangyjy bar. Terror yslamyň jemgyýetçilik durmuşdaky tejribesi bilen özleşdirilen ýaly görünýär. Diňe bir Tramp däl, toparyndaky beýleki adamlar hem şeýle garaýyşlara eýe. Şol çäkde diňe bir DAİŞ däl, Siriýanyň parasatly oppozisiýasy we Musulman doganlar hereketi hem terrorçy hökmünde görülýär.

İkinjisi terror meselesine bolan  çemeleşme 20 ýyldan bäri özgertmeler taýdan daşarky basyşlara sezewar bolan sebitdäki awtoritar dolanşyklary rahatlandyrdy. Şol çäkde Trampy telefon arkaly gutlan ilkinji lideriň Müsüriň Prezidenti Abdulfattah Al Sisi bolmagy diýseň geň. Terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilen halatynda döwletlerde kime basyş etjekdikleriniň Tramp üçin möhüm bolmajakdygy görülýär.

Üçünjiden Obamanyň sebitde soňky bäş ýylda alyp baran ýalňyş syýasaty Russiýa, Eýran, yrakly şaýylar, PÝD we Hizbullah ýaly ýurtlaryň hem-de guramalaryň uly üstünlik gazanmaklaryna alyp bardy. Trampyň Ýakyn Gündogar syýasaty we terrora bolan garaýyşy şol üstünlikleriň berçinlenmegine alyp barar.

Trampyň terrory sünni dünýädäki radikalizm bilen bir görýändigini aýdyp bileris. Bu çäkde şol bir sebäpden sebitdäki güýjüni legallaşdyrmaga synanşýan Russiýa bilen umumy bähbitde ylalaşana meňzeýärler. İne şol nokat Trampyň häkimiýetiniň Siriýada Başar Asada ýol açjakdygyny görýäris. Esasy zat yslamçy güýçlerden emele gelýän Siriýanyň oppozisiýasy hem Trampyň pikiriçe terrorçy. Şol garaýyş netijede Asady erbedin gowusy hökmünde kabul edýär. Şeýle-de Russiýanyň Tramp tarapyndan hyzmatdaş hökmünde görülmegi Asad bilen Trampyň arasynda jebisleşdiriji pozisiýa eýelejekdigini aýdyp bileris.

Asady terrora garşy hyzmatdaş hökmünde görýän Tramp bilen birlikde indi Siriýada “Asadsyz çözgüt” gözleginiň dolulygyna ortadan aýrylandygyny aýtmak ýalňyş bolmaz. Emma çaknyşyklaryň dowam etmegi Siriýada başga ýerlere göçmäge mejbur edilen ilatyň näme boljakdygy meselesini gün tertibine getirýär. Bu meselede Trampyň teklibi ara zolak döredip, bosgunlaryň şol ýere jemlenmegi. Trampyň bu taýdaky derdi elbetde bosgunlaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi däl. Musulmanlary potensial howp hökmünde kabul edýän Tramp, Siriýadan günbatara bolmagy ähtimal bosgun goçüni gözegçilik astynda saklamagyň derdinde. Tramp siriýalylar taýdan umyda açylýan gapylary ýapýan adam ýaly.

Siriýalar bilen birlikde Trampyň Ýakyn Gündogar syýasatyndan zyýan çekjeklerden biriniň palestinalylar boljakdygy ikiuçsyz. Şu günki güne çenli alynyp barylýan Amerikan saýlaw kampaniýalarynda iň berk Ysraýyl tarapdarlygyny eden Trampdan başga hiç kim. İndi Ysraýylyň Amerikan hökümetleri tarapyndan çözgüt üçin gepleşiklere çagyrylmagyna garaşmak ýalňyşlyk bolar.

Trampyň Obama döwründe gazanylan ýadro ylalaşygyna hem garşydygy mälim. Emma ol Eýran-Amerika gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirjekdigini aýtmak ýalňyş bolar. Bu şertler tersine Eýranda ylalaşyga garşy duranlary pragmatiki Hasan Ruhana we Jawad Zarifa garşy güýçlendirjek häsýetde. Şeýlelikde Eýranyň içeri syýasatyna täsir ýetirmegi ýokary ähtimallyk. Trampyň umumy Ýakyn Gündogar syýasatyna ser salynanda Eýranyň pozisiýasy güýçli bolmagynda galýar. Ähli zatdan ozal Trampyň terrorizmi radikallaşan sünnilik bilen deň görmegi we Asad hem-de Russiýa bilen hyzmatdaşlyga açyk bolmagy Eýran üçin hem bähbitli.

Jemläp aýdanymyzda Trampyň alyp barmagyna garaşylýan Ýakyn Gündogar syýasaty sebitiň meselelerini çözmeýşi ýaly, bar bolan güýç deňagramlygyny hem özgertjek häsýetde däl.



Degişli Habarlar