Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Ebud-Derda

613639
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Türki dilli halklaryň yslam dinini kabul edeninden soň şahsyýetleriň arasynda iň köp halan we özlerinden diýip kabul eden adamlary bar. Ine şolaryň biri hem Bedir söweşinde musulman bolan Ebud-Derda atly sahabadyr. Ebud-Derda ady bilen tanalan bu şahsyýetiň hakyky ady Amir, lakamy bolsa Uweýmir. Ebud-Derdanyň Bedir söweşinde musulman bolandygy aýdylýar. Ozal söwda bilen meşgullanan Ebud-Derdanyň musulman bolanyndan soň söwda bilen ybadaty bilelikde ýerine ýetirip bilmändigi sebäpli ozalky kärini goý bolsun edipdir we özüni diňe dine ugrukdyrypdyr.

Ebud-Derda Bedir söweşinden başga Muhammet Pygamberiň ähli söweşlerine gatnaşypdyr. Ol şol bir wagtda Gurhany ýat tutup, Pygambere aýdyp beripdir we onuň razyçylygyny alypdyr. Muhammet Pygamber Ebud-Derda bilen Sahabi Selman Farisiniň arasynda doganlyk gatnaşygyny ýola goýupdyr.

Ebud-Derda Damask söweşine gatnaşypdyr, 636-njy ýylda bolan Ýermük söweşinde bolsa kazy wezipesinde getirilipdir. Yslam taryhynda kazy wezipesi ilkinji gezek  Ebud-Derda bilen başlapdyr. Adamlar bu wezipäni Ebud-Derda beýleki söweşlerde hem ynanypdyr. Omaryň halyflygy döwründe Medinede beýleki käbir sahabalar bilen bilelikde kazylyk wezipesini dowam etdiripdir. Bundan soň bolsa halyfdan rugsat alyp Damaska gidipdir we ol ýerde Gurhan we din kadalarynyň ýygyndysyny öwretmäge başlapdyr. Rowaýatlaryň birinde bolsa Siriýanyň gubernatory Ýezid Bin Abu Sufýanyň Damaska mugallym iberilmegini isläninden soň Ebud-Derda Omar tarapyndan Damaska ugradylypdyr. Ebud-Derda Siriýada wagty Kipr söweşine hem gatnaşypdyr. Omaryň buýrugy bilen Damaskyň kazysy wezipesine bellenipdir, ol wezipäni bir kemsiz berjaý edipdir. Dört çaryýaryň 3-njisi bolan Osman zamanynda Ebud-Derda Gurhan öwredipdir, 652-nji ýylda bolsa Damaskda aradan çykypdyr. Gubury Damaskyň Babüs-Sagyr gonamçylygynda bolmak bilen Türkiýäniň Stambul şäheriniň Eýüb we Üsküdar etraplarynda, Konýanyň Eregli etrabynda we Bartynda bolmak bilen başgada 4 sany gubury bar. Ebud-Derda türkleriň arasynda aýratyn sarpasy bolan sahabadyr. Şol sarpa sebäpli onuň gubury Stambulda hem bardyr. Onuň Orta Aziýadan gelen Sahabi Selmany Farisi bilen doganlyk gatnaşygynyň ýola goýulmagy aýratyn belläp geçmeli hadysalaryň biridir.

Ebud-Derdanyň 2 aýaly bolupdyr. Onuň 2 aýalyndan 2 gyzy we 2 ogly bolupdyr. Ebud-Derda çagalaryny gowy ýetişdiripdir, ogly Bilal bolsa Emewi döwleti zamanynda Damaskyň kazysy wezipesinde işläpdir. Omar Ebud-Derdany Bedir söweşine gatnaşmasada söweşe gatnaşan diýip aýlyk beripdir.

Ebud-Derda ömrüni Muhammet Pygamberden öwrenenlerini, eşidenlerini, düşünenlerini adamlara öwretmek üçin bagyş etdi. Ol Yslam hukugyny, hadyslary, tefsiri we Gurhany gowy bilýärdi. Ebud-Derda Muhammet Pygamberiň 179 hadysyny özünden soňky nesile goýup gidipdi. Türki dilli halklaryň arasynda aýratyn sarpasy bolan Ebud-Derda Gurhany öwretmek babatynda beýleki sahabalardan tapawutlanypdyr. Ebud-Derda söwda bilen meşgul wagty yslam dini bilen tanyşypdyr, belli bir wagt soň bolsa söwdasyny goýup özüni dine beripdir. Onuň töwereginde bolup geçýän ähli zatlara öz garaýşy bardy. Muhammet Pygamber bolsa ol barada: “Ummadyň iň köp gulluk edeni we Alladan iň habardar bolany. Bu ummadyň danasy” ýaly sözler bilen taryp edendigi aýdylýar.

Ebud-Derda adamlara:

Dogry bilýänleriňizi aýtmakdan çekinmeli däl,

Ýagşylyk etmeli,

Ahyreti pikir etmeli,

Ýetimlere eýe çykmaly, olara gözegçilik etmeli,

Gullary azat etmeli,

Ýer ýüzünde ulumsy bolman, açykgöwünli bolmaly we Allany ýatlamaly,

Zulum edenden gaçmaly,

Alan bilimi bilen edýänleriniň biri-biri bilen baglanşygy bolmaly diýip aýdyp geçipdir.

       Lokmany Däde tarapyndan ýazylan “Möwlananyň hekaýasy” atly eserde Ebud-Derdanyň dessana öwrülen ömri “Ebud-Derdanyň hekaýasy” ady bilen goşgy görnüşinde ýazylypdyr.

       Ebud-Derdanyň başgada aýdyp geçen sözleri bar. Olaryň käbirleri şu aşakdakylardyr:

       Bendesi Alla ybadat etse Alla hem ony söýer, özi tarapyndan ýaradylanlarada söýdürer.

       Imanly adamyň iň gowusy başyna gelene sabyr eden, kysmadyna razy bolan, işlerini Alla tabşyran we Alla boýun egendir.

       Bir sagat pikirlenmek, bütün gijäni ybadat etmekden has hem sogapdyr.

       Bilmeýäne 1 gezek, bilip hem ýerine ýetirmeýäne 7 gezek utanç bolsun.



Degişli Habarlar