Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar

Marokkoda geçirilen saýlawlara syn

591184
Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar

 Marokkoda 7-nji oktýabrda umumy saýlawlar geçirildi. Hakimiýetiň başyndaky şäriklik hökümetiniň esasy agzasy Adalat we Ösüş partiýasy (PŽD )saýlawda uly üstünlik gazandy. Ses sanyny artdyran partiýa parlamentde 125 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy. PŽD musulman demokratlara wekilçilik edýär. Saýlawda şäriklik hökümetiniň beýleki 3 agzasy bolan partiýalaryň bolsa ses sany azaldy. Saýlawlaryň umuman alnanda demokratik ýagdaýda geçendigi nygtalýar. Emma saýlawa bolan gatnaşyň ozalky saýlawlar bilen deňeşdirilende 2 göterim aşaklandygy we 43 göterime barar bolandygy bellenildi.

Saýlawda ikinji partiýa bolsan PAM partiýasynyň hem ses sanynyň ýokarlandygy habar berildi. Mejlisde 47 halk deputaty bilen wekilçilik edýän PAM partiýasy kürsi sany 102-ä çykardy. Geçmişde Şanyň kömekçisi bolan PAM partiýasynyň lideri İlýas Al Ömeri şol bir wagtda şanyň çagarlyk ýyllaryndaky dostu. PAM syýasy taýdan hem Köşgüň partiýasy hökmünde tanalýar. PAM partiýasy saýlaw strategiýasyny dolulygyna PŽD partiýasyna garşy alyp bardy. Emma PŽD-nyň saýlawyň birinji partiýasy bolmagynyň öňüni alyp bilmedi.

Saýlawyň netijelerine ser salnanda ilkinji etapda saýlawa bolan gatnaşygyň pesdigi ünsleri özüne çekdi. 5 milliona golaý saýlawçy ses bermek üçin bellik etdirmedi. Ýagny ses bermek hukugyna eýe bolanlaryň diňe 1/3 bölegi ses berdi.

Saýlawyň netijesi halkyň esasy böleginiň syýasatçylara ynanmaýandygyny subut etdi. Halkyň esasy bölegi saýlawlaryň gündelik durmuşlary taýdan hiç zady özgerdip bilmejekdigi dogrusynda pikir edýär.

Saýlawlar mundan başgada Arap baharynyň ilkinji günlerindäki oňyn atmorferanyň gysga dowam edendigini görkezýär. 2011-nji ýylda arap pitneleriniň çäginde  Morokkoda hem ýörişler guraldy. Emma Marokkonyň şasy kanuny üýtgetmeleriň kabul ediljekdigi barada söz berdi we pitneleri basyp ýatyrdy. Konstutsiýa käbir üýtgetmeler girizildi we Şa käbir ygtyýaryny parlamentde tabşyrdy. Şeýle hem premýer ministriň saýlawda uly üstünlik gazanan partiýanyň parlament toparyndan saýlanmagyny kabul etdi. Parlamentiň işiniň bes edilmegi hakynda Premýer ministre ygtyýar berdi. Emma  halk Parlamentde kabul edilen kararlaryň aslynda Köşgüň kararydygyna ynanmaga dowam edýär. Halkyň esasy bölegi parlamentde wekilçilik edýän partiýalaryň diňe käbir meseleleri jedelleşmekden öte geçip bilmeýändigini nygtaýar.

Eýsem şäriklik hökümetiniň agzalarynyň ses sany azalýarka PŽD partiýasynyň ses sany nähili ýagdaýda ýokarlady?.

2011-2016-njy ýyllaryň arasynda Abdulillah Benkiranyň premýer ministrligi söwründe PŽD-niň ýolbaşçylyk etmeginde iki partiýaly şäriklik hökümeti guruldy. Şol hökümeti beren wadasynda durup bilmedi. Ýurduň ykdysady taýdan 7 göterim ösmegi maksat edinilýärdi emma hökümet maksadyna ýetip bilmedi. PŽD hökümeti tygşytlylyk syýasatyny alyp barmaly boldy. İşgizlik we gaplyk esasy mesele hökmünde galmaga dowam etdi.

Emma hökümetiň esasy agzasy şärigi PŽD-niň ses mukdary ýokarlaýarka şäriklik hökümetiniň beýleki agzalarynyň ses mukdarynyň azalmagyny hökümetiň peselýän iş depgini bilen düşündirmek kyn bolar.

Ses mukdaryny artdyran iki partiýadan daşgary ses mukdary azalan ýa-da tamasy puja çykan partiýalary iki toparda seljermek mümkin. Marokkanyň syýasy arenasynda çepçi partiýalaryň ählisiniň ses mukdarynyň aşaklaýandygy görülýär. Bu saýlawdan ozal üç sany çepçi partiýanyň birleşmegi netijesinde döredilen we saýlawdan ozal mediada giň seslenme döreden Demokratik çepçi federasiýa partiýasy hem 2 kürsi eýelemegiň hötdesinden geldi.

İkinji kategoriýada bolsa Marokkonyň syýasy arenasynda uzak ýyllardan bäri orun eýelän we köşküň täsiri astynda syýasat alyp barmagy bilen tanalýan partiýalar. Şol partiýalaryň ses mukdarynyň aşaklamagynyň iki sebäbi bar: birinjisi indi könelişen ýüzleri we gözýetimsiz çemeleşmeleri bilen partiýalarynyň ynamdan gaçmagy.

İkinji faktor bolsa köşküň täsiriniň özüne täze syýasy partiýa hökmünde PAM-y saýlap almagy. Şeýlelikde Şaga wepadarlyk üçin berilýän sesleriň esasy bölegi PAM-a gitdi. Emma PAM saýlaw platformasyny dünýewilik-yslamçylyk düşünjesine esaslandyrmak arkaly hem beýleki partiýalaryň käbir sekulýar saýlawçylaryny özüne çekmegiň hötdesinden geldi. PŽD koalision hökümetlerinde orun eýelän partiýalardan üç sanysy şol kategoriýa degişli.

Hökümetiň iş depgini taýdan peselmeginiň jerimesiniň umuman dolanşyk ulgamy tarapyndan çekilendigini aýtmak mümkin. Arap baharyna laýyklykda Köşk tarapyndan berilen wadalaryň ozalky dolanşyk ulgamyny bezemekden aňyry geçmändigi düşünjesi saýlawçyny ünssiz çemeleşmäge gönükdiren faktor boldy.

Şol saýlawyň netijelerine görä PŽD-nin alan ses mukdaryny we pozisiýasyny nähili düşündirmek bolar?

İlki bilen bellenmeli zat, 18 kürsülik ses artyşynyň Marokkoda Syýasy yslamyň döwlete düýpli täsir ýetirmegi görnüşli analizlerin ýalňyşlygy. Pes gatnaşykly saýlawda alynan 32 göterime barabar ses, jemi saýlawçy sanynyň 10 göterimene deň gelýär.

Emma partiýanyň indi durnukly sosial tarapdara eýedigini aýtmak mümkin. PŽD jemgyýetiň esasy gatlagy tarapyndan ykrar edilen partiýa bolmagyň hötdesinden geldi.

Beýleki tarapdan musulman ýurtlarynda-da bolşy ýaly sosial güýçleri merkeze çekýän syýasy aktýor pozisiýasyny eýeledi. PŽD merkezi köşkde ýerleşýän syýasata ynjyk syýasy deňagramlyklary bozmazdan mariginal sosial gatlaklary hem çekýär. 1998-2007-nji ýyllaryn aralygynda demokratik çepiň wekilçilik eden missiýasy häzirki wagtda PŽD-dir. Şanyň partiýasy hökmünde tanalýan PAM-yň ähli saýlaw strategiýasyny PŽD-ä garşydaşlyk düşünjesine esaslandyrmagy ine şul jähtden üns çekiji.

Marokkoda özgertmelere garamazdan Şa we onuň ýakyn töweregi syýasy güýji elinde tutmaga dowam edýär. Şanyň dolanşyk ulgamyndaky güýçli pozisiýasynyň dowam etmegi sebäpli bäsleşikçi awtoritar ulgamyň bardygyny aýdyp bileris. Soňky günlerde beýan edilen barlagyň netijesine görä jemgyýetiň 82 göterimi döwletiň galplyk edýäňdigi düşünjesine eýe. Şeýle-de marokkalylaryň 91 göterimi tanyşyň bolsamasa iş tapmagyň mümkin bolmandygyna ynanýar.


Etiketkalar: #Marokko , #saýlawlar , #syn

Degişli Habarlar