Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Nasreddin Hoja Ependi

585029
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Nasreddin Hoja Ependi Anadolynyň Merkezi sebitlerinde ýaşan musulman türk danadyr. Nasreddin Hoja Ependi Nasreddin Hoja, Molla Nasreddin, Molla Nasrettin, Nasreddin Efendi, Nesirdin Ependi, Nasirdin Kojo, Naridin, Hoja Nusrettin, Nasreddin Oja, Nusreddin Hoja, Nastradin, Nasradin, Nasyr Hoja, Nasirüddin Hojga, Nasaret, Nasradyn Hoja, Nasrudin Hodža, Koja Nasr, Nasreddin Huja, Ependi, Hojanasriddin, Nasriddin Afandi, Juha we ş.m. atlar bilen türk we yslam dünýäsinde tanalýar..

Nasreddin Hoja Ependi il arasynda esasan hem degişmeleri bilen tanalypdyr. Aslynda ol bilimli, ylymly, parasatly adam bolupdyr. Ependi diňe degişmleri bilen däl, eýsem ol halka öwütleri we ündewleri bilen hem tanalypdyr. Onuň degişmeleri diňe türkmen ýa-da türk dillerinde bolman, eýsem onuň degişmeleri arap, pars, iňlis, hytaý, nemes, fransuz, latyn, ýapon, rus, serp, grek, italiýan, ispan, urdu, sowut we polýak dillerine terjime edilipdir. Şol sebäpli Ependiniň ady dürli ýurtlarda dürli atlar bilen tanalypdyr. Mysal üçin araplar Ependä Juha diýipdirler. Şol sözüň ýagny Juha sözüniň harplaryna üns bersek Hoja sözünden gelip çykandygyny görüp bileris.

Nasreddin Hoja Ependi bilen baglanşykly käbir näbelliliklere garamazdan hakykatdan hem ýaşap geçen bir şahsyýetdir. Ependiniň ýaşap geçen döwri ýagny 13-nji asyr Anadoly  eýýäm dolulygyna yslamlaşypdy. Taryhy maglumatlar hem şony subut edýär. Emma şonda-da onuň ýaşap geçen ýyly, durmuşy we beýleki käbir maglumatlar entek dolulygyna anyklanmady. Häzirki maglumatlara görä Ependi Türkiýäniň Eskişehir welaýatynyň Siwrihisar etrabynda doguldy.

1208-nji ýylda Siwrihisar etrabynyň Hortu obasynda dogulan Ependiniň kakasy Abdullah Hoja obanyň ymamydy. Kakasy ýogalandan soň obanyň ymamy wezipesine bellenen Ependi bilimini kämilleşdirmek maksady bilen Siwrihisardan Akşehire gidipdir. Ependi öz ýerine ýagny obanyň ymamy wezipesine bolsa Mehmet atly birini goýupdyr. Ependi öz bilimini kämileşdiren ýerleriň biri hem Konýa şäheri bolupdyr. Oňa Konýa şäherinde Kazy wezipesinde işlemek nesip edipdir. Ol ikinji bilimini kakasyndan alypdy we belli bir wagt soň Kady wezipesine çenli ösüp gidipdir. 1237-njiýylda Akşehire gelen Ependiniň şol ýerde ýaşaýan tanymal sopy alymlaryndan ders alandygy hem bilinýär. Şol tanymal sopylaryň arasynda Seýýit Mahmut Haýrani we Seýýit Haje Ibrahim Soltan dagylar hem bar.

Nasreddin Hoja ýagny Ependi zamanasynda Türkiýe Selçukly döwletiniň başynda I. Alaattin Keýkubat, II Gyýasettin Keýhüsrew, II Alaattin Keýkubat, III Kylyç Arslan, II Izettin Keýkawus, IV Rükneddin Kylyçarslan, III Gyýasettin Kaýhüsrew we Gyýasettin Mesut dagylar bardy. 1243-nji ýyldan soňky ýagny II Gyýasettin Keýhüsrewden soňky soltanlar Mongol Ilhanly döwletine bagly wassal hökümdarlardy. Anadolyny Mongollaryň basyp almagyndan soň sebitde açlyk we horluk ýyllary bolsada, ahylyk we ýaranlyk taýdan gülläp ösen döwür bolupdyr. Hem adamlar hem-de beýleki akyldarlar biri-birine goldaw berip ýaşapdyrlar. Şol akyldar we danalaryň arasynda Möwlana, Ýunus Emre, Sary Saltyk, Hajy Bektaşy, Şyh Ebebaly, Ahi Ewran, Şeýýad Hamza we Nasreddin Hoja Ependi ýaly adamlar bardy.

Eskişherir welaýatynyň çäginde ýerleşýän Hortu obasyna gelen ýa-da ýaşan alymlar we akyldarlar şol wagtlar az bolmandyr, emma Ependiniň obadaky ýeri aýry bolupdyr. Ependiniň obasy diýip bilinýän Hortu obasynyň ilaty 1530-njy ýyldaky Osmanly bugalteriýa depderi arhiwine görä 200-e golaý bolupdyr.

1480-nji ýylda ýazylan Saltykname eserinde Ependiniň Akşehirdr ýaşap, Siwrihisary zyýarat edendigi aýdylýar. Bu ýerde Sary Saltykyň Ependiniň öýüne gelmegi we olaryň arasynda söhbet örän bellärliklidir. Nsredddin Hoja Ependi Sary saltyk bilen bilelikde sopulyk ýoluny saýlan yşk ýolunyň ýolagçysy bolan danadyr. Ependi hem myhman mugallym hökmünde Sary Saltyk ýaly syýahat etmegi gowy görüpdir.

Onuň goýup giden baý mirasy diňe bir türki halklaryň medeniýetine öz goşandyny goşmak bilen çäklenmän beýleki halklaryň medeniýetine hem öz baý mirasyny goýupdyr. Ependi Türki halklaryň edbiýatynda we halk medeniýetinde Ependiniň degişmeleri diýilýän ugryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Ependiniň şahsyýeti Hytaýdan Germaniýa, Sibirden Afrika, Ýakutiýadan Arabystana, Hindistandan Andulusiýa çenli aralykdaky ähli döwletlerde giňden bilinýän şahsyýet bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar