Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

Siriýada 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän içerki uruş, elbetde diňe bir Siriýanyň meselesi däl.

416470
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

Siriýada 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän içerki uruş, elbetde diňe bir Siriýanyň meselesi däl. Siriýada Başar Asadyň we Baas dolanşygynyň iş başyndan gitmegini isleýän güýçler bilen durgunlygyň dowam etmegini isleýän güýçler aslyna seredilende elmydama bütin Ýakyn Gündogaryň geljegi bilen bagly meýilnamalar taýarladylar. Siriýadaky urşuň gutarmaýanlygynyň we çuňlaşyp, ýaýbaňlanmagynyň bir sebäbi hem şundan ybaratdyr. Çünki Siriýa meselesi aslyna seredilende dar manyda Ýakyn Gündogar meselesi hem bolsa, umuman alnanda global meselä öwrüldi. Başga bir söz bilen aýdylanda Siriýadaky içerki uruş dünýä güýçleriniň arasyndaky güýç we pozisiýa eýeleme göreşiniň wekilçilikli dowam etdirilmegi.
Bu garaýyşyň iň anyk delilini 6-njy noýabrda Wenada geçirilen parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşan ýurtlaryň sanawy görkezýär. Eger Siriýa urşy diňe bir Siriýa meselesi bolan bolsady, şu ýurtlaryň ählisiniň bir stoluň başynda jemlenşmegi gerek bolmazdy: ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, İtaliýa, Türkiýe, Saud Arabystany, Müsür, Katar, İordaniýa, Liwan, Eýran, Yrak, Oman, Birleşen Arap Emirlikleri.
Degişli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen 2 gün dowam eden Wena maslahatynyň birinji raundyndan netije alynmanlygy we 15 gün soň ýaňadandan geçirilmegi hem meseläniň nähili çylşyrymly we giň gerimlidigini görkezýär. Bularyň ählisi urşuň bes edilmeginiň we parahatçylyk ylalaşygynyň diňe bir Siriýanyň däl, eýsem Ýakyn Gündogaryň geljegine-de berk täsir ýetirjekdigini görkezýär.
Wena maslahatynda söz açmak Ýakyn Gündogaryň ykbalyny kesgitleýän geçen asyrdaky iki uly maslahaty ýada salýar. İlkinjisi 1-nji jahan urşundan soň geçirilen 1919-1920-nji ýyldaky Parij maslahaty we ylalaşygy, beýlekisi bolsa 1990-1991-nji ýyldaky Yrak-Kuweýt urşundan soň 1991-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Madrid maslahaty. Parij maslahaty Osman döwletinin dargadylmagy we onuň ýerine täze döwletleriň gurulmagyny ýola goýup, Ýakyn Gündogaryň täze kartasyny çyzypdy. Madrid maslahaty bolsa Palestina meselesiniň çözülmegi we Arap-Ysraýyl parahatçylyk etabynyň ýola goýulmagy maksadyna laýyklykda täze başlangyçlaryň edilmegine karar beripdi.
Yza ser salynan halatynda ne Parij maslahaty ýüz ýyllyk Ýakyn Gündogar taryhynda oňyn netije döretdi, ne-de Madrit maslahatynda edilen başlangyçlar Palestina meselesine düýpli çözgüt tapyp bildi. Şol iki maslahatda kabul edilen kararlaryň meýilleşdirilen netijeleri bermänligi, başga netijeler bilen birlikde Siriýada dowam edýän içerki urşuň sebäplerinden hem biridir. Eýsem Parij maslahatynyň sebitde emeli serhetleri we dolanşyk ulgamlaryny ýüze çykarmagy, Madrit maslahatynyň bolsa Siriýany parahatçylyk tapgyryna degişli edip bilmezligi Siriýa urşunyň sebäplerinden biridir. Parij maslahaty Siriýada azlykdaky Nusaýri we Baas dolanşygynyň häkimiýet başynda galmagynyň özenini emele getirdi. Madrit maslahaty bolsa Ysraýylyň basybalyşlary we hüjümleri sebäpli Palestina meselesiniň çözülmeginiň öňüni aldy.
Bu iki faktor, ýagny Siriýanyň totolitar ulgamy we Palestina meselesi Siriýa täzeden gurulýarka hökmany suratda göz öňünde tutulmaly. Wenada jemlenşen global güýçler bilen sebitleýin aktýorlaryň ilkinji işi elbetde Siriýada içerki urşuň bes edilmegi we parahatçylygyň ýola goýulmagy. Şol maksada laýyklykda: ýaraglaryň dymmagy, oppozisiýanyň we hökümetiň ýaragly göreşi bes etmegi, DAEŞ ýaly terrorçy guramalaryň ýurtdan çykarylmagy we täze bir Siriýa döwleti hem-de hökümeti gurulmaly. Täze Siriýada Asadyň orun eýeläp eýelemejekdigi esasy mesele ýaly görünýän hem bolsa, aslyna seredilende mesele global we sebitleýin güýçleriň nähili Siriýa we Ýakyn Gündogar isleýändikleri baradaky düşnüşmezligidir.
Şol düşnüşmezligiň bir tarapynda ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystany, Katar ýaly ýurtlardan emele gelýän günbatar we demokratiýa blogy, beýleki tarapynda Russiýa, Hytaý, Eýran we Yrak ýaly ýurtlardan emele gelýän gündogar we awtoritar blok durýar. Şol bloklaşmanyň arasyndaky kiçijik madda bolsa esasanda Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky messep çaknyşygy we ylalaşmazlygy. Elbetde şol iki blogyň arasynda bäsdeşligiň geosyýasat, geo-strategiýa, energetika, ykdysadyýet, ýarag bazary, abraý ýaly başga fraktorlary hem bar. Hat-da gatnaşýanlaryň hatarynda bolmandyklaryna garamazdan Siriýada we Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň Ysraýyl-Palestina meselesi çözülmän ýola goýulmagy mümkin däl. 1948-nji we 1956-njy ýyldan bäri Ysraýyl-Palestina meselesiniň hem-de diplomatiýasynyň duaýeni Henri Kissenjeriň uzak ýyllar nygtap geçişi ýaly “Ýakyn Gündogarda Müsürsiz söweş, Siriýasyz parahatçylyk bolmaz.”
Jemläp aýdanymyzda taryhy we aktual dinamikalar taýdan seredilende Wena konferensiýasynyň diňe bir Siriýanyň däl, bütin Ýakyn Gündogaryň geljegini kesgitleme potensialynyň bardygy görülýär. Taryhy nukdaý nazardan seredilende Parij we Madrid maslahatlary ýaly möhüm ähtmiýete eýe bolan Wena duşuşyklarynyň şol taryhy tejribäni göz öňünde tutmagy hökmany. Netijeli we uzak möhletli parahatçylyk üçin etniki ýa-da messep balansynyň ünsli düzülmegi möhüm. 20-nji asyryň başynda goýberilen ýalňyşlyklar 21-nji asyrda gaýtalanmaly däl.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar