Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

20-nji iýulda bolup geçen 32 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Suruçdaky terrorçylykly hüjüm, hazirki wagtda bolup geçýän ençeme wakalaryň başyny başlady

314943
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

Ilki bilen bu waka bilen deň hatarda PKK guramasy terrorçylykly hüjümleri gurady. Terror guramsy PKK Adyýaman, Jeýlanpynar, Diýarbakyr ýaly şäherlerde ençeme türk esgerlerini we polisiýa işgärlerini öldürdi, ýönekeý raýatlaryň bolsa ýoluny böwetläp, ulaglaryny ýakdy. Şeýlelik bilen çigişip giden terror ýumagy bir pursatda tutuş Türkiyeniň syýasy we sosiýal ýagdaýyny üýtgetdi. Sosial taýdan seredilende ýurt raýatlarynyň ýüreklerini howsala gurşap aldy. Syýasy tarapdan seredilende bolsa Adalat we ösüş partiýasy uly harby ädim amala aşyrdy. Türk harby uçarlary Siriýada DAEŞ-iň, Irakda bolsa PKK-nyň ýerleşiş merkezlerine hüjüm guramaga başlady. Her gün diýen ýaly amala aşyrylan bu operasiýalaryň netijelerinde DAEŞ we PKK terrorçylarynyň sany esli mukdarda azaldylandygy habar berildi. Şeýlelik bilen Türkiýe 3-4 ýyllyk möhletli arakesmeden soňra terrorçylyga garşy harby we howpsuzlyk syýasytyny täzeden durmuşa geçirmage başlady.
Bu wakalaryň dowamynda ýüze çykan wajyp ýagdaý NATO agzalarynyň Türkiýa edilen bu hüjümleri aýyplandyklary we türkleriň howa operasiýalaryny goldanlyklary boldy. Bu gatnaşygy Nato-nyň hemme agzalary, esasan hem ABŞ görkezdi. Bunuň netijesinde Türkiýe NATO ylalaşygynyň 4-nji maddasynyň esasynda NATO geňeşiniň nobatdan daşary maslahata çagyryp, oňayly jogap aldy. Mundan başga-da Türkiýe harby opersiýalaryny BMG-na hem bildirip durmuşa geçirilýän hereketlere hukuk taýdan goldaw gazandyrdy.
Indi bolsa Marmara Uniwersitediniň Syýasat we Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylym-bilim beriş agzasy Prof. Dr. Ramazan Gözeniň bu mesele bilen baglanşykly pikirini size hödürleýäris...
Bu wakalar döremegi adaty ýagdaý dal. Türkiýeniň içeri we daşary syýasaty üçin, Orta Gündogar üçin, bütün dünýä üçin örän uly mesele. Has aýdyň sözler bilen aýdylmaly bolanda, Suruç hüjümi ýiti taryhy özgerilişige sebäp boldy. Bu özgerilişikleriň üçüsini has wajyplaryň hatarynda goýmak bolar. Bu özgerilişikligiň birinji tarapy Türkiýe terrorçylyga garşy göreşde güýçli ösüşi durmuşa geçirdi. Türkiýe PKK bilen bolan göreşde 4 ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji gezek howadan hüjümlerini başlatdy, ägirt uly ädim edip howa operasiýalaryny DAEŞ-e garşy hem ulandy. DAEŞ-e garşy howa operasiýalaryndan başga ýüzlerçe DAEŞ guramasynyň agzalary tussag edildi. Türkiýäniň bir wagtyň özünde iki nyşana garşy göreşýändigi maksatlary çenden aşa uly tutmak ýaly görünýän hem bolsa, bu aslynda täze bir strategiýa bolandygy gürrüňsiz.
Şunuň bilen baglylykda özgerilişikligiň ikinji tarapy terrorizm bilen göreşde täze strategiýalaryň ulanylmagydyr. Türkiýeniň özüniň 30 ýyl bäri göreşip gelýän PKK-ny ahyr soňy doly derejede ýok edip, bundan beýläk güýjini DAEŞ-e garşy göreş üçin jemleýändigi aýdyň. Bu strategiýa NATO agzalary tarapyndan hem goldanýar. NATO agzalarynyň pikirinr görä: Türkiýeniň has wajyp meselesi bolan DAEŞ bilen göreşip bilmegi üçin PKK meselesini doly çözüp gutarmaly. Şeýle etmek bilen Türkiýe NATO agzalary bilen bilelikde güýçleri DAEŞ-e garşy göreşmege jemläp biler. Bu ýagdaýyň üsti bilen Türkiýeniň NATO-daky we sebitdäki ornunyň has ýokary göterilmegine sebäp bolup biler.
Bu ýerden özgerilişikligiň üçinji tarapy ýüze çykýar. Öňümizdaki günlerde Türkiýeniň Çözgüt etabyny nahili aşjakdygy, DAEŞ-e garşy göreşini nahili alyp çykjakdygy görner. Ýurduň demokratiýasy we howpsuzlygy üçin wajyp bolan bu Çözgüt etabynyň has täze göwrümde dowam etdiriljegini takmyn etmek mümkin. Emma Türkiýeniň DAEŞ radikalizmine we terrorçylygyna garşy göreşde haýsy usullary ulanyp hereket etjegi näbelli bolup, onuň netijesini diňe wagt görkezjekdigi anyk.
Emma terror guramalarynyň ikisi bilen hem göreşiň diňe geçirilýän harby operasylardan bolmajakdygy ýa-da bolmaly däldigi äşgärdir. Sebäbi islendik terror guramanyň diňe harby operasiýalar bilen dolulygyna ýok edilmegi mümkin däldir. Terrorçylyk bir batgalykdan ýüze çykan zyýanly mör-möjekler we siňekler ýalydyr. Terrorçylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolan meseleler ýok edilmese, diňe terrorçylary ýok etmek doly çözgüt däldir. Şol sebäpli Türkiýe NATO agza ýurtaryň, Ýakyn Gündogaryň we hatda bütin dünýäniň DAEŞ-e garşy netijeli göreşip bilmegi üçin giň gerimli usullar we syýasatlar alyp barmagy zerurdyr. Şoňa baglylykda iň gowy başlangyç esasan hem DAEŞ terrorçylygynyň iýmitlenýän ideologiýasynyň ýok edilmegidir. Ony etmegiň iň täsirli ýoly bolsa DAEŞ-iň ulanýan ýalan ritorikalarynyň, propogandalarynyň we ynançlarynyň ýok edilmegidir.
Şol çäkde ilkinji edilmeli zatlaryň biri DAEŞ-iň terrorçylykly maksatlaryna ýetmek üçin ýalňyş ýagdaýda ulanýan Yslam dinine degişli düşünjeleriň we pikirleriň dogrysyny ýüze çykarmaly. Şonuň üçin hem Yslamyň hakyky manysyny beýan etmeli we durmuşa geçirmeli we ähli adamlara DAEŞ-iň Yslamy wekilçilik etmeýändigini görkezmeli. Bu meselede Türkiýänň roly we ähmiýeti uly bolup biler. Çünki Türkiýäniň Yslam düşünjesi, Yslam we Günbatar ýurtlaryň arasyndaky araçy roly, taryhy we geo-medeni ýerleşişi şol rol üçin peýdaly bolup biler. Elbetde DAEŞ-e we beýleki terror guramalaryna garşy göreşde çykdajylar ummansyz bolup biler. Öňünden çak edip bolýan we öňünden çak edip bolmaýan çykdajylary gowy hasap etmek iňňän möhümdir. Emma iň möhümi şol çykdajylaryň bilelikde çykarylmagy we ähli hyzmatdaşlaryň çözgüde goşant goşmagydyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar