Ýatlamalar we Atatürk 21

“Tagallalaryń üstünlikli bolmagy üçin çetin şertlere döş germek gerekdir”

86382
Ýatlamalar we Atatürk 21

“Tagallalaryń üstünlikli bolmagy üçin çetin şertlere döş germek gerekdir” diýen M.K.Atatürk, boz ýeriń ortasyndaky şáherçáni döwrebap, gök öwüsýán paýtagta öwürmeklik hyýalyny durmuşa geçirmekde kararlydy. Esasy aýratynlyklaryndan biri hem tebigaty söýüjiligidi.
Áhli kynçylyklara garamazadan paýtagt Ankaranyń abadanlaşdyrylmagy, kábir esasy binalaryń gurulmagy hökmanydy. Olaryń biri hökmüde uly muzeýiń gurulmagyna karar berildi. Binagár Arif Hikmet Koýunoglynyń taslamasy kabul edildi we ýaş binagár höwes bilen işe girişdi. Gije-gündiz irginsiz işledi. Atatürkiń Gubyr Ýadygárligi tamamlanýança birnáçe ýyllap baky ukysynda ýatjak ýeri bolan Etnografiýa muzeýiniń gurluşygy mahalynda binagár Arif Hikmet Koýunogly, Atatürk bilen baglanşykly unudulmajak ýatlamalara eýe boldy. İne şolardan biri…

 “Diýseń sowuk, garly, gyş günlerinden biridi. Muzeýiń jaýynyń üçegini tamamlapdyk. Kábir ápişgeleriń aýnalary dakylypdy. Kábirleri bolsa wagtlaýynça tagta bilen ýapylypdy. İçerde mermerçi we daş ussalary, agaç ussalary işleýárdi. Men hem gümmeziń aşagyndaky uly zalyń ortasyna goýan iş stolymyń üstünde mermerçilere etjek işleriniń sink galyplaryny kesýárdim. Syrap ýagýan gardan ýańa ýörelip bilinmejek howada, işçilerden biri ylgap geldi we tolgunmak bilen “Serkerde gelýár” diýdi.
Haýran galyşypdyk.
Bu howada haýsy serkerde gelip bilerdi? Uly gapynyń ýerine pena bolsyn diýip goýan tagta gapymyz açyldy we Atatürk içeri girdi. İlkinji sözi “Hikmet bu howada gurlyşyk bolarmy” boldy. Gurlyşyk şertnamasyna görá binany 10 aýda gutarmagymyń gerekdigini, gapylary we ápişgeleri ýapyp içerde işleýándigimizi gürrüń berdim.
Şol wagt gurluşyk kátibim Bahri beg, çotga bilen Atatürkiń üssündáki garlary arassalaýardy. Soń bir gazly ojak getirip Atatürkiń öńünde goýdy. Serkerde gazly ojaga seredip:

“Bahri” diýdi. “Seniń gazly ojagyń bu ýerde náme işe ýarar. Çar tarapdan sowuk, ýel urýar.
Bahri beg,
“Serkerdám gaty üşápsińiz, burnyńyz çym gyzyl, iń bolmanda burnyńyz gyzar” diýdi, gülüşdik.
Atatürk, getiren tagta sekimize oturypdy. Daş ussasy Hüseýin Awni kofe bişirip getirdi. Atatürk kofesini içýárká daşardaky gar ýuwaşapdy. İslegine laýyklykda öń tarapdaky wagtlaýyn gapyny açdyk. Ankara düzligi ak garyń aşagynda ümmülmez, ajaýyp peýžaz emele getirýárdi. Atatürk, peýzažyń aklygyny synlaýarka şeýle diýdi:
“Şu batgalyga agaç ekip, siýilgáhe öwürsek, düzligi hem pikir edişim ýaly miweli baglar bilen gurşasak, bu gözel peýzaža şu gümmeziń aşagyndan syn etmek diýseń ýakymy bolar. Tomusyna bu taýy salkyn bolar. İşimi gutarandan soń şu ajaýyp peýzaža syn edip, gümmeziń aşagynda ýatyp dynç almak isleýárin.”
M.Kemalyń bu sözlerini taryha geçiren Arif Hikmet Koýunogly, ýatlamasyny gürrüń berýárká, bu ýerde dymýar we uzaklara seredip oýa batýar: “Náhili geń tötánlik” diýýár, “Aradan çykandan, uzak wagtlap bu gümmeziń aşagynda baky ukysynda ýatdy.”

Tebigat aşygy bolan Atatürk, 1925-nji ýylda öz aýlygyndan bu günki Atatürk Orman Çiftligini ýagny tokaý hojalygynyń ýerini satyn aldy. Ol, ýere garşy ýeńiş gazanyp biljekdigini subut edip, fermer hojalygyny bu ýerde açdy.
1925-nji ýylyń maý aýynyń 5-de şor ýerde birnáçe çadyr bilen başlan işiń depgini gysga wagtda güýçlendi. Atatürk üçin diýseń hereketli günler başlapdy. Bir tarapdan Çankaýada döwleti dolandyryp, táze ynkylaplary taýarlaýarka, bir tarapdan fermer hojalygynyń işleri bilen ýakyndan gyzyklanýardy.
Anakrada agaç ösmez diýenler, birnáçe ýyl soń şol wagty ady bilen Gazi Orman Çiftliginde boý alan agaçlaryń kölegesinde salkynlap, howuzynda ýüzýárdi. Fermer hojalykda ekerançylyga esaslanýan senagat hem ösdürilip, dürli fabrikler guruldy. Şeýlelikde bu ýerde öndürilýán önümlerden girdeýji alynmaga başlandy. Fermer hojalygy indi Ankaralylar üçin dynç alyş ýerine öwrülip, Atatürkiń ýolbaşçylygynda ekilen agaçlar kölegesinde adamlar oturjak çáge ýetipdi.
Atatürk hojalykdan girýán girdeýjileri alman, olary hojalygyń ösdürilmegi üçin sarp edýárdi. Gazi Orman Çiftligi, labaratoriýa, dynç alyş ýerine öwrülipdi.
Fermer hojalygyna gelen çagalaryń haýwanlara bolan söýgisini gören Atatürk, haýwanat bagyny hem açdy. Wagtyń geçmegi bilen kámilleşen haýwanat bagy, bu günki günde iń saýlama haýwanat baglaryndan biridir.
Atatürk wagtal wagtal fermer hojalygyna gelip, bu ýerde bolar eken. Bu ýere gelenler hem Gazi Orman Çiftliginiń gök öwüsýán seýilgáhinde gowy wagt geçirýárdi.
Ýazyjy Falih Ryfky Ataý, “Atatürk fermer hojalygynyń tokaýa öwrülmegi üçin göniden göni tagalla etdi. Her bir agaja eli degendir” diýýán bolsa, Atatürkiń gyzlygy Afet İnan hem “Tokaý Hojalygynyń her bir agajynda Atatürkiń nazary, záhmeti, alyn deri bardyr” diýipdir.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar