Ýatlamalar we Atatürk 18

Atatürk özüni içgin alyp barýanlara hoşniýetli seredýán aýratynlyga eýedi

65106
Ýatlamalar we Atatürk 18

M.K.Atatürk özüni içgin alyp barýanlara hoşniýetli seredýán aýratynlyga eýedi. Bu aýratynlygy esgerlikden aýrylan, milletini guramalaşdyrmaklyk üçin tagalla eden şol agyr günlerinde, başdan geçirilen bir waka we bu wakadan sońky tutumy bilen özüni açyk aýdyń görkezýándir.

Entek halk wekilleriniń ýygnagy guralmandy. M.Kemal esgerlik wezipesinden aýrylandan soń hiç hili awtoritary galmaýardy. Bu sebápli özüne halkyń arasynda tásir güýjini berýán patyşanyń kömekçisiká berilen egin-eşigini mümkin gadar köp geýmegi peýdaly boljakdy. Esgerlik wezipesinden aýrylmagyna az wagt galypdy. İslese-de islemese-de arzasyny ýazdy. Kowulýandygy baradaky habar hem şondan soń geldi.

M.Kemal, Rauf Orbaý bilen otyrka, Derńew İşleriniń baştutany Kazym beg ýanlaryna geldi, esgerler ýaly salam berdi. Kazym Beg, áhli habarlaşyklarda kátiplik edýárdi.

“İndi wezipámi dowam etdirmek üçin mümkinçilik ýok, rugsat berseńiz Kazym Karabekir serkerdeden wezipe sorajak. Delolary kime tabşyrmagymy buýurýańyz” diýdi.

M.Kemal bilen Rauf Orbaý urlan ýaly boldylar. M. Kemal dolan gözleri bilen Kazym bege seredip;

“Şeýlemi? Bolýa delolary Hüsrew Bege beriń” diýdi.

Kazym beg batly ádimleri bilen çykyp gitdi. M.Kemal Orbaýa öwrülip;

“Gördüńmi” diýdi, “çin bilen egin-eşigiń áhmiýeti ýok ekenimi?”

Kazym beg M.Kemal bilen Rumeliýadan bári tanyşdy. Atatürk soń ony bagyşlady we Jemhuriýet döwründe ońa İzmiriń gubernatorlygy we Frakiýanyń umumy derńewçiligi ýaly wezipeler berdi. Kazym beg ölýánçá M.Kemala wepaly boljakdygyna kasam edenlerden boldy. Familiýa kanunyndan soń hem Dirik familiýasyny aldy.

Atatürk, biri birine garşy görünýán idealist we realist özboluşlylyklara eýedi. Ol milli jáhtden dolylygyna idealist bolsa doly manyda hakykatçyldy. Duýgylary näderejede güýçli bolsa, şol duýgylaryń ýüze çykyşyny, wagtynda we geregiçe görkezmek, ýangy akylyń hákimiýeti bilen duýgylaryna eýe çykmaklyk, ońa mahsus aýratynlykdy. Üýtgewsiz ygtyýary, öz duýgylaryna ońyn düşünjeleri hökmürowan we ýolbelet etmegini ýola goýdy. Ne parlak sözlerden buýsanyp ýańlyş tagallalar etdi, ne-de howply ýagdaýlarda alada düşip ygtyýardyr batyrgaýlygyny ýitirdi.

Milleti üçin bütin ömrüni bagşeden ideýasynyń durmuşa geçirilmegi babatda M.Kemalyń iş metody dolylygyna hakykatçyl gözbaşa esaslanýardy.

Atatürk, Azat Edişlik göreşini Türk milletiniń barlyk ýa-da ýoklyk gowgasy hökmünde orta goýandyr. Atatürkiń milli hákimiýete esaslanýan şertsiz belliksiz táze Türk döwletini döretmeklik karary realist garaýyşyń netijesidi. Atatürk, wakalary we adamlary bolşy ýaly görme güýjine eýedi. İşiniń hiç birini tötánlige goýmazdy.

Partiýasynyń mejlis toparynyń ýygnaklaryna baştutanlyk edýán döwründe, kürsá çykyp, söz sözlárdi. Şol döwürde teklipler sese goýulmazdan öń ilki başlyk tarapyndan beýannama berilmegi dápdi. M.Kemalyń beýanamalary şeýle açyk bolardy welin, teklibiń kabul edilmegini isláp islemeýándigi belli bolardy. Bir gezek şeýle tekliplerden birini hödürledi. Garaşýan netijesi çykmandan soń:

“Haýyş edýán elińizi ýatyryń. Men gowy düşündirip bilmedim öýdýán” diýdi we garşy kararyna garaşýandygyny duýdyryp çykyş etdi.

Atatürk hasabyny gowy bilýán liderdi. Sözüń doly manysynda hakykatçyldy. Ońa hakykatçyllygy mysal görkezilýán çykyşlarynda açyk aýdyń görülýár. “Biz ylhamymyzy asmandan we gaýypdan dál, göniden göni durmuşdan alýarys” diýen sözünde we “Biziń ań, zehin we mentalitet bilen hereket etmek ideýamyz bardyr. Áhli durmyşymyzy gurşap alýan wakalaryń we hakykatyń delilidir” frazasynda hem muny anyk görmek bolýar.

Garaşsyz Türkiýe ideýasyny durmuşa geçiren Atatürk, táze Türkiýáni günbatarly bolmak, döwrebaplaşmak maksady bilen döwrebap swilizasiýa ideýasyna gönükdirendir. Ol, bu maksadyny “Ýurdymyz hökmany suratda döwrebap, medeni, abadan bolar. Biziń üçin bu durmuş gowgasydyr. Áhli pidakárliklerimiziń miwe bermegi şońa baglydyr.” Sözleri bilen beýan edendir.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar