Hizbullah, Ysraýyla Garşy Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady

Metula etrapçasyndaky harby merkeziň nyşana alynandygy nygtaldy.

2140649
Hizbullah, Ysraýyla Garşy Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady

Hizbullah, Liwanyň günortasyndan Ysraýyl serhedinde Metula etrapçasynda ýerleşýän harby merkeze ilkinji gezek ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hizbullah tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň demirgazygynda serhet galasynda ýerleşýän Metula etrapçasyndaky harby merkeziň nyşana alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, etrapçadaky harby ulaglara we esgerlere garşy ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümiň guralandygy ýatladyldy.

Hizbullah ýaragly uçarmansyz howa ualgy bilen guralan hüjüm sebäpli ysraýylly esgerleriň arasynda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny beýan etdi.

Ysraýylyň harby goşuny bolsa waka hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.

 



Degişli Habarlar