Slowakiýanyň premýer ministrine hüjüm guraldy
Howpsuzlyk güýçleriniň ýaragly hüjümçini tussag edendigi aýan edildi
![Slowakiýanyň premýer ministrine hüjüm guraldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6889/0ac7/e6db/6644b990bbbc0.jpg?time=1722047069)
Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fisonyň ýurduň Handlowa şäherçesinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň guralan ýaragly hüjümde ýaralanandygy we hassahanada bejergi astyna alynandygy, hüjümçiniň tussag edilendigi mälim edildi.
Slowakiýanyň habarlar agentligi TARS tarapyndan berilen habarda, ýurduň Trençin sebitinde ýerleşýän Handlowa şäherçesindäki Medeniýet öýünde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň, bina ýaragly hüjüm guralandygy habar berildi.
Ýaragly hüjümde Slowakiýada 3-nji döwür üçin Premeýr ministr wezipesine başlan Robert Fisonyň ýaralanandygy we golaýdaky hassahana ugradylandygy mälim edildi.
Howpsuzlyk güýçleriniň ýaragly hüjümçini tussag edendigi aýan edildi.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722047069)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy